Pursatlar

Şeýle halatlar bar ýatdan çykmaýa,
Mahal-mahal gapymyzdan jyklaýar.
Ýagşy niýet bolup, ýagşy päl bolup,
Ýagşy at bolup, ýagşy ýol bolup,
Gapymyzdan jyklaýar,
Ýatda galan pursatlar.
Şonda hujuw-gaýratdan,
Dolýar gursaklar.
Habar berýär çapyp barýan gyratdan,
Aşýar Köpetdagdan,
Aşýar Hyratdan.
Uzak-uzak ilden,
Derýaýy nilden.
Ýaz ýagyş bolup,
Ýagýar jabyrlap.
Gubarlap duran gussañy
Ýuwýar.
Bulut bolup kowýar,
Ajy tüssäni.

Ýaşasyn bir ömre gaýra dur diýýän,
Pursatlar.
Urup dursun,
Urup dursun gursaklar.

Allaýar Çüriýew
2 лайков 74 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.