Ýürek sedasy

Dürüşde geçmişiň tagamyn dadyp,
Boşap galan öz dünýämde gygyrdym.
Unudylyp galan çäýnek mysaly,
Gaýnadym.
Döküldim.
Soňam bugardym.

Ýasama ýylgyrşyň nikabyn geýip,
Käte syrly, kä ýarymam düňledim
Şeýdip kem-kem ýalňyzlyga imrigen -
ýüregimiň sedasyny diňledim

Köp gezdiler dogan ýaly gatnaşyp,
Soňunda barybir "ýat ogly" boldum.
Iller "Şatlyk" bilen söýüşýärkäler,
Men "Gamgynlyk" bilen adagly boldum.

Her kim gatnawynda gitýärem welin,
Ykbalym wokzala meňzeýän ýaly...
Henizem bir petek eýesiz ýatyr,
Ýaradan bir ýerde egleýän ýaly...


Ylham GURBANALYÝEW
8 лайков 150 просмотров
9комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Öwreniji
13 июл 2022, 12:22
Berekella
Telwas
13 июл 2022, 12:23
Ykbalym wokzala meňzeýän ýaly...

Gowy meňzetme. Wokzalyňam ýolagçylary täze-täze gelip gidip durlar.

Berekella, ÜSTÜNLIK!
Venus
Автор 13 июл 2022, 12:28
Remezan,
Nirvana,
Minnetdar, sagboluň!
Öwreniji
13 июл 2022, 12:35
Venus23,
Şu goşgyňa, gowy timarlapsyň, men birinji bendinde täsirlendim
S.Gürgençli
13 июл 2022, 13:02
Tüweleme, şular ýaly pessimistik goşgulary halaýan:)
Aksary
13 июл 2022, 13:37
Ömrüñ bolsun Ylham kaka.goşgy gowy.
Hiayress
13 июл 2022, 14:01
Käwagt siziň goşgularyňyzda owadan metaforalara gabat gelmek bolýar, ýöne näme üçindir goşguňyzy umumy alaňda haýsy hem bolsa bir zady ýetmeýän ýaly bolup duýulýar. (Goşga lýubiteldäl okyjy hökmündäki şahsy pikirim)
Mümkin
13 июл 2022, 16:30
Hiayress,
Her bendi aýry-aýrylygyna gowy ýöne hemme bentleri bir ideýa birigip bilenok diýsek bolarmy?
Edil şu pikrimi başga-da bir goşguçy babatda öwûrýän.
Venus
Автор 13 июл 2022, 17:49
Hiayress,
Bilmedim, entek pesligimdendir belki