Berdinazar Hudaýnazarow:

Aglap duran adamyny geň görmäň,
Aglamak~eňremek aýyp zat däldir.
Diýipdirler ,, geň göreniň alnyna",
Ajy gözýaş hiç kime~de ýat däldir.

Kimiň kalby ýuka, kimiňki galyň,
Munda bilip bolmaz namardy~merdi.
Adam gara gözden ýaş akdyrýandyr
Içine sygdyryp bilmänsoň derdi.
4 лайков 216 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pegas
07 авг 2022, 14:20
Berdinazawr...))
Hiayress
07 авг 2022, 14:34
Derdi bolmasada ýarylyp ýören şerraýlar barlaý. ))
#динара.
07 авг 2022, 16:11
Şu Sapa mugallymam her dürli gep tapywerýä..:)
Maksat
07 авг 2022, 16:24
Hiayress
Derdi bolmasada ýarylyp ýören şerraýlar barlaý. ))

Ýa-da ownuk-uşak zatlary özüne dert edinip aglaýanlar, mysal üçin söýgiden ýananlar, iş tapmaýanlar, öýünde hemme zady bolup bişirip iýmäge ýaltanýanlar ýazyp otursam köpeler, goýaýyn inni:))
Maksat
07 авг 2022, 16:28
Berdinazar H. Gurbannazar E.
Kerim G goşgularyny höwes bilen okaýan.