Ahwal

AHWAL

Käte sowal berýän:
«Neneň adam men?»
Aýna baksam ýüzüm nätanyş ýaly.
Gözüm ýumsam
keşbim çykýar ýadymdan,
Uka gitsem uçup barýan guş ýaly.

Solýaris kanuny — elhenç sazlaşyk,
Ýaýdanýan, çekinýän, gorkýan aňymdan.
Pikirlerim kem-kem materiallaşyp,
Matal ýöriş bilen çykýar alnymdan.

Gün älemi — hal-ahwallar älemi,
Bolan-bolmuş degresinden gitmeýär.
Alymmy, şahyrmy, telbe-dälimi…
Pikirler, duýgular, sözler ýitmeýär.

Adam bu dünýäde adam gözleýär,
Ruhuna mähriban, süňňüne eziz.
Kemini örtübräk ýalan sözleýär,
ýalanyn ýapmaga gözleýär delil.

Emma sözler uzak sapardan soňra,
Eýesiniň aýagyna baş goýýar.
Arşyň ammaryna goşulyp şonda,
Öz dogduk kalbyny baky boş goýýar.

Jan — göwräniň bir bigünä derwüşi,
Derwüş dymýar, dymyp diýýär:
«Sen neneň?!»
Pikirler — adamyň gaýyp görnüşi,
Ilçi bolup arşa ugrar ruhdan öň.

Haýyr-şeriň labyryndan boşadyp,
Ýola salsa ýaşaýyşly bu kenar,
Adam pahyr garyp göwnün hoş edip,
Arzuwlarny, aýdan sözlerni tanar.

Seýitmyrat GELDIÝEW
2 лайков 91 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.