Ahyry ýeňiş gazandyk.
Ol pursatlaryň üstünden onlarça ýylyň geçendigine garamazdan,
henizlerem ony ýatlaýaryn... Bäş ýaşly oglan wagtymdan bäri atam
şeýh Hilal aş-Şazylynyň miras galdyran desse-desse kitaplarynyň
arasynda gezýärdim. Ýaşaýan öýümiziň üçegi dürli kitaplardan,
žurnallardan doludy. Terbiýeçi, edep beriji ussadym garry atam dünýäden ötme zinden öň ummasyz we kämil miras galdyrypdy. Men
ol wagtlar bu kagyz üýşmekleriniň nähili gymmatynyň bardygyny bilemokdym, aňşyramokdym, ýöne näme üçindir men şol kitaplara aşykdym.
Bir gün howlymyzdaky bagyň astynda kitaba güýmenip otyrkam,
garry enemiň sesini eşitdim. Ol «jaýyň üçegindäki kagyz letdelerini
arassalamagy» buýurýardy. Sebäbi şol ýerde towuk saklamak üçin
giňiş ýer gerekdi. Enemiň permany ýakyn günlerde ýerine ýetirilmelidi.
Müňlerçe kitapdyr žurnallaryň çal-gara tüssesi ýokary göterildi.
Men ol wagt on üç ýaşly oglandym we durmuşyň şol ýowuzlygy
heniz lerem göz öňümden gidenok.
Men ol wagtlar sapagyna doly ýetişmeýän okuwçydym, emma
kitap okamaklyga şeýle bir gyzygýardym. Şonuň üçin okuwyma doly
ýetişmegim üçin bu islegimiň garşysyna berk karara geldiler.
Ýene-de perman ýaňlandy.
Meniň ähli kitaplarymy öýüň howlusyndaky bagda jemlediler.
Ähli zat ýekeje otluçöp bilen ýerine ýetirildi... Şeýh Hilalyň howlusyndan
ikinji gezek alaw-tütün ýokary göterildi. Ençeme ýyllaryň geçendigine garamazdan, bu waka göz öňümden gidenok, aňymdan çykanok. Meniň terk etmegimi isleýän zadyma bolan söýgim gün geldigiçe möwjedi. Söýgim artdygyça, özümi pida etmeli ýagdaýlarym hem köpeldi...
Şol waka hut düýn bolan mysaly, her bir ajysy bilen henizem
ýatlap biljek. Men ol işden bu işe geçenimde hem hemişe ýanym
sebet-sebet kitaplydy. Käbir adamlar bu bolşuma keseden bakyp,
ýaňsylap, üstümden gülerdiler: «Filosoflaryň zamany bireýýäm geçip
gitme dim-aý» diýip, kinaýa bilen habar gatardylar.
Bir gezek gatnaşýan dostlarymyzdan biriniň maşgalasy: «Seniň
güýmenjäň, gyzyklanýan zadyň kitap okamak diýip eşitdim, şol dogrumy?» diýip sorady.
Men olara: «Okamak meniň gyzyklanýan zadym däl, okamak – meniň durmuşym, meniň diriligim. Iýmek-içmegi islegiňe görä bölüşdirip, paýlaşdyryp, synplaşdyryp bolar, emma okamak
durmuşym üçin zerurlyk» diýipdim.
Dem almagym, durmuşda ýaşamagym, bakylygym üçin sebäp bolsa, okamak maňa özümi aklamaga, durmuşda mynasyp ýaşaýanlygyma ynamymy artdyrmaga sebäpdir.
Men ulaldym... Ulaldygymça hem okamaklyga bolan yşgym we
höwesim, söýgim hem artdy. Men häzir üçünji onlukda gezip ýörün,
her bir söýýän aşyk kibi bolup, ýatlamalaryma çümýärin... Geçilen
menzillere we ýetilen şu günlere ser salýaryn... Neşir önümçiligi ulgamynda kiçeňräk neşirýat açmak nesibämde bar eken. Ine, bu gün
arap dünýäsine kitap önümçiligi bilen hyzmat edýärin... Täze-täze
pikirleriň döremegi üçin pikir senagatyny, pikir sungatyny ösdürýärin.
Şonda şol çagalyk, oglanlyk we ýaşlyk pursatlarymda başymdan geçen, kitap bilen bagly agyryly günlerimi ýatlaýaryn...
Häzirki uly kitaphanama we çaphanama göz aýlap, uludan demimi
alýaryn. Göwün gulagyma pyşyrdaýaryn: «Hudaýa şükür, ahyry biz
ýeňdik».

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.