ÇEKIŞMÄNIŇ APATLARY WE ONDAN DÖREÝAN ZYÝAN

Eger biler bolsaň, çekişmeden yzarlanylýan maksat – garşydaşyňdan üstün bolmakdan, onuň agzyny ýumdyrmakdan, artykmaçlygyňy, mertebäňi we dilewarlygyňy ýüze çykarmakdan ybaratdyr. Mertebe bilen öwünmek, sözüňi gögertmek, adamlary öz erkiňe boýun etmek ýaly maksat yzarlamak Allanyň halamaýan we Onuň duşmany Iblisiň gowy görýän ähli häsiýetleriniň çeşmesidir. Olar ulumsylyk, ikiýüzlülik, göriplik, bäsdeşlik ýaly içki bozuklyklary döredýär. Mertebeparazlyk, serhoş ediji içgileri içmek, zyna etmek, kemsitmek, adam öldürmek, ogurlyk ýaly häsiýetler daşky bozuklyklaryň döremegine sebäp bolýar. Şeýle bozuk ahlaklary adat edinen kişi çekişmede özünden başgalary garalamak, adamlardan üstün bolmaga çalyşmak ýaly häsiýetlere eýe bolýar. Bularyň hemmesi nebsiň erkine boýun bolmakdan gelip çykýar we ähli ýaramaz ahlaklaryň möwjemegine sebäp bolýar.
Olaryň biri göriplikdir. Pygamber alaýhyssalam: «Göriplik oduň oduny iýşi ýaly sogaplary iýýär» diýdi. Goý, çekişmeçi, göripligiň täsirine düşüp ejizlemesin! Çünki, ol birde üstün bolar, birde asgyn bolar, birde hem başganyň sözüni taryplar.
Adam ylmynyň zorlugy bilen dünýäde adyny ebedileşdirip biler. Özüni başgadan ylmy bilen zor görýän kişi, özgelere göriplik edýär, olardan nazy-nygmatyň gitmegini, adamlaryň onuň daşyndan aýrylmagyny arzuwlaýar. Göriplik kalpda ýakylan otdur. Kim görip bolsa, onda ol bu dünýäde hem, ahyretde hem uly azap görer. Bu sebäpden Ibn Apbas (goý, Taňry ondan razy bolsun!) : «Ylmy nireden tapsaňyz hem alyň! Fakyhlaryň biri-birine aýdan sözlerini ylym hökmünde kabul etmäň. Olar biri-birileri bilen agylda oýnaýan tekeler ýalydyr» diýdi.
Ulumsylyk we özüňi adamlardan ýokary tutmak hem şol ýaramaz ahlaklardandyr. Pygamber alaýhyssalam: «Tekepbiri Alla peselder, pespäl bolany bolsa beýgelder» diýdi. Goý, munazaraçy başgalardan özüni beýik tutmasyn we öz halyndan ýokary bökmesin! Çünki, beýle etse, onda garşydaşlary bu mejlisde bolmasa indiki mejlisde ondan üstün bolmak we ony peseltmek üçin bäsleşerler, ony mertebe ýassygyndan düşürmäge çalşarlar. Sebäbi dar girelgeden ilki güýçli girýändir, ejiz ki-şi yza galýandyr. Özüňde ylym hormatyny saklamaga çalşyp, mertebäňi kemsitmeli däldir. Çünki, Pygamber alaýhyssalam möminiň özüni horluga salmazlygyny tabşyrdy.
Pespällik Taňrynyň dergähinde öwgä mynasyp bolan ahlakdyr. Beýle ahlaga pygamberler nebislerini horluga salmak bilen eýe boldular. Ulumsylyk Taňrynyň dergähinde ýigrenilýän ahlakdyr.
