«GAÝRATYŇYZ EGSILMESIN, MERTEBÄŇIZ BEÝGELSIN!» (OÝLANMA) / TAWUS BERDIÝEWA
Garaşsyz, baky Bitarap, eziz Watanym! Şahyr bolup, Berkarar Watanymyzyň bagtyýarlyk zamanasynda seni wasp etmezlik mümkin däl!
Watan – gör, nähili mukaddes, belent heňde buýsanç bilen aýdylýan söz. Elbetde, her kime dogup, göbek ganynyň daman ýeri oňa mähriban gelýär. Biz häzir asuda, agzybir, dünýäniň hiç biriniňkä meňzemeýän parahat ýurtda ýaşaýarys. Hawa, seniň taryhyňda, müňýyllyklaryň dowamynda bolup geçen pajygaly wakalaram, Watan ugrundaky çaknyşyklaram, maksatly ýeňişlerem näçe diýseň bar. Söýgüli şahyrymyz G.Ezizowyň:
Etegiňde iller mekan tutdular,
At çapyp, ýaý çekip, peýkam atdylar.
– diýen setirleri munuň aňyrbaş şaýadydyr. Seniň taryhyňa ser salsam, nesilbaşymyz Oguz han atamyz, Gorkut ata, Görogly beg, Soltan Sanjar, Nurberdi han, Gowşut han, Berdimuhammet Annaýew ýaly gerçekler, akyldarlar biygtyýar ýadyma düşýär. Eýsem nädip olary ýadyňa salmajak?! Dogrudanam, biz – Berkarar döwletiň bagtyýar ýaşlary bolup, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň şöhratly geçmişine, şu günki abadan durmuşyna we onuň bagtyýar gelejegine guwanyp ýaşaýarys. Bizi şu günlere ýetiren gerçekleri Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden çykan «Mertler Watany beýgeldýär», «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» kitaplarynyň haýsy birini elimize alyp okanymyzda hem ýatlap geçmezlik mümkin däl. Bu kitaplaryň her haýsynda özboluşly türkmen gerçekleriniň mertligini, watançylyk duýgusyny görmek bolýar.
Watan, seniň geçmişiňe ser salsam, şol döwürlerdäki uruşlaryň hiç birinde hem häzirki döwürdäki ýaly güýçli ýaraglar ulanylmandyr. Türkmen ýigitleriniň esasy ýarag esbaby ahalteke bedewi we kesgir gylyç bolupdyr. Elbetde, garşysyndaky duşmanyň ýaraglanyşy we goşundaky esgerleriň sany türkmenleriňkiden artyk bolan ýerleriniň köp bolandygyny taryhy çeşmeleri okanymyzda göz ýetirýäris. Emma, şonda-da, türkmenleriň şular ýaly çaknyşyklarda gazanan ýeňişleri az däl. Men bular ýaly ýeňişlere türkmenleriň agzybirliginiň netijesinde gazanan ýeňişler diýip aýdasym gelýär. Hawa, eziz Watanym indi seniň goýnuňda öňküleri ýaly gan döküşikli, pajygaly uruşlar ýok. Indi seni öz goýnuňda ýetişdiren merdana ogullaryň goraýar. Agzybir, ähli kämil tehnikalar, güýçli ýaraglar bilen ýaraglanan Milli Goşunyň bar. Gaýduwsyz Watan goragçylaryň bar. Ýurdumyz asuda asmanda bagtyň buşlukçysy bolan ak kepderiler erkana ganat kakýarlar. Indi sen sebitde ylalaşdyryjy merkeze öwrüldiň. Seniň goýnuňda şat çagalaryň bagtyýar gülki sesleri ýaňlanýar. Türkmen halky geçmişde hem Watan üçin ata çykan mert ýigitleriň sarpasyny belentde saklapdyrlar. Ol häzir hem dowam etdirilip, Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda her ýylyň 27-nji ýanwarynda uly dabara bilen Diýarymyzda «Watan goragçylarynyň güni» bellenip geçilýär. Bu gününiň aýratynlykda bellenip geçilmeginiň özi hem uly mana eýedir. Biz hem janyny aýaman, serhedimizde asudalygy saklaýan merdana Watan goragçylaryna «Gaýratyňyz egsilmesin, mertebäňiz beýgelsin!» diýesimiz gelýär.
Tawus Berdiýewa.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.