Syrdaş

Bu gün ýene-de köňlüme
Duýgy doldy del-düregeý.
Ýetiş Sen meniň dadyma,
Däli dünýäm düldüregeý.

Göwnüm al,
köşeşdir meni,
Gel, yzyňa dolan-da, ýar!
Sen dönäý yzyňa, gowsy...
Ýyllary özüň tanaýaň,
Olar-a hiç dolanmaýar.

Gel!
Şu gün gel,
Senden başga
Em etjek ýok bu derdime.
Gursagyma ataş düşüp,
Kyrk kelleli aždarha deý
Salyplar aldym-berdime,
Ýürejigmi ýakyşyny,
Göwnümiň ak guşa dönüp,
Ertir-agşam depäň üzre
Irmän, ganat kakyşyny...
Baryny gürrüň bereýin.
Şu gün gel,
dolan yzyňa!
Diýme: "Soň bir gün baraýyn!"

Aýyplaşma
gezek bermän,
Sözlesem, sözüm kesmesem...
Ha bagtym,
ha-da armanym,
Şu gün gel-de, soňra gaýdyp
Hiç haçan gelme, isleseň!

... Ýene ýola gözüm dikdim,
Isläp bir senden dalda, ýar!
Gel!
Şu gün gel, ýetiş dada,
Şu gün gelmeseň bolmaýar...

Kakamyrat Rejebow.

6 лайков 132 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Esma
26 июн 2022, 11:36
Gowy goşgy. Köp sag boluň ýetireniňize.
Meryem
26 июн 2022, 12:30
Gowy goşgu
Meryem
26 июн 2022, 12:31
Esma maňa jaň edäy eliň değse bomy øylän
Öwreniji
26 июн 2022, 12:31
goşgy örän gowy
Öwreniji
26 июн 2022, 16:59
sag bol minnetdar
Hiayress
26 июн 2022, 18:39
Wah-eý gynandym. Gelmedik bolsa juňňur gynanjymy kabul etsin. :)