Wysala ýetmedik söýgi ýa-da ajy aýralyk.

Wysala ýetmedik söýgi ýa-da ajy aýralyk. Sen gitdiñ..."

"Bu dañ öñkilerden şeýle üýtgeşik.
Meni senden, seni menden aýyrdy."

Sen gitdiñ - gözeller kän dünýäde sen şolaryñ biridiñ. Aşyklar kän dünýäde men olaryñ biridim. Aýra düşen ykballar kän dünyäde biz şolaryñ biridik. Hüýrler ýaly görküñ, gunça ýaly lebiñ, umman ýaly gözleriñ, tolkun ýaly gaşlaryñ özüme dözülmedik arzuwym, nesip etmedik täleýim. Bir ömürlik armanym.. Saçlaryñ tarypyna deñäre zat tapmadym zeminden. Şol gözellikleriñ baryny özünde jemlän näzik beden dilberim. Özge şire olja bolan jerenim, özge ýigide gelin bolan dilegim.

Gözleň çydamymy synaga salýar,
Sözleň gülle bolup ötýär içimden.
Saňa duşup, haýallady hyýallam,
Saňa duşup, galdym wagtyň göçünden.
(S.H)

Sen gitdiñ - sen gideniñsoñ bütin älem boşap galaýjak ýalydy. Diýýälerä "Ýeke adamlykdymy bu şäher sen gidensoñ boşap galdy" -diýip. Ýöne mende beýle bolmady seniñ ýoklugyñ menden başga ynsanyýete täsirini ötürmedi. Köçeler, ýollar, baglarda güllerden bal çöpleýän arylar, saýraýan guşlar gara başagaý işe, dükana, ykbalynyñ indiki duralgasyna howlugýan adamlar hemme zat edil öñki-öñkilik. Emma sen gideniñsoñ boşap galan men boldum. Ruhum tenimi terk edip indi mende lagşap galan bedenden we hasrat doly ýürekden başka hiç zat galmadyk ýaly..

Boljakdym mydama seniñ ýanyñda,
Baky galjakdym men seniñ janyñda,
Emma göwnüm çöküp barýan çagynda,
Derdime dert goşup menden gidersen,
Gitseñ yza haçan gaýdyp gelersen?!
(?)

Sen gitdiñ - gitmezligiñ mümkinmidi näme? . Sebäbi saýlaw biziñ elimizde däldi.. Karary özgeler kabul etdi. Biz bolsa ýowuz kysmatyñ elindäki oýunjagy bolduk. Sen meniñki, menem seniñki bolmalydyk emma seni menden, menide senden aýyrdylar. Söýgimi? Baýlyk öz göçümini göçüp durka söýgi çete çekilip durmakdan başga pişe edip bilmeýän eken. Menhem söýgüme baha kesip durkalar bir çetde sessiz synlap durdym. Sebäbi men garyp söýgümden başka gymmat baha hiç hili ele ilerlik zadym ýokdy. Söýgümi bolsa gymmat baha diýip hasaplamadylar. Ýok, ýok men hiçkimi günäkärlejek bolamok. Bary ýogy nesibämiz aýry eken başa gürrüñ artykça..

Açylmadyk dünýädiň sen meň üçin,
Men sende juda kän, kän syry gördüm.
Şonda-da her gezek ýylgyran çagyň,
Syrly ýylgyrşyňy gowluga ýordum.
(S.H)

Sen gitdiñ - hany aýralyga sebäp seniñ dogry manyda gitmekligiñ bolanda. Beýle agyr degmezdi eger sen daşary ýurda ýa-da başga şähere çemadanyñy alyp gideniñde. Emma saña gidýäñ diýmekden görä barýañ diýmek dogry ýaly sebäbi seniñ gidýän ýeriñ ýok barýan ýeriñ bolsa öýñüzden onçakly uzakda hem däl.. Seniñ barýañ baranyñda-da gelin kürtede, al ýaşyl öýmede barýäñ! Dogruragy alyp gidýäler..

Özgä nesip boldy seniñ gül roýuñ,
Bir ölmedim synlap suratyn toýuñ,
Ne kylsamda ahyr almaly boýun,
Öçmejek söýgüm diýp ýatlaýan seni.
(H.M)

Sen gitdiñ - seniñ söýgüñ bilen men asmanlarda, bulutlarda ýaşaýardym. Indi bolsa men sowuk köçelerde ganatsyz guşa däl, ganatsyz garynja ýaly örmeläp ýörün yeriñ oýly beýiginde. Meni gynandyrýan zat seniñ bilen gijäñ bir wagtyna çenli haýsydyr bir agajyñ saýasynda egin-egine, el-ele berip oturyp, bilelikde süýji arzuw hyýallara berilip bilmedik. Göreçler-göreçlere, dem-deme, leb-lebe arman boldy bu söýgüde.

Sen arzuw ederdiň azan aýdylsa,
Soň aglardyň başyň goýup egnime.
...Gözýaşlarmy dakyp gