Sen hakda

Sen hakda pikir hyýalym
Alyp gidýär meni seniň ýanyňa
„Tur indi!“ diýp yralanda aýalym
Her sözi ok bolup çümýär janyma

Göz ýumýan, ýorgana çümrüp başymy
Hem seň hakda ýene ýuwurtýän hyýal
Tasanjyrap, bürjeşdirip gaşyny
Bir zady duýýan dek, ot alýar aýal

Gijeler enteýäň, gündizem ýatýaň
Çagaňa ýat indi atalyk mähir
Aýtsana ezizim näme beýitýäň ?
Ýa içdiňmi, şerbetdir öýdüp zäher

Göreçleňde yz goýupdyr özge göz
Neneň ol dözdükä aýra salmaga
Çagalary ýyly söze zar edip
Durmuşymyň nowça gülün ýolmaga

Çagalaň ejesi dil ýarmasada
Şu sözler beýnimde döredip owaz
Päklik – garalygy terezä goýup
Ynsabyň öňünde berip dur sowal
2 лайков 134 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
No name
Автор 08 авг 2022, 23:13
awtoryny bilemok,bilýäniňiz ýazaýyň
Soho
08 авг 2022, 23:34
kop dush gelyan waka