Men çagakam
MEN ÇAGAKAM...
Meň şeýle bir ulalasym gelerdi .
Geýerdim ejemiň ökjeli köwşün. Egnimde göterip haly sumkasyn,
Daňardym-da täp-
täzeje öýmesin,
Ýadymda mugallyma öýkünen bolşum...
* * * *
6 ýaşymda "Merjen däneleri" bäsleşikde çykyş etjek bolup barypdym. "Ýaşyň kiçi" diýip ýaryşa goşmandylar.
Aglaýşymy gören bolsadyňyz... :)
* * * *
Uly sahnalarda-da hiç hili ýalňyşsyz çykyş edep bilýädim.
Ýöne näme üçindir kakamyň diňläp oturanyna gözüm düşüdigi aljyrap ýalňyşýardym-da.
* * * *
Ilkinji hat okap bilişim... Ilkinji sahnada aýdym aýdyp bilişim... Ilkinji dutarda saz çalyp bilişim... Ilkinji goşgy ýazyp bilişim...
Gör nähili iň gowy arassa arzuwlara beslenen ilkinjiler...
* * * *
Saçlarymy hiç kesdirmezdim. (şonuň üçinmikä saçlarym uzyndan inçeräk bolany?) Kakamyň doganlary (agalarym). "Boýy bir garyş, saçy iki garyş" diýerdiler.
* * * *
Ejemjana öýkünip sygyrymyzy sagjak boluşym ýadymda. Bediräni elime alyp baranymam şol, duýman durkam yzky aýagy bilen depipdi welin...
Henizem gorkýan sygyr sagmana. :(
* * * *
Tomusy halaýadym : Ýapda suwa düşmek üçin.
Güýzi halaýadym : Doglan günüm güýzde-di.
Gyşy halaýadym: Gar adam ýasamak üçin.
Ýazy halamokdym: Sebäbi gap-gara bulut gelip gök gübürdäp, ýyldyrym çakýardy. :(
* * * *
Külbike barmagyma geýdirer ýaly (kanun saz guraly çalanlaryna bamaklaryna dakýanlary ýaly.Adyny bilemok.) esbap ýasadypdym kakama. Azar baryny berip "bolmaz" diýerine bakman. Sebäbi dutar çalamda degişli perdesine baranokdy barmagym.
Dakyp çaljak bolamda welin dutarymyň taryny üzäýdim.
* * * *
Dilegçildim. Çynyň bilen dileg etseň kabul bolar diýip mamam pahyr aýdypdy. Şondan soň özümem kän gezek göz ýetiripdim:
...Ejemiň iň gowy görýän çäýnegini döwemde "käýemesin" diýipdim.
...Halamaýan sapagymdan bahamyň 5-lik bolmagyny islämde.
...Köwşümi ýitiremde tapmagym üçin.
Ýene-de bardy welin ýadyma düşenok.
* * * *
Tomus gijelerinde daşarda oturyp ýyldyzlary, aýy synlamany gowy görerdim.(Häzirem şeýle) "Akmaýanyň ýoluny" görkezip ejeme:
–Bu yzlar näme, eje?..
–diýip soramda. "Akpamyk" ertekini aýdyp berpdi.
* * * * *
Ýöne, şeýle bir arzuwçyldym.Ynanýardym düýşlerime.
Bagyşla çagalygym!..
Ýetip bilmedik arzwularyň üçin.
@Esma.

18комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.