Kine saklamak ýaramaz ahlaklaryň biridir. Çekişmeçi kineden päk bolmalydyr. Pygamber alaýhyssalam: «Mömin kineçi bolmaly däldir» diýdi. Garşydaşy söze başlanda çekişmeçiniň kalbynda köplenç kine duýgusy oýanýar, onuň sözüni üns berip diňlemeýär, özüni onuň bilen jedelleşmäge taýýarlaýar, onuň sözüniň dürsdügine ähmiýet bermeýär, getirýän mysallaryny oňlamaýar. Tersine, garşydaşynyň sözi onuň kalbyna kine duýgusy bolup çümýär. Şol kine bolsa onuň kalbynda uzak wagtlap saklanýar ýa-da ömrüniň ahyryna çenli ýüreginden çykmaýar.
Gybat etmek şol ýaramaz ahlaklaryň biridir. Allatagala gybat etmegi öliniň etini iýmeklige deňedi. Çekişmeçi hem öliniň etini iýmezlige durnukly däldir. Çünki, ol gybatyň ýazgarylýan ahlakdygyna ähmiýet bermeýär. Ol garşydaşynyň garşysyna söz aýdylanda dilini saklap bilmeýär, duşmançylygyny ýüze çykarýar we özüniň lygyny, nadanlygyny we gömükligini aýan edýär.
Özüňi päk saýmak şol ýaramaz ahlaklaryň biridir. Beýik Taňry: «Özüňizi päk saýmaň! Elbetde, Allatagala özünden gorkýanlary bilijidir» (Gurhanyň 53-nji «Nejm» süresiniň 32-nji aýaty) diýdi. Hekimden: «Dogry sözüň iň erbedi haýsydyr?» diýip soraldy. Ol muňa: «Ynsanyň öz-özüni taryplamagydyr» diýdi. Çekişmeçi öz-özüni üstün görkezmek, mertebesini ýoldaşlaryndan öňe sürmek bilen özüni taryplamakdan halas däldir. Ol çekişme wagtynda: «Men bu zatlardan habarsyz adam däl», «Meniň köp ylymlardan başym çykýar», «Men fykh ylmynyň usulyýetine ökde, men hadyslary ýatdan bilýärin» diýen ýaly sözler bilen özüni özi öwýär we özüni öňe sürýär. Öwünmek we özüňi öňe sürmek şerigatda ýazgarylýan iki sany ahlakdyr.
Garşydaşyňy aýp ýöňkemek üçin yzarlamak hem şol ýaramaz ahlaklardandyr. Beýik Taňry: «Adamlary aýp ýöňkemek üçin yzarlamaň» (Gurhanyň 49-njy «Hujarat» süresiniň 12-nji aýaty) diýdi. Ol garşydaşynyň ýanyna onuň içki syrlaryny bilmek üçin ýörite adam iberýär, onuň ýykgyn edýän zatlaryny, hatda bedeniň aýplaryna çenli bilmegi tabşyrýar.
Eger garşydaşy mejlisde bir säwlik goýberse, beýleki aýplaryny hem onuň ýüzüne basýar. Eger ol üstün çykaýsa, garşydaşynyň kemçiliklerini aýtmak bilen ýazgarýar. Munuň bilen hem oňman, ony hasaplap üstünden gülýär. Pygamber alaýhyssalam: «Kim özüne gowy görýän zadyny musulman doganyna hem rowa görmese, ol musulman däldir» diýdi. Diýmek, beýle ahlak musulmanyň ahlagyndan daşdyr. Kim öz mertebesini görkezjek bolup öwünse, ol musulman doganyny kemsidýändir, öz mertebesini peseldýändir. Özara ýigrenjiň döremegine sebäp bolýandyr. Eger bu çekişmeçiniň reňki üýtgese, gar-şydaşy baradaky pikiri hem üýtgeýändir. Ol näletsiňen şeýtany şaýat tutunýar. Hany alymlaryň arasynda adat bolan hoşniýetlilik? Hany olaryň arasyndaky şat gündäki, kyn