Ukladyňmy, dünýäm? Ýa henizem nem ýuwan gözleriňi bir nokada dikip, geçen günleri ölçerýäňmi?

Gör, bu durmuş bizi nädäýdi! Otursak-tursak oýumyza gelmejek ýagdaýlara duçar edip, göwünlerimizi, göwrelerimizi bir-birekden juda alyslara zyňyp taşlaýdy. Säherler kimin täp-tämiz ýüregiňi bimähreme baglap goýaýdy.
Aýtmasaňam, bilýärdim, duýýardym saňa juda ýakyndygymy - meni özüňe ýakyn görýändigiňi.
Haýran galýan! Sensiz göz öňüme getirip bilmedik günlerim aýlara, ýyllara, tutuş bir ömre öwrülip galdy. Agşam çyg düşen üzüm ýapraklary kimin negözel ýakymlydyň... Şapak deý gyzaranyňdaky ýaňaklaryň gözelligini men nämä deňäp bileýin ahyry! Kalbyň owadanlygy günäsiz çagaň gözleri deý gözleriňde ap-aýdyň görnüp durmanmydy nä?!
Sen bagtyň hut özüdiň! Gaýmak ýaly göwnüň bardy... Üýtgeşik dünýäň, şahyrana ýüregiň bardy seň... Meni birmahallar lezzetden püre-pür äleme ataran ol bakyşlaryň ömri şeýle gysga bolmalydymy?!
Ýatlamda, damagyma lokga daş direlen ýaly bolýan. Gorkýan, o daşyň eräp, keç ykballara bolan agym bolup, didämden ýaş damjalary bolup paýramagyndan...
Barybir, ýürek aglap dur. Diňdir-dä diňdirip bilseň!
Sen maňa özge kalplara düşünmegi öwretdiň. Biz iki bolup, özgäň hasratyna gyýyldyk, şatlygyna guwandyk. Sebäbi, biziň derdimiz, lebzimiz, ynamymyz, ýüregimiz birdi. Iki bolup bir dünýä bakdyk, bir ykbaly küýsedik. Bir ojagyň oduny ölçerjekdik...
Men saňa düşünýän. Hut şoň üçinem seni ýazgaramok. Barybir, hawa, barybir, düýn düýnde galdy. Biz bu gün aýry-aýry durmuşly adamlar. Nirede, kim bilen, nähili ýaşasaňam, sag gez! Hiç haçan ýaňaklaryň şapak kimin gyzaryşlardan mahrum bolmasyn! Bu uzak ýollar näzikligiňe näziklik, ýakymyňa ýakym goşsun!
Seň bagt saçylyp duran didaryňy görýänçäm, hoş! Gündüň, özge kalby çoýmaňy gördüm,
Güňdüm, özge ýigdi söýmäňi gördüm.
Wah, o:t aldym - lowlap-lowlap o:t aldym,
Ýaňy başyňdaky öýmäňi gördüm...


(C) SAPA HOMMADOW.
2 лайков 182 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Aymaraljana_a
11 июл 2022, 15:55
Affarin cok guzal♥♥
Bagul_Atayeva
11 июл 2022, 16:28
Nikiñiz täsin eken
Mümkin
11 июл 2022, 16:29
???
Pegas
11 июл 2022, 19:51
Rigel
Salam. Pegas kaka näme üçin mikiņizde arabaly oglan goýduňyz?

Salam. Pegas kakaň niginiň nirinde arabaly oglan bar?
Hemme zat başardýar...?‍?...
Автор 11 июл 2022, 22:00
Rigel
Salam. Pegas kaka näme üçin mikiņizde arabaly oglan goýduňyz?

Pegas kakaña dâldirn men welin, ýüregi we ruhy maýyp daýyñ bolaýarn.