Biraz gijigip berilen jogap
BIRAZ GIJIGIP BERILEN JOGAP
"Dollara satylan Watan dönügi,
Sizi näletleýär ýakynam-ýadam."
Adatça şeý diýip gygyrar eken,
Özi gara şaýa geçmeýän adam.
Watandan daşary çykmaýar dönük,
Dönükler Watanyň içinde bolýar.
Märekäň içine gelmesiz adam,
Milletiň öňüne geçende bolýar.
Salyp gara günüň, gara kölgesin,
Garagöz türkmeniň gara başyna.
Baýguş otyr depesinde harabaň,
Gyzyl çaýyp heýkeliniň daşyna.
Aslynda kim-kime dönüklik etdi,
Watan bizemi, ýa bizmi Watana?
Baranok dilimiz eziz diýmäne,
Haýynlarça ýeňsämizden atana.
Kim taşlapdyr mesligine çydaman,
Şagala şam bolan, garyp mekany.
Terkiwatanlardan gözleme dönük,
Sen ýalňyş ýapyşdyň, goýber ýakany.
Mommy Seýitmyrat, Akmyrat Bapba,
Suhanberdi, Çarymyrat, Hoşaly,
Eger biz seň bilen watandaş bolsak,
Goý biz dönük bolgaý, senem wepaly!
Şiraly NURMYRADOW
"Dollara satylan Watan dönügi,
Sizi näletleýär ýakynam-ýadam."
Adatça şeý diýip gygyrar eken,
Özi gara şaýa geçmeýän adam.
Watandan daşary çykmaýar dönük,
Dönükler Watanyň içinde bolýar.
Märekäň içine gelmesiz adam,
Milletiň öňüne geçende bolýar.
Salyp gara günüň, gara kölgesin,
Garagöz türkmeniň gara başyna.
Baýguş otyr depesinde harabaň,
Gyzyl çaýyp heýkeliniň daşyna.
Aslynda kim-kime dönüklik etdi,
Watan bizemi, ýa bizmi Watana?
Baranok dilimiz eziz diýmäne,
Haýynlarça ýeňsämizden atana.
Kim taşlapdyr mesligine çydaman,
Şagala şam bolan, garyp mekany.
Terkiwatanlardan gözleme dönük,
Sen ýalňyş ýapyşdyň, goýber ýakany.
Mommy Seýitmyrat, Akmyrat Bapba,
Suhanberdi, Çarymyrat, Hoşaly,
Eger biz seň bilen watandaş bolsak,
Goý biz dönük bolgaý, senem wepaly!
Şiraly NURMYRADOW
10комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.