YLGAMASAŇ, ÜSTÜNLIK ÝOK

Özümiz bir ýerde durup, ýaşaýşymyzyň has gowulaşmagyny
isleýän bolsak, onda durmuşy gözelleşdirmek üçin hiç zat etmeýändigimiz bolýar. Ýaşaýşa nämedir bir zatlar bermek, eliňde baryndan eçilmek, ukybyňda baryny paýlaşmak, bagyş etmek – ömre
many çaýýan zatlaryň biri. Munuň üçin ýaşaýşy, durmuşy söýmek
gerek. Daş-töwerege, özümizi gurşan hal-ýagdaýlara söýünç bilen
bakmak gerek. Durmuşa çynlakaý çemeleşmeli, ony öňküsinden-de
has gowy etmäge, has ajaýyp etmäge çalyşmaly. Sebäbi ýaşamagyň
maksady şol – has gowusyna ymtylmaly. Özi hem özgelere agyr ýük
bolmazdan, gaýry adamlaryň hak-hukugyny kemsitmezden, hut öz
başarnygymyz, öz yhlasymyz, öz arassa we halal zähmetimiz bilen
berjaý etmeli. Diňe öz bähbidimize däl, hemmeleriň haýryna bolar
ýaly ylgamaly. Gazanýan her bir zadymyz, ýerine ýetirýän işimiz,
edýän hereketimiz bütin ömrümiz üçin haýyrly bolmalydyr.
Döwürden üzňe bolmak, ýaşaýşa doýgun nazar, tutuksy garaýyş
bilen bakmak ynsana gelişýän zat däldir. Hatda dindar bolsaňam,
dünýewiligiňi unutmaly däldir. Hersinden özüňe geregini al: diňe
dünýä gymmatyna gyzygyp, halaly-sogaby köýdürme. Diňe dine
berlip, döwrüňi, durmuşyňy ýatdan çykarma. Ýaşamak we ýaşaýşy
has-da gözelleşdirmek üçin dünýewi gyzyklanmalary birjik-de gözden salmaly däldir. Başarsaň eser ýaz, kitap oka, öwret. Höwesiň,
yhlasyň bar bolsa, git, bazara çyk, söwda et. Jaý gur, bina galdyr.
Harytlar nirede geçginli bolsa, haýsy ýeriň bazary şüweleňli geçýän
bolsa, şol ýerlere bar-da, öz başarnygyňy görkez. Bu özüňi açmagyň
ygtybarly we halal ýoludyr.
Sahabalardan Abdyrahman ibn Awf ýigrimi üç ýaşynda Hebeşistana göç etdi. Ondan soňra Medinä hijret etdi. Abdyrahman Medinä
baranynda owrat ýerini örter ýaly geýiminden başga elinde ýa egninde hiç bir zady ýokdy. Diňe ýüreginde ynamy, imany bardy.
Medinä baryp ýetenlerinde, onuň aýdan ilkinji sözi: «Maňa bazary
görkeziň» diýen söz bolupdyr. Soňlugy bilen ol iň baý adamlaryň biri
15
boldy. Üstesine, behişde girjegi öňünden buşlanan on adamyň biri
hem Abdyrahman ibn Awfdyr. Hatda jomartlykda deňsiz-taýsyz görlen Talha ibn Abdyllah hem ol hakda: «Medinäniň ilaty Abdyrahman
ibn Awfa mätäçdiler, ony juda gowy görýärdiler, çünki ol baýlygynyň
üçden bir bölegini karz bererdi. Üçden bir bölegini garyp-gasarlaryň
bergisini üzlüşmek üçin sarp ederdi. Üçden bir bölegini özi alardy»
diýip aýdýar.
Şeýle bolelinlik, rysgy giňlik içinde ýaşasa-da, hiç bir alada-pikir
onuň baş maksatlaryndan öňe geçen däldir. Sebäbi ol owalyny-ahyryny ýaşaýan durmuşy bilen utgaşdyryp, sazlaşdyryp alyp gidýärdi. Ol
ömrüniň manysyna öwrülen beýik maksady üçin irginsiz, üznüksiz
yhlas ederdi. Şol beýik maksady birjik-de unutmazdy. Her ädimi, her
pygly-amaly şol maksadyna laýyk berjaý ederdi.
Dostum, eger-de tanymal şahslaryň terjimehallaryny ýa-da
sahabalaryň, beýik adamlaryň taryhy kyssalaryny okap görseň, olaryň
örän baý, gurply we abraýly adamlardygyny bilersiň. Abubekr Syddyk, Osman ibn Affan we ş.m.
Durmuş ýolunda üstünliklere gyzygýan, ýokary galmaklyga ymtylýan dostum, maksadyňdan dänme, ýöne bu dünýä üçin agyr ýüke
hem öwrülme. Dünýäni göterip bilmejek agyr ýüküňe hem öwürme.
Üstünlikler, şowlulyklar bilen bezelen durmuş ýollarynda maksatly
hereket et. Hak ýoly, dogry ýoly sypdyrman alyp gitmek, yzygiderli
we önjeýli zähmet çekmek üstünlikdir. Ýaşa we ýaşaýşy gözelleşdir.
Iň bolmanda öz pikirleriň, niýetleriň, arzuwlaryň bilen bir gatanç goş.
Maksat goýanyňda, şol maksadyň ugrunda yhlas etmegi ýüregiňe
düweniňde bir hakykaty hergiz unutma: Ýaramaz zada sarp edýän
güýjümiziň ýarysyny ýagşy zada gönükdirip bilsek, biz has uly utuş
gazanarys.




Çeşme:Halallyk kyssalary/15-sahypa
1 лайков 100 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.