Duýguçyl adam...

Berdaşlydy, çeýe polat sim ýaly
Her öňýeten atagza-da gysdyrman
Şol adaty endigine atlanyp,
Gidip barýar ýylgyrşyny gysganman

Atsalar-da pitjiň, etmän pitiwa,
Bildirmän hiç, köpçülikde gussasyn
Iliň şatlygyna şatlygyn gatyp,
Hemem sorap garry, çaga, hassasyn
Bir arabajyk çekişse-de derdini
Çekişmekçi, öz derdini unudyp
Ruhy dünýäleri aç galan bolsa,
Sözlerini bermekçi ol, un edip

Dildenem köp, elden kömegi ýetse
Begenýärdi, öňkisinden bäş beter
Gar diýseler, Gimalaýdan gar daşar,
Güýjin jemläp, damja bolup, daş deşer

Özi dünýäň bu çetinde bolsa-da,
Alada bolupdy, dünýäň o çeti
Her bir işe petde-petde analiz,
Pikirleri ýyrtýardy oň iç-etin

Oňa mahsus ähli zatlaň dogrusy
Gaharjaň.
Mähirli.
Gaýgyçyl.
Şadam.
Bütin dünýäni oziniňki saýyp
Köçe bilen barýar duýguçyl adam


Ylham GURBANALYÝEW (2021)
3 лайков 84 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.