GARAZ...

BU GIJE...

Bu gije gussa kän kalby gemirýän,
Tebigat dem alýar agyr hem tukat.
Ýyldyzlar birsyhly süýnýär asmanda,
Şemallar ses edip gidýärler uka.

Köpýyllyk hassa deý tutuksy asman,
Aýylganç dymyşlyk ýöredýär hökmün.
Oýunçylja guşlar näme,
Şolaňam
bu gün göwünleri birgeňsi çökgün.

Dagyň agraslygy artana meňzeş,
Boýny buruk çüw-ýalaňaç baglaňam.
...Menem gidip barýan çola köçeden —
Iň bir näzik duýgulary talanan.

Hyýallarym uçup ýörler düýnde,
Ahmyr bilen penjeleýän saçymy.
Öz-özüme ezýet berip — kötekläp,
Sowatmaga meýil edýän içimi.

Bu gije duýgulam şam boldy gussa,
Bu gije ýüregim boşatdy için.
Käbir zatlar pida etdi özüni
Käbir zatlar üçin...


Sapa HOMMADOW
8 лайков 159 просмотров
9комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pegas
Автор 27 июн 2022, 22:00
Men döwtalap däldim kalbyň gyrmaga,
Ilgezikdim bagt bermäge egsilmez.
Höwesjeňlik edip göwnüň görmäge,
Öz göwnümi zyňdym, diýip: “Degsinler!”

Başarşymça yhlas etdim ugruňda
Hem öçürdim öz nebsimiň közüni.
Goltgy tapyp şahyrlaryň şygryndan,
Senli derde ýokuşdyrdym özümi.

Kesp edindim guwanmagy keseden,
Her göremde monça boldum, eseldim.
Boýçy çyksa buza dönen käseden,
“Şol geler”-li umytlarda kösendim.

Ejizländir diýdiň,
Ejizdir diýdiň
Elden gelýän zadym diňe ýazmakka.
Hemem “Söýgiň odam ezizdir” diýdiň.
Ah, ýanmak bar, ýanmak bar...


Sapa HOMMADOW
Pegas
Автор 27 июн 2022, 22:00
“Barsaň, “döwran ötdi” diýgil daglara.”
(“Görogly” eposyndan)


Köňlümden syzylyp çykan, eý, goşgym,
“Barsaň, “döwran ötdi” diýgil daglara.”
“Örtedi, örtendi, emma ki yşkyn
Başyna täç etdi” diýgil daglara.

“Özün aýamady, çekdi ah baryn,
Diňe maňa diýip bildi ahwalyn,
Arzuwy gezmekdi arşy, asmany,
Onsam çüte bitdi” diýgil daglara.

“Deňizde gulaçlap, ýeňip tolkuny,
Ýaşajakdy yşkdan ýasap ýelkeni.
Zer kimin lowurdap, seçip ýalkymy
gezjek ýanar o:tdy...” diýgil daglara.

“Ýellere harpyk deý sowruldy” diý sen,
“Söýgüde armanly gowruldy” diý sen,
“Maksady ullakan oglandy” diý sen,
“Şatlyk hem hesretdi” diýgil daglara.

“Aý kimin arzyly, Gün deý ýagtydy,
Arzuwçyldy... Hyýallary tagtydy,
Behişti gözeliň duşjak bagtydy,
Bagtydy...
Bagtdy!” diýgil daglara.


Sapa HOMMADOW
Pegas
Автор 27 июн 2022, 22:01
Asyl-asyl boldy-da bir agyr ýük,
Kalby ýere garşy sozdy, ine-de.
Arzuw syýam bilen ýazan geljegmiň
Hatlaryny ykbal pozdy ýene-de.

Ýagmalanyp şirin-şeker gijeler,
Düýşler talanyldy, umyt şel açdy.
Yşk bolup ýaşalan köňül köşgüniň
Gapysyny bir del ýapdy, ýel açdy.

Wagt ýöremez bolup galdy şondan soň,
Sekuntlary barmak basyp sanadym.
Setirlere ruhum bilen siňdim-de,
Dyrmalanan ýara bolup ganadym.

Başym sämäp hijriň derdinden ötri,
Yşnagymda nam-nyşan ýok diriden.
Sözläň, eý betbagt duýgulam,
Öňki
özümi men gözlemeli nireden?


Sapa HOMMADOW
Pegas
Автор 27 июн 2022, 22:01
Ýollar meni alyp gider,
Dözer gider ýyllar maňa.
Ýürek ýanar ot içinde,
Üşeýänler ýylnar maňa.

Daga-daşa siňer ahym,
Hasratymy diňlär asman.
Syrlarymy alan baglar
Meni ryswa etmez asla...

Armanymy bagra basan
Otagyma gysylaryn.
Joşa gelen ýaz ýagşy deý
Ahyr bir gün kesilerin.

Giderin gelinmez ýere,
Ýatlanaryn, aglanaryn.
Ýöne, mümkin, mazarymda
Ot alaryn, daglanaryn.

Ökündirer ýaýdançlarym,
Ahmyra ýugrar tesmelem.
Direlmek islärin gaýta,
Bolmasa-da ol islegim...


Sapa HOMMADOW
Öwreniji
27 июн 2022, 22:04
Hemmesini bir bada paýlaşaýyn diýdiň öýtýän, dowamly bolsun, Galamyň taçilkalap, dynsaň ýene täze al. Täze goşgulaňňa garaşýan
Öwreniji
27 июн 2022, 22:06
Sözläň, eý betbagt duýgulam,
Öňki
özümi men gözlemeli nireden?

Gowy jemleme
Meryem
27 июн 2022, 22:09
Tüweleme.
Pegas
Автор 27 июн 2022, 22:21
Rigel
Pegas kaka hedek näme diýmekkä?

Tekstiň içinde getirseň düşündirip bilmegim ahmal.
Pegas
Автор 27 июн 2022, 22:24
Rigel
Arada Emin Raseniň rebini diňledim şonda ady hedek ekeni. Garaz 5 zat hedek diýýämi. Triek, aýallara göz gyzdyrma we ş.m udalit edäýdim känbir teksti ýadymda däl

Ol reper eýranly türkmen öýdýän. Arassa däl oň dili. Ýa dini sözdür, ýa parsy sözdür ol.