***
Gyş gijesi gardan ýasan ýüregmi,
Saňa sowgat berdim şol öňki ýerde.
Sen ony öz elleň ýylysy bilen,
Eretmejek bolup galdyň bir derde,
Hem diýdiň: "Gaýdaly" - gyrylan sesiň,
Giden ýaly boldy, galdyrap, üşäp.
Men diýdim: "Baharym, dol gel gujagma,
Menden bidin darap bilen sowukdan
Penalaýyn seni yşgyma büräp.
Ýöne haýyş edýän, diýme "gaýdaly",
"Howa bir maýlasyn..." düşündim sessiz.
Hem seni ugratdym yşk ýapynjaly,
Soň bütin bir gyşy geçirdim sensiz.
Bu gün bolsa yşky gülleň içinde
Bihuş bolup söýgi ysly atyrdan.
Basym tolkunlara döş germek üçin,
Hyýalymda gaýyk ýasap,
joşgunly
Duýgularmyň kenarynda oturdym.
...Ýüregim-ä berdim,
Indi gowşurjak
Güllerimem ösüp gelýär paşyrdap.
Şo-ol sowuk howa-da maýlady, indi,
Gijäni hem geçirse bor daşarda.
***
Bägülleri bu görlen däl köýnegiň,
Bahar düzlerine berýär ýaraşyk.
Hoş hyýally, dörediji dünýäňden
Bu jadyly tebigatyň özi hem,
Meniň bilen çekýär des-deň garaşyk.
Gursagyňdan bütin dünýä dolan ses,
Gyz ýüregiň urgusymy, belki-de
Gülleň yranmasy, guşlaň owazy,
Bakyşlaryň gözellige buýsançmy,
Her bir demiň gözelligiň dowamy?
Zemin göwsün keşdeleýän aýaklaň,
Gyjyndyrýar melul bolan bahary.
Güle düzäp ýöräp giden yzyňy...
(Ýöne olar maňa ýetirip bilmez,
Egniňdäki bägülleriň ysyny.)
Sen bolsa barýarsyň, şu gidişiňe,
Mümkin bilýän dälsiň bagtyň ölçegni.
Seniň syrdam bedeniňe gol urup,
Öz erkine paýrap giden bägülleň,
Seniň gyz bagtyňa sebäp boljagny.
***
Saña şo hal näme aýdyp bilerin,
Çaklamam köp, anyk tutarygym kem.
Saña tarap ýakynlaýan ýollarda,
Tanyşaryn nämelere duşup men.
Tanyşaryn nämelere duşup men,
Bilmek çetin, ýöne bir zad-a belli –
Sataşaryn bir gün, täsin pursatda,
Uzadan elim hem gülsüz ýa gülli.
Muña senem şatlanarsyñ, bilýärin,
Tap getirmän gopgun tapan ýüregñe.
Çyzylar ýaňagyň, alma ýaňagyň,
Aýdylmaly datly sözüň deregne.
Zemin seniň gyz kalbyňdan reňk alar,
Asman seniň görküň deýin görklenip.
Ikimize duşup ýitigin tapan
Dünýäň özem galar bize örklenip.
Biz bolsa dünýeden bihabar halda,
Biçak razy bolanmyzda gözlegden.
Saña şo hal näme aýdyp bilerin,
Hem nämeler okaryn men gözleñden...
Wepa Pirnepesow
Saňa sowgat berdim şol öňki ýerde.
Sen ony öz elleň ýylysy bilen,
Eretmejek bolup galdyň bir derde,
Hem diýdiň: "Gaýdaly" - gyrylan sesiň,
Giden ýaly boldy, galdyrap, üşäp.
Men diýdim: "Baharym, dol gel gujagma,
Menden bidin darap bilen sowukdan
Penalaýyn seni yşgyma büräp.
Ýöne haýyş edýän, diýme "gaýdaly",
"Howa bir maýlasyn..." düşündim sessiz.
Hem seni ugratdym yşk ýapynjaly,
Soň bütin bir gyşy geçirdim sensiz.
Bu gün bolsa yşky gülleň içinde
Bihuş bolup söýgi ysly atyrdan.
Basym tolkunlara döş germek üçin,
Hyýalymda gaýyk ýasap,
joşgunly
Duýgularmyň kenarynda oturdym.
...Ýüregim-ä berdim,
Indi gowşurjak
Güllerimem ösüp gelýär paşyrdap.
Şo-ol sowuk howa-da maýlady, indi,
Gijäni hem geçirse bor daşarda.
***
Bägülleri bu görlen däl köýnegiň,
Bahar düzlerine berýär ýaraşyk.
Hoş hyýally, dörediji dünýäňden
Bu jadyly tebigatyň özi hem,
Meniň bilen çekýär des-deň garaşyk.
Gursagyňdan bütin dünýä dolan ses,
Gyz ýüregiň urgusymy, belki-de
Gülleň yranmasy, guşlaň owazy,
Bakyşlaryň gözellige buýsançmy,
Her bir demiň gözelligiň dowamy?
Zemin göwsün keşdeleýän aýaklaň,
Gyjyndyrýar melul bolan bahary.
Güle düzäp ýöräp giden yzyňy...
(Ýöne olar maňa ýetirip bilmez,
Egniňdäki bägülleriň ysyny.)
Sen bolsa barýarsyň, şu gidişiňe,
Mümkin bilýän dälsiň bagtyň ölçegni.
Seniň syrdam bedeniňe gol urup,
Öz erkine paýrap giden bägülleň,
Seniň gyz bagtyňa sebäp boljagny.
***
Saña şo hal näme aýdyp bilerin,
Çaklamam köp, anyk tutarygym kem.
Saña tarap ýakynlaýan ýollarda,
Tanyşaryn nämelere duşup men.
Tanyşaryn nämelere duşup men,
Bilmek çetin, ýöne bir zad-a belli –
Sataşaryn bir gün, täsin pursatda,
Uzadan elim hem gülsüz ýa gülli.
Muña senem şatlanarsyñ, bilýärin,
Tap getirmän gopgun tapan ýüregñe.
Çyzylar ýaňagyň, alma ýaňagyň,
Aýdylmaly datly sözüň deregne.
Zemin seniň gyz kalbyňdan reňk alar,
Asman seniň görküň deýin görklenip.
Ikimize duşup ýitigin tapan
Dünýäň özem galar bize örklenip.
Biz bolsa dünýeden bihabar halda,
Biçak razy bolanmyzda gözlegden.
Saña şo hal näme aýdyp bilerin,
Hem nämeler okaryn men gözleñden...
Wepa Pirnepesow
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.