“MELEJE GULPAKLY, GÜL YSLY GYZYM...”

Bilýäňmi näme, seň gelen günüň
Ählije zat üýtgedipdi reňkini,
Görküni senden alypdy göýä.
Bu ýaşaýyş owadandy, ýagtydy.
Göwnüme däl, men asmanda uçýan-da,
Ähli kişä buşlap ýörün bagtymy.
Şol günde güllerem tans oýnaýardy
Çalaja öwüsýän güýzüň serginne.
Baglaram pişme deý seçip ýapragyn,
Toý tutýardy begenip doglan günüňe.
Hawa, seň gelenňe üýtgäpdi adym
Hemem gözlerime gözlük dakan deý
Ýaşaýyşy görüp bildim başgaça.
Bu zemine bagt bolup döränim,
Saňa sowgat, gyzym,
Ýol bilen kitap.

*   *   *

Men saňa kän zady öwredip bilmen,
Ýörejek ýoluňa bolsam-da çelgi.
Küşdüň tagtasy deý tekiz däl ahyr
Bu uzak ýollaryň syrly göçümi.

Ynha, birden synçy nazarlarymy
Bir nokada dikip galaýsam gussa,
Käte soraglarňy jogaplap bilmän,
Barja zady bilip duran ejeňi
Geňleme, dymsa..

Boýuňa dönenim,
Sen diýýäň ýene:
“Eje, saçlarymy örüp bersene!..”
Meleje gulpakly, gül ysly gyzym,
Biz munda ýaşaýan, gülýän bolsagam,
Bu barlyk, bu durmuş, ählije zatlar
Saçlaň örümi deý aňsatjak däl-ä...


Bilbil KAKABAÝEWA
8 лайков 241 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Soho
20 июн 2022, 12:24
tanamayan, bilmeyan shahyrlarymyz bar eken:ay
Gumly gelin
20 июн 2022, 13:30
Bilbil ähli goşgusyny zenan mähremligne ýugrup ýazýar.
Ylhamyñ egsilmesin, uýam!
Öwreniji
20 июн 2022, 16:11
Gowy ýazýan eken, hüwdi aýdylan ýaly
Meryem
21 июн 2022, 01:21
Berekala