Gaz uçdy, garga gondy

GAZ UÇDY, GARGA GONDY

Kyblagähim, Watanym,
Saňa diýjek sözüm bar.
Ýaşasam-da goýnuňda,
Boldum bu gün saňa zar.

Ýekirlende seň diliň,
Çykmadymmy howandar?
Mertebesin öz iliň
Goramasaň niçik bor?

Garaşsyzlyk isledim
Men saňa, Ata Mekan.
Eýsem, muny ýürekden
Küýsemedik barmykan?

Geçdi gitdi ol günler,
Kim ýük boldy, kim ýükçi.
Toý gutardy. Çar ýandan
Üýşdi soňra tüýdükçi.

Suw getiren kimsedi,
Kimse-de küýze döwen.
Suwy başyna çekdi
Küýze döwenler bu gün.

Märekede danalaň
Orny boldy çet indi.
Haýp, kimler öňe düşdi,
Kimler gyra çekildi...

Kimleň çyrasy ýandy,
Kimleň çyrasy söndi.
Bu sonarly meýdandan
Gaz uçdy, garga gondy.
2 лайков 148 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hiayress
Автор 11 авг 2022, 17:25
TÜRKMENIM
Bapba Gökleňi ýatlap...

Türkmen, türkmen – türkümdir,
Türkmen meniň görkümdir.
Toklyny satar sekize,
Dümmesin alar dokuza!

Giň goltugy ”garpyzly”
Gaçsa, ýeri boş bolar.
Nätsin dünýä-baýlygy?
Boş söz bilen hoş bolar.

Öz öýünde günlükçi,
Menzil aşmaz ”ah” sesi.
Ol ne hammal, ne ýükçi,
Ne-de ýurduň eýesi.

Gar ýassanar – mal bakar,
Buz düşener – pagta eker.
Ýylda onki aý işläp,
Ýene bergili çykar.

Ýuka görüp aklyny
Wada bilen bakarlar.
”Ber” diýse öz hakyny,
Gözünde ot ýakarlar.

Gyrmyz dony bolar dar
Emma keýpli çagynda.
Kül üstünde orny bar,
Ah, göwni Kap dagynda!

Ýüz ýyl gul bolan halkyň
Derdin müň ýyl aýdyp bor.
Diýildi oňa ”Galkyn!”,
Galkynaýsa, nädip bor?!
Hiayress
Автор 11 авг 2022, 17:28
"PIKIR ETMEK GADAGAN..."

Ne döw çaldy türkmene?
Öz erkine eýe däl.
Duýanok ol dürtseňem,
Gözi açyk. Oýa däl.

Oň iýýäni sadaka,
Kepeni mugt paýlanýar.
Wah, aklyňa sadaga,
Ýeriňe kim oýlanýar?..

Pikir etmek gadagan,
Ýygnanmak, iç döküşmek.
Süýnüp ýatmak gadagan,
Öýlenmek hem öpüşmek.

Döw çalanok, kakdy al,
Ol el çarpyp doýmaýar.
Düýşünde däl, türkmeni
Huşda şeýtan oýnaýar!

Ak WELSAPAR
Aýnur
11 авг 2022, 20:15
Awtory özüňizmi?
#B.S
11 авг 2022, 20:35
Mona Songz
Awtory özüňizmi?

Özüne meňzeşler awtory :)