gündäki dostluk, doganlyk, arkadaşlyk? Şapygy (goý, Taňry oňa rehimdarlyk etsin!) şeýle diýdi: «Ylym – mertebe hem akyl eýeleriniň arasyndaky ýakynlygyň we dostlugyň özenidir. Men aralarynda ylmy duşmançylyga öwren we hoşniýetli gatnaşykdan artyk mertebeli bolmak maksadyny yzarlaýan adamlara düşünmeýärin? Eý, dogan! Saňa mynapyklaryň ahlaklaryndan päklenmegiň we möminleriň, takwalaryň ahlagyna eýermegiň gerek.
Ikiýüzli bolmak şol ýaramaz ahlaklaryň biridir. Bu ahlagyň ýazgarylmagynyň Gurhandan, hadyslardan gelip çykýan delillerini bu ýerde aýdyp oturmagyň hajaty ýok. Her topar, her akym öz taglymatyny öňe sürýär we beýleki bir toparyň taglymaty bilen ylalaşyp bilmeýär. Olar biri-biriniň sözlerini ýalan hasaplaýarlar. Olaryň dillerinde hem, kalplarynda hem biri-birine ýigrenç bar. Pygamber alaýhyssalam: «Adamlar ylym öwrenip, amal etmegi taşlasalar, dillerinde biri-birini gowy görüp, kalplarynda biri-birini ýigrenseler, garyndaşlyk gatnaşyklaryny kesseler, Allatagala olary näletlär, olary ker hem kör, ýagny nadan eder» diýdi.
Özüňi beýik saýmak hem şol ýaramaz ahlaklaryň biridir.
Çekişmeçi üçin halanmaýan ahlagyň biri duşmançylygyny diline almagydyr. Ol nähili ýagdaý hem bolsa, garşydaşyny ýazgarmaga we onuň sözlerini inkär etmäge bar güýji bilen ýapyş-ýar we ähli mümkinçiligini ulanyp ony aldawa, hilä salmaga synanyşýar, mekirlige ýüz urýar. Gapma-garşy pikirler bilen degişen bolýar, Gurhandan, şerigatdan deliller getiren bolýar. Pygamber alaýhyssalam beýle adamdan häzir bolmagy we batyl pikiri goýup, hakyky pikiri saýlap almagy tabşyrdy. Pygamber alaýhyssalam: «Özüniň ýalňyşdygyny bilip, jedeli terk eden kişä Allatagala jennetiň bossanlyklarynyň içinden bir öý bina eder» diýdi. Hakykaty toslaýjy adam we Taňrynyň ady bilen toslama gürrüň tapýan adam hakda Allatagala: «Allatagala ýalan sözi ýöňkeýän we onuň bilen birlikde hakykata ýalan sözi ýöňkeýän adamdan zalym adam ýokdur» diýdi. Bu ahlakdan özüňi gowy görkezmäge çalşyp hereket etmek, adamlaryň sözüni bölüp, bellik etmek, adamlary, halklary özüňe meýil etdirmäge çalyşmak ýaly häsiýetler döreýär.
Ryýa - beýikleriň beýigi bolmaga çagyrýan bejergisi bolmadyk dertdir. Beýle ahlakly kişi adamlara diňe özüni görkezmek we olaryň özüni taryplamaklaryny isleýär. Ine, şu on sany ahlak içki bozuklygyň enesidir. Olardan saklanmaýan adamlardan dawa-jenjel etmek, uruşmak, eşik ýyrtmak, sakgaldan tutmak, ýumruklaşmak, ata-enä ýetmek, ussada sögmek, gödek sözler aýtmak ýaly asylly bolmadyk häsiýetler ýüze çykýar. Beýle gylyklar asylly adamlarda bolmaýar. Parasatly adamlar bu on gylykdan päkdirler.

