Magtymguly

MAGTYMGULY

Fragment

Aýdylmadyk syrym galdy jigerde,
Aýdylmadyk şygrym galdy jigerde.
Sokur boldy didäm--ýaşyndan jyda,
Hijran boldy bijäm--ýaşyndan jyda,
Zybanym şel açdy--diýsem ysmady,
Dergähiñde günäm näme, eý Huda
Berer ýaly maña beýle kysmaty?!
Kapasda pelesañ urýan wagşy dek
Örtendi ýüregim panyñ ejrinden,
Bu jahanda serden jyda sergezdan,
Agtardym--tapmadym dünýä aýlanyp:
Iki gerçek gardaşymdan aýryldym,
Iki gözüñ garasyndan aýryldym,
Wysal ýok, pelegi aldy aýralyk.
Är tapmadyn baryp gulluk ederge,
Ýol tapmadym başym alyp giderge,
Bagrym başa berip, kalbym dildirdim,
Bagtym bada berip, duşman güldürdim,
Didäm ýaşa berip, urundym her ýan
Hem agladym,
Hem özümi diñdirdim.
Hakyñ hatyryna gorkmadym hakdan,
Ajal möhür basaýmasa dahana.
Ýok!
Matlaply ýaşap bolmajak eken,
Aslynda bimatlap gurlan jahanda.
Dünýä gezdim ömrüm berip pidaýa
Gamym iýip, bagrym ýaşyn içdim men
Men Hudaýa elin seren gedaýa
Iñ soñky teññämi berip geçdim men.
Men jahanda agtarmadym dünýäni,
Men jahanda agtarmadym altyny.
Men zeminiñ soñsuz ýollaryn söküp,
Agtardym öz dargap giden halkymy.
Ýandym,
Ýakyp bilmän dünýäniñ tümün,
Ýandym,
Ýyldyp bilmän dünýäñ ýüregin
Gygyrdym,
Bolmady sesimi eşden,
Oýanyñ,
Oýanyñ ykbaly keçlem!!!
Türkmenim!
Seniñ bedewiñ bar göwne ýeterge.
Seniñ dutaryñ bar baýram ederge,
Ah, kimdigñe gözüñ ýeterdi seniñ,
Özüñe bir ser salsadyñ eger-de!
Başyñyzda paýhasyñyz jem bolsun,
Kuwwatyñyz jem bolsun bir göwrede.
"Bir suprada eda bolup aşyñyz"
Binýat guruñ mizemez bir döwlete...

Nobatguly REJEBOW.
1 лайков 118 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.