Sussym däl, kibtim basaryn

Basylyp basylyp ýalňyşlam
Ýüzüm galňadyp gitdi.
Men el silkdim,
ýyllar maňa
Elin galgadyp gitdi.
Meni galdyryp gitdi
Ak arzuw agyr armana.
Kerwenbaşym köle bolup
Ner ýerin berip arwana,
Döşümi galkan edenlem
Hanjaryn dikip arkama...
Gitdi, kerwenim talanlar
Şah boldy,
mat bolmadym men,
Bu ýalňyz, gowgaly başy
Ýene ýola ýolladym men
büdräp, agsasam, entesem
Sussym däl, kibtim basaryn.
Sabr etde çyda çarygym,
Bir gün dulumdan asaryn.

Nejep Baýadow
11 лайков 230 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pegas
19 июн 2022, 18:28
Nejep Baýadyňam üýtgeşik pikirleri bar welin, ýazmagy ýigrenýär-dä!)
Bahara
19 июн 2022, 18:34
Ayazhan carygyña bakarak. Ýürege göni girdi bi goşgy. ?????
Telwas
19 июн 2022, 19:12
Tüweleme!
Merdan Baýadow bilen bir garyndaşlygy barmy bu awtoryň?
Aksary
19 июн 2022, 19:30
Nirvana,
Aýtmaryn
Waleryanka
20 июн 2022, 09:58
Nirvana,
Merdan , Nejep ikisi dogan.
Waleryanka
20 июн 2022, 10:07
Nejebiň " Saňa gitme diýmedimmi" diýibem bir gowy goşgusy bolmaly.

Merdan Baýadowyň

"Diýdim, sen şolmudyň?! Başyňy atdyň.
Ykbalyma berlen paýymmydyň sen."

diýýän goşgusyny halaýanda.Hemme goşgularam gowy.Proza eserlerem gaty realny çykýar Merdanyň. "Sapby kepderi " atly hekaýasyny hasda halaýan.Şu wagt şony googledan gözletsem diňe kitapçyda bar eken.O-da ýapyk dur:(