Paýhasly goja / tymsal

PAÝHASLY GOJA

Birwagtlar bir paýhasly goja bar eken. Adamlar ol gojanyň ýanyna dürli meseleler babatda geňeş etmäge geler ekenler. Aglaba oňa durmuşdaky kynçylyklary, dert-aladalary barada aýdýarmyşlar. Dertleriniň hiç wagt ýok bolup gitmeýändigi, olardan halas bolmaýandyklaryny aýdyp zeýrenýärmişler.
Bir gün ol goja märekä ýüzlenip, bir degişme aýdypdyr. Hemmeler muňa gülşüpdirler. Birsalymdan
soň goja ol degişmäni ýene bir gezek aýdypdyr. Bu gezek oturanlaryň käbiri gülüpdir. Biraz wagtdan soň ýaňky degişmäni goja ýene gaýtalapdyr. Bu gezek märekäniň hiç haýsy gülmändir. Bu ýagdaýa
dana goja ýylgyrypdyr-da, şeýle diýipdir:
«Adamlar, ynha serediň, ýaňky degişme nähili gülkünç bolsa-da, siz oňa diňe bir sapar gülmegi başardyňyz. Onda näme üçin siz şol bir dertler barada hemişe gamlanýarsyňyz?
Durmuşda gabat gelýän her hili kynçylyklaryň, çykgynsyz ýagdaýlaryň wagtlaýyn bir hadysadygyny
ýadyňyzdan çykarmaň! Olar barada yzygiderli gaýga batyp, aladalanyp ýörmek siziň diňe wagtyňyzy
hem-de güýç-kuwwatyňyzy almakdan başga iş bitirmez».

Ajysy bolmadygyň süýjüsi bolmaz
4 лайков 139 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Gauzen
12 июл 2022, 17:54
Gowy tymsal eken
Leyli Amanowa
12 июл 2022, 21:21
Şo erteki okap yörşiňay
Hiayress
Автор 12 июл 2022, 22:01
Nairobi,
Ertekini sen okaýaň, şol ugurdan ýokary bilim alyp, soňky nesile otarar ýaly erteki düzme arzuwyňym bar. ))