LEBAP, HOŞ INDI!

“Biz gitdik, sen galdyň, Lebap, hoş imdi!”
Seýitnazar Seýdi


Saňa ýürek sözlerimi diýeýin:
Biz gidýäs, sen galýaň, Lebap, hoş indi!
Bäş ýyl geçip gitdi bäş sagat deýin,
Biz gidýäs, sen galýaň, Lebap, hoş indi!

Köýteniňden şypa tapdyk — kän gezdik,
Ýazlap ýaýlalaňda, derýaňda ýüzdük,
Bilýän, nije myhman alansyň biz dek,
Biz gidýäs, sen galýaň, Lebap, hoş indi!

Sende dostlar tapdyk, gazandyk gardaş,
Ogullaryň — dogan, gyzlaryň — syrdaş,
Ýigrim ýedi däl-de, hemmämiz — bir baş,
Biz gidýäs, sen galýaň, Lebap, hoş indi!

Ýok, bu goşgy hasrat däl, gaýgy däl,
Bu — söýgimiz!
Bu — adaty söýgi däl,
Sende doly ynsanlaşdyk, öwgi däl,
Biz gidýäs, sen galýaň, Lebap, hoş indi!

Ýagşu-ýaman ýatlamalaň pursady
Entek kän-kän bezär durar gursagy.
Wah, elde bolsady, wagtam dursady...
Nätjek-dä...
Gitmeli...
Lebap, hoş indi!

2019ý.


Sapa HOMMADOW
4 лайков 1 002 просмотров
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pegas
Автор 21 июл 2022, 10:03
Düýn kursdaşlar bilen üýşdük. Bir üýşdük, bir üýşdük.... :))))
Diňe şulaň ýanynda ýekesirämok men. Janlary sag bolsun. Ählisem iň gowy gyzlar, iň gowy oglanlar, tüweleme. Даже marylylary hem gowy. :D
yusupahmet12
21 июл 2022, 10:26
Sapa, Seydi shahyr iki bolupdyr diyen gurruñ bar. Muña seniñ garayshyñ nahili. Ozum-a bimany pikir hasaplayan muny.
Pegas
Автор 21 июл 2022, 11:18
Цитата: yusupahmet12
Sapa, Seydi shahyr iki bolupdyr diyen gurruñ bar. Muña seniñ garayshyñ nahili. Ozum-a bimany pikir hasaplayan muny.

Bimany däl. Balkanda hem Seýdi şahyr bolan, ýagny Zeliliniň dosty.
Öwreniji
21 июл 2022, 11:21
Berekella Sapa, kursdaşyňama nesip bolsa, öýlendirmek üçin ugryna çykypdyrlar. Kakasy gahar edip, gyz bilen hoşuň ýok bolsa haýsy oglanyňka barmalydygyny aýt diýen soň, gyz salgy beripdir öýdýän ??
Pegas
Автор 21 июл 2022, 11:22
Цитата: Remezan
Berekella Sapa, kursdaşyňama nesip bolsa, öýlendirmek üçin ugryna çykypdyrlar. Kakasy gahar edip, gyz bilen hoşuň ýok bolsa haýsy oglanyňka barmalydygyny aýt diýen soň, gyz salgy beripdir öýdýän ??

Haha? Şol öýlense, menem öýlenerin-laý)))
Öwreniji
21 июл 2022, 11:25
Цитата: Pegas
Цитата: Remezan
Berekella Sapa, kursdaşyňama nesip bolsa, öýlendirmek üçin ugryna çykypdyrlar. Kakasy gahar edip, gyz bilen hoşuň ýok bolsa haýsy oglanyňka barmalydygyny aýt diýen soň, gyz salgy beripdir öýdýän ??

Haha? Şol öýlense, menem öýlenerin-laý)))

?????
yusupahmet12
21 июл 2022, 11:40
Dogrydyr, emma, Magtymguly barada-da sheyle pikirler bar-a. Hamana, harpykdan Magtymgulynyñ poeziyasynyñ çäjini saylap almakcymyşlar. Munuñ ozi Pyragynyñ apet uly shygyryet dunyasiniñ çygryny daraltmakdan, yagny, kiceltmekden bashga zat däl ahyry. Sen sowatly adam, Sapa, muña garayshyñ nahili. Bu iki Seydili baradaky meselede-de sheyle. Eger Seydi iki bolsa, olaryñ goshgylaryndaky äheñ meñzeshligine name diyip bolar. Meselem, ,, Lebap, hoş indi", ,, Gal indi" goshgylary.