Ylýas Amangeldi

UKLA




Bir kyn güne galan deý,

Günä galan deý,

Gyzaryp,

Gutardy gündiz.

Ýaşdy güneş.

Misli netije –

Geldi asuda gije.



Dolandy guşlaram höwürtgesine.

Ýyldyzlar meňzäp hünjä,

Döküldi gögüň göwsüne.

Ýer ýokdy ünjä.



Gözler görmekden ýadapdyr,

Sözden ýadapdyr gulaklar.

Aladalaryň bary dargapdyr,

Ýer berip uka.

Dünýäni bimaza edip,

Itler nämä ürýärkä?



Asmanda aýyň şöhlesi,

Ýüpekden ýuka.

Oýalykda gapyl gezen eý, adam,

Bir pursat ukla.

Uzaklaş şerden.

Goý, dynjyny alsyn aýaklaryňdan,

Ýer hem.

Eý, ADAM, ukla.
4 лайков 124 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
OrazMuhammet Aşyrow
06 авг 2022, 18:12
Goý, dynjyny alsyn aýaklaryňdan,

Ýer hem.

Täsinje setirler, "Ukla" diýip uklamaga ündemesini, her gün ukydan galyp ýörenim üçin örän halaadym.
Mahri
06 авг 2022, 20:15
Gowy gosgy menem haladym like++++