“BILÝÄNEM DÄLSIŇIZ...”
Bilýänem dälsiňiz...
Ençeme ýyl öň
Gyşyň bir güni
Menem doguldym.
Aladaçyl ejem
Söýgüsi bilen
Ulaltdy-da, ýola salyp goýberdi
Görkezen dünýäsinden.
Şoň üçin şindem
Ejemiň söýgüsi,
Aladasy ejemiň
Ýüregimde, serimde
Görünip du:r,
Görünip du-ur...
Soňra bir gyz meni söýdi.
Yşkyna bäs gelip bilmän,
Meni söze öwürdi,
Aýdym edip aýtdy
Endiredip jahany.
Ol aýdym şindem
Ýaradanyň dünýäsinde
Ýaňlanyp du:r,
Ýaňlanyp du-ur...
Ejemiň söýgüsin,
Aladasyn ejemiň,
Ýarymyň wepasyn,
Beren dowamyn
Taýlap egnime,
Barýan ýolumdan...
Bilýänem dälsiňiz...
* * *
Kimem bolsa biri
Uzakly gije
Eýläk-beýläk ösdürip
Ozal hem däli ýeli,
Gar tozgasyn timarlap
Goýuşdyryp çykypdyr.
Duýulýar Kämiliň eli.
Duýulýar Kämiliň eli.
Eýe Ol uly güýje:
Asmany çaýkap, eläp,
Zeminde ýel uwladyp,
Taýyn edip goýupdyr
Ter, tämiz säher,
Ap-ak başlangyç.
* * *
Ýolumyz deň gelip sataşanmyzda
Ýüzüň açyk seredeniň —
Söýgime döreden umydyň...
Soň bir toýda “salam” diýsem,
Beren mähirli salamyň —
Söýgime döreden ýodaň.
Şol ýodada aýdan söýgi sözüme
Beren jogabyň
Söýgime çekilen ýol boldy.
Şol ýol bilen hem seni
Bir sähetli gün
Gelnaljylap gaýdaryn.
* * *
Men barýan.
Sen barýaň.
Ol barýar... —
Bu belli hemmä.
Emma...
Wepa PIRNEPESOW
Ençeme ýyl öň
Gyşyň bir güni
Menem doguldym.
Aladaçyl ejem
Söýgüsi bilen
Ulaltdy-da, ýola salyp goýberdi
Görkezen dünýäsinden.
Şoň üçin şindem
Ejemiň söýgüsi,
Aladasy ejemiň
Ýüregimde, serimde
Görünip du:r,
Görünip du-ur...
Soňra bir gyz meni söýdi.
Yşkyna bäs gelip bilmän,
Meni söze öwürdi,
Aýdym edip aýtdy
Endiredip jahany.
Ol aýdym şindem
Ýaradanyň dünýäsinde
Ýaňlanyp du:r,
Ýaňlanyp du-ur...
Ejemiň söýgüsin,
Aladasyn ejemiň,
Ýarymyň wepasyn,
Beren dowamyn
Taýlap egnime,
Barýan ýolumdan...
Bilýänem dälsiňiz...
* * *
Kimem bolsa biri
Uzakly gije
Eýläk-beýläk ösdürip
Ozal hem däli ýeli,
Gar tozgasyn timarlap
Goýuşdyryp çykypdyr.
Duýulýar Kämiliň eli.
Duýulýar Kämiliň eli.
Eýe Ol uly güýje:
Asmany çaýkap, eläp,
Zeminde ýel uwladyp,
Taýyn edip goýupdyr
Ter, tämiz säher,
Ap-ak başlangyç.
* * *
Ýolumyz deň gelip sataşanmyzda
Ýüzüň açyk seredeniň —
Söýgime döreden umydyň...
Soň bir toýda “salam” diýsem,
Beren mähirli salamyň —
Söýgime döreden ýodaň.
Şol ýodada aýdan söýgi sözüme
Beren jogabyň
Söýgime çekilen ýol boldy.
Şol ýol bilen hem seni
Bir sähetli gün
Gelnaljylap gaýdaryn.
* * *
Men barýan.
Sen barýaň.
Ol barýar... —
Bu belli hemmä.
Emma...
Wepa PIRNEPESOW
12комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.