HOŞ GAL TDU!
HOŞ GAL TDU!
Hoş gal, ömrüň iň ajaýyp bahary,
Hoş gal, talyp ýyllar, eziz kursdaşlar.
Ýüreklere ekip dostluk nahaly,
Biz durmuş ýoluna başlaýas başdan.
Biziň başymyzy jemlän bu ojak
Indi bizi ýola salýar geljege,
Ýyllar ýyldyrym deý geçse-de näçe,
Ýatlamaga ýatlama bar ençeme.
Düýn dälmidi
Säher bilen, ylgaşlap,
“Saglyk ýolun” ädim-ädim sökenmiz,
Ýer depip, der döküp, nahalyn taşlap,
Perwomaýda agaç baryn ekenmiz.
Torbalary süýräp paradan-para,
Leksiýalary ýarymuky geçenmiz.
Baýdagy parladyp çäreden-çärä,
Aşgabadyň telim ýerin “açanmyz”.
Sany-sajagy ýok düşündirişleň,
Her haýsynda tapylardy bahana.
Bellige düşdüňmi – on alty nol nol,
Biziň üçin öwrülipdi zakona.
Iň gyzykly, iň jedelli, iň hezil
Leksiýalary kim çykarar ýadyndan?!
Ömür başga somsa iýip bilermi,
Towşan daýzaň somsasyndan dadanlar?!
Güne ýaldyradyp Jimmi eşigni,
Marşirowkaň keýpin görmedik ýokdur.
Bäş ýylyň içinde ýüzüni sallap,
Dekanyň öňünde durmadyk ýokdur.
Her niçigem bolsa, geçip gidipdir,
Ýatlamaga ýatlama bar ençeme.
Bu gün bizi “TDU” atly aeroport
Ugradýar, uçurym edip, geljege.
Hoş gal, ömrüň iň ajaýyp bahary,
Hoş gal, talyp ýyllar, eziz kursdaşlar.
Ýüreklere ekip dostluk nahaly,
Biz durmuş ýoluna başlaýas başdan.
Aşyr HANOW
Hoş gal, ömrüň iň ajaýyp bahary,
Hoş gal, talyp ýyllar, eziz kursdaşlar.
Ýüreklere ekip dostluk nahaly,
Biz durmuş ýoluna başlaýas başdan.
Biziň başymyzy jemlän bu ojak
Indi bizi ýola salýar geljege,
Ýyllar ýyldyrym deý geçse-de näçe,
Ýatlamaga ýatlama bar ençeme.
Düýn dälmidi
Säher bilen, ylgaşlap,
“Saglyk ýolun” ädim-ädim sökenmiz,
Ýer depip, der döküp, nahalyn taşlap,
Perwomaýda agaç baryn ekenmiz.
Torbalary süýräp paradan-para,
Leksiýalary ýarymuky geçenmiz.
Baýdagy parladyp çäreden-çärä,
Aşgabadyň telim ýerin “açanmyz”.
Sany-sajagy ýok düşündirişleň,
Her haýsynda tapylardy bahana.
Bellige düşdüňmi – on alty nol nol,
Biziň üçin öwrülipdi zakona.
Iň gyzykly, iň jedelli, iň hezil
Leksiýalary kim çykarar ýadyndan?!
Ömür başga somsa iýip bilermi,
Towşan daýzaň somsasyndan dadanlar?!
Güne ýaldyradyp Jimmi eşigni,
Marşirowkaň keýpin görmedik ýokdur.
Bäş ýylyň içinde ýüzüni sallap,
Dekanyň öňünde durmadyk ýokdur.
Her niçigem bolsa, geçip gidipdir,
Ýatlamaga ýatlama bar ençeme.
Bu gün bizi “TDU” atly aeroport
Ugradýar, uçurym edip, geljege.
Hoş gal, ömrüň iň ajaýyp bahary,
Hoş gal, talyp ýyllar, eziz kursdaşlar.
Ýüreklere ekip dostluk nahaly,
Biz durmuş ýoluna başlaýas başdan.
Aşyr HANOW
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.