Muhammet Gazaly - "Ylym barada kitap"
1 лайков 188 просмотров
14комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
OrazMuhammet Aşyrow
06 июн 2022, 10:05
Çekeleşme öz dünýä garaýşyna eýe bolan pähimli ynsanlaryň arasynda bolýan bolsa ýagşy. Häzir biriniň pikrine öz pikrimmikä diýip ýörenlerem köpeldi.
Öwreniji
06 июн 2022, 10:08
Teswir ýazmaklygy ýapsaň has gowy bolar çekişme bolmazlygyň öňüni almak bolar
Ahally
Автор 06 июн 2022, 10:20
mrokas,
Hazirki wagt bolyada...

-diyip goyaymasan aydara soz yoklay.
Ahally
Автор 06 июн 2022, 10:21
Remezan,
Her kishinin pikirini bilmek uchin teswirler gowy
Öwreniji
06 июн 2022, 10:29
Ahally_24,
Jedel etýän adam hemişe utulýar, eger üstün çyksa, garşydaşynyň garaýşy üýtgeýär we duşmançylygyň başlangyjy dörrýär, eger utulsaň onda sen garşydaşyňy ýeňmek üçin kitüw galýar, şonuň üçin bilmeýän zadyň üçin jedel etmeli däl, bilýän zadyňy tassyklap, garşydaşyňy ýeňjek bolmaly däl(öňüsoňy özüňkidogrydygyny bilýäň)
Hiayress
06 июн 2022, 10:29
"Eger biler bolsaň, çekişmeden yzarlanylýan maksat – garşydaşyňdan üstün bolmakdan, onuň agzyny ýumdyrmakdan, artykmaçlygyňy, mertebäňi we dilewarlygyňy ýüze çykarmakdan ybaratdyr."

Şujagazza jümledenem XI asyr bilen XXI ýer bilen gök ýaly ara tapawudyň barlygyny görse bolýar. Çekişme dälde, pikir alyşma, garşydaşyňdan üstün çykma, artykmaçlygyňy ýada mertebäňi mahabatlandyrma dälde, informasiýa alyp-berişme, dürli-dürli pikirlenme (Mysal üçin: patyşa bilen garybyň pikirem bir meňzeş bolmaz, aladasam), garaýyşlar we olardan alyp boljak sapak hem-de netije. Pikir alyşma (çekeleşme) hiç wagtam adamzadyň ösüşine zeper ýetiren däldir.
Hiayress
06 июн 2022, 10:32
Şu sözlemden yzyny okabam oturjak däl. Okar ýaly hem däl eken. Içki kitüwine umumy adamzadyň häsiýetine öwürmäne çalşypdyr.
Maksat
06 июн 2022, 10:50
"Özüni başgadan ylmy bilen zor görýän kişi, özgelere göriplik edýär, olardan nazy-nygmatyň gitmegini, adamlaryň onuň daşyndan aýrylmagyny arzuwlaýar."

Esma Merwan, öz döredijiligi bilen Yslamy tankytlap goşgy ýazýar. Pygamber bolsa ony ýok etdirýär? Ol akylly-başly bolan ýagdaýynda, ony akyly, ylmy bilen ýeňip bilmedimikä?!

Beýle ahlaga pygamberler nebislerini horluga salmak bilen eýe boldular."

Pygamberiň, iň azyndan 15 sany hatyny bolandygy mälim. Hatda pygamber, Zeýnebiň gözelligine ýeňilip, Zeýdiň ondan aýrylyşmagyny sazlap, onuň bilen öýlenýär. Haýran galaýmaly, Allaham onuň bu isleglerini kanagatlandyrmak üçin aýat iberýär. Nebsine ezýet edendigini nädip aňsa bolarka?!
Maksat
06 июн 2022, 10:51
Mowzuk öz-özüni ýalanlaýan mysallardan ybarat. Iň gowsy biz bir zat diýmäli.
OrazMuhammet Aşyrow
06 июн 2022, 11:06
Olar ulumsylyk, ikiýüzlülik, göriplik, bäsdeşlik ýaly içki bozuklyklary döredýär. Mertebeparazlyk, serhoş ediji içgileri içmek, zyna etmek, kemsitmek, adam öldürmek, ogurlyk ýaly häsiýetler daşky bozuklyklaryň döremegine sebäp bolýar.


Hemme erbet zatlaryň ýakasyny aýlap äkelip çekeleşmää nädip ildirendigini häli şindi düşnip bilmän otyryn.
Ahally
Автор 06 июн 2022, 11:55
Hiayress,
Bolmanam eseri yazan adamyn ozi Muhammet Gazaly bolsa XXI asyryn yagdayyny gozlemek dogry bolmazmyka diyyan. Kashga eseri yazan kishi innowasion dowrun tagamyny dadan bolsa onna bashga gurrun.
Kerbaba
06 июн 2022, 12:27
Пикир алышма, чекишие барада гуррун гиденде бир роваяты ятлаярын:: Ат-абрайлы дунйа белли художник билен адикчинин (сапожнигин) арасында болан гуррун. Художнигин адыны унудыпдырын. Шо роваяты билйаниниз бар болса шу тайда пайлашайын?!
Maksat
06 июн 2022, 12:34
Ahally_24,
Onda bu eser şu döwür üçin däl-dä?!
Ötegçi
13 июн 2022, 12:53
Keaip_begcon, yooo eser monjuk uçinden poh gozleyanler ucin dal