***/B.B

*
Kanda sen meýhana?!
Nirde Möwlana?!
Jahan içre karar tapman urundym.
Ýagyşlara gözýaşlarmy urnadym...
Berileni başga, ýöne oñarman
Ýaşaýşymy bir bimany gurnadym.


Gapymy içinden gulpladym,
Yş geçirmez penjirämem.
Diñe kä-äbir setirlerde,
Añym biraz ýeljirärem
ýöne...
Emmasy bar
Ýazmajak setirlermiñ,
Ýaşamajak günlerimiñ.
Suwaramok sussupeslikden
Topragy jaýryk-jaýryk güllerimiñ.

Gözleg bilen geçip dur,
Gözlem-günlem.
Garañkydan agtarýaryn ýitigimi şindi-şindem.

©Bala Balary
3 лайков 173 просмотров
11комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
#B.S
19 июл 2022, 20:55
Balary sen ovlonmy gyz? ;)
Balary
Автор 19 июл 2022, 20:56
islenen.site/19518-mowlana-meyhanasy.html şu salgyda paýlaşylan Babanyýazowañ goşgusyny okanymdan soñ ýañy ýazyldy. ýetirene minnetdar. teswirinde ýazjakdym, soñ aýry açmagy makul bildim.
Balary
Автор 19 июл 2022, 21:06
mowzuklar bn baglanşygy bolmadyk soraglar. kimler-ä: "sen pylanymy" diýýä, hamana özüñden başga biri bolup bolýan ýaly. kimlerem: "sen oglanmy gyzmy" diýýä. realdan tapawudy gaty bir uly bolmadyk wirtual dünýä...
#B.S
19 июл 2022, 21:29
Цитата: Balary
mowzuklar bn baglanşygy bolmadyk soraglar. kimler-ä: "sen pylanymy" diýýä, hamana özüñden başga biri bolup bolýan ýaly. kimlerem: "sen oglanmy gyzmy" diýýä. realdan tapawudy gaty bir uly bolmadyk wirtual dünýä...


Bah ondada aydyp goyveriverda. Men pylankes pylan jynsdan diyip. ;)
Balary
Автор 19 июл 2022, 22:33
@Khanture, bu sorag jogap berip bermez ýaly sorag däl. ýöne mowzugy 20:54 açdym, siz 20:55de soradyñyz. 1minutda okamagyñ mümkin däl. (pikirlerim bilenem baglanşykly däl onda sorag) şonuñ üçinem bilgeşleýin jogap berjek däl.
Pegas
19 июл 2022, 22:36
Gowy eken. Men-ä haladym.
Balary
Автор 19 июл 2022, 22:57
@Pegas, Sagboluñ! minnetdar!
Telwas
20 июл 2022, 07:27
Şol aralykda şeýle ýazyp bilen bolsaňyz, BEREKELLA size! Gowy.
Waleryanka
20 июл 2022, 12:11
Цитата: Balary
@Khanture, bu sorag jogap berip bermez ýaly sorag däl. ýöne mowzugy 20:54 açdym, siz 20:55de soradyñyz. 1minutda okamagyñ mümkin däl. (pikirlerim bilenem baglanşykly däl onda sorag) şonuñ üçinem bilgeşleýin jogap berjek däl.

Kim bolsaň şo bolsana.Asmandan asdyňlaý özüňi."Möwzügüm" diýen bolup.Käşgä üýtgeşik pikirli mowzuk açýan bolsaň.Mowzugyňdaky beýan edýän pikirleriň barysam suwy çykan pikirler.Aşakda açan wakyr wukur-ly , şakyr -şukurly mowzugyňda woobşe derek ýok.
Esma
20 июл 2022, 18:24
Tüweleme! Ajaýyp goşgy.
Balary
Автор 26 июл 2022, 17:57
@Waleryanka, şonsuzam kim bolsam şol:) sagbol, üýtgeşij gowy pikirlerñize :P
@Nirvana @Esma, sizem köp sagboluñ!