Öýkelek gyz

Bir gyz söýdüm,
Aga-gara,egrä-dogry diýse-de,
Mahal-mahal unutsada wadasyn
Gijä çenli garaşdyryp goýsa-da

Bir gyz söýdüm
Sözler bilen,ýüregime düşsede
Geýinen-de gawanjymdan ölsemde
Men nädeýin saýlap-saýlap söýenim,öýkelek bolsa

Bir gyz söýdüm,ähli şertleri bilen,
Iňňirdisi,kemi-artygy bilen,
Şertlerem iliňkä meňzänok onun
Bitirmäne güýjim ýetenok meniň

Nämemiş,günne 5 wagtyna hawar tutmaly,
Okuwdan soň ugratmaly öýüne,
Ýadan bolsa taksi bilen ertmeli
Seretmeli diňe onun ýüzüne,

Her baýramda sowgat alyp bermeli,
Doglan güni sowgatlaryň gymmatyn,
Gowşurmaly ýogsam güniň görmeli,
Ýogsam ony 1 aý görmän gezmeli,

Bazara gitse-de bile gitmeli,
Ýetirmeli söwdasynyň öwgüsin,
Satyjy göwnüne degäýse eger,
Hökman beräýmeli,satyjyň mergisin,

Ýerine bermeli onuň bergisin
Toýa gitse hökman alp gaýtmaly,
Ýolda-da bermeli söýgi posasyn,
Ýadyňdan çykaýsa Alla saklasyn...

Doslaryny dost tutmaly özüme
Duşmanlary duşman bolmaly maňa,
Eger ynanmasa aýdan sözüme,
Ant içmeli,gara sürtüp ýüzüme

Onuň bolsa aýdan her bir sözüni,
Doga edip dakynmaly boýnuma,
Säwlik bilen ýalnyşaýsan birdenkä,
Derrew düzetmeli özi aňmanka

Adamçylyk ýolda ýöräp baýarkaň,
Gözüň düşse başgasyna birdenkä,
Öwrülmeli,ýanyndaky duýmanka.
Garaz şertleriniň 10dan 1i sujagaz

Garaz meň söýenim şular ýaly gyz,
Sözler bilen,ýüregime düşsede,
Saçlarym dökse-de,bilim büksede,
Söwsede,söýsede janym ýaksa-da,
Iller gep etse-de,gywat etse-de,
Alla şaýat,men nädeýin saýlap-saýlap söýenim Öýekelek bolsa
2 лайков 106 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.