Halypanyň huzurynda

HALYPANYÑ HUZURYNDA

G.Ezizowa bagyşlap...

Gör, halypa!
Aç ýañadan asman kybap gözleriñ.
Güýz gelipdir!
Güýz gelipdir ilime.
Aýjemally gyz deý arzylan güýzüñ,
"Söýýän" diýip buşlan derde dözmeziñ.
Çuñ oýlar deñzinde zerbap çeññegiñ,
Ezizläniñ,
Möwsüm içre serweriñ.

Aşygyndan asal söze intizar
Magşuk gözelpisint saralypdyr ol.
Yssy jümlelerñe çoýunabilmän
Darygypdyr ol.
Sönen duýgylaryñ dörjeläp közün
Ar alypdyr ol.

Köýnegin biçindi zyba görk zemin
Günüñ şuglasyna parlan ýerlikden.
Pikirlerim howa deýin güýzedi,
Aklyma gönezlik paýlar bellikler.
Ynansañ, halypa, ynjydýar menem
Ýoly kesişmeýän parallellikler.

Ýetmeli menzile ugraýar ýaprak,
Awara ýellerden dynmaýar galgap.
Bu görnüşi emsiz-ýomsuz, bialaç
Perzendiniñ terk eýleýşin ojagyn
Synlaýan ene dek synlaýar baglar.

Geñleme, kadadan çykan şygrymy.
Pikir torba salynara goş däldir.
Halypa, güýz bilen ýolum duşuran
Ilki duýgyçyllyk, soñam hoş päldir.

Söhbetdeş bolmaga akly deñ gerek.
Agaç sözüm makullady baş bilen.
"Sen ýaş" diýip, badym almady,ne hoş,
A beýiklik ölçelmeýär ýaş bilen.

Gök gürleýär. Eşitsediñ sesini
Duşaklanan bedew at deý kişñeýär.
Entek päklenmeli kalbyñ känligin
Duýan baran has-da batly çisñeýär.
Ret edip, kanunyn tebigat enäñ
Güýzden soñam güýz gelerin isleýäñ.

Süzüp pelsepäniñ şirin şerbetin
Göwnüñe biperwaý garar ýalymy?!
Heran-haçan ýüzleýlige ýüz ursam
Duýýan çet künjekden garaýanyñy.
Hemem sünjüp iññe kibi nazaryñ
Meni ses-selemsiz ýazgarýanyñy.

Sarygylt ýodanyñ syryny çözläp,
Manysy serimde çyzylar doly.
Ýüregiñde tohumlanyp-şinelän
Dile dökülmäge gazanman ýoly
Sözlemäge ýetişmedik kelamyñ
Ak kagyza öýdümlenjek setiriñ
Ýapraklañ ýüzüne ýazylan ýaly.

Ah,takaty ýetmez, garaşýar olar,
Intizar nazaryn gezäp, dikanlap,
Elipbiýlerine düşünýän danañ
Bir gün gelip setirleriñ okarna.

Mahym NURGELDIÝEWA.

2020 ý.
1 лайков 78 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.