"Bal tutan barmak ýalar"

“BAL TUTAN BARMAK ÝALAR”

Magtymgulydan iki setir:
“Gaznasyn dolduran berkarar şalar
Günde bir öýlener, keýpi kök bolar.”


Mämi Çaryň repertuaryndan iki setir:
“Ussatdyr her işe,
Lenin ýaşa, Lenin!
Ýaşa, Lenin!”


Saňa näçe özelenip ýalbardyk,
“Taňrym beterinden özüň sakla!” diýp.
“Azat-erkin saýrat halal zybany,
Haram agzyn palçyk bilen bekle!” diýp.
Saklamadyň, beklemediň, Ýaradan,
Ahy-zardan gulagyň hiç ganmady.
Bäriňe bir aýlaý gözüň gytagyn,
Nadan üçin mukaddes zat galmady.
Çatyp bilmän iki sözüň başyny,
Gara dere batyp ili güldüren,
Erksöýer mekany dowzaha öwrüp,
Diňe özi üçin jennet saldyran,
Baýrak baryn öz-özüne eçilip,
Öz-özüne minnetdarlyk bildiren,
Ilsöýer şahyrlaň kyssasy çykyp,
Dälihana, türmä dykan, öldüren
Bolmajysy bolup, tanaman hetdin,
Bu gün edebiýata penje urupdyr.
Beterinden beteriniň bardygyn
Gören millet agzyn açyp durupdyr.
Depesine doňuz çykan aglak il
Durubersin, entek näme görüpdir!
Ol ne, haý diýmän, suratam çeker.
Erte, nesip bolsa, sahna-da çykar.
Bir gün bagşyny kesip çörekden,
Iň soňky dutaryň taryna kakar.
Oňa üýşüp goşgy çyrşap berýänler
Il içre gezibem ýörendir belki.
Oň özün-ä ýaranjaňlar oýnaýar,
Ol bolsa, eý Hudaý, oýnap ýör halky.
Gutulma ýokmuka bize bu dertden
Ýa bu Ezraýylyň ajal heňimi?!
Depämizden sallan bu musallatyň
Türkmen başymy ýa, türkmen soňumy?!

Şiraly NURMYRADOW
4 лайков 209 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Harmony
18 июн 2022, 18:48
3-nji Reýh...
Süri...
Zynjyr.
- Zynjyry üzmek üçin Deýneris Targariýen gerek - diýýä Martin daýy.
Drakonlary bolmasa, ol hem hiç zatdy...
Şamuhammet
18 июн 2022, 19:29
Şu sözi hiç halamogaý...
Şamuhammet
18 июн 2022, 19:32
Bal tutan barmak ýalar... Baly nädip tutmaly, uçýan zatmy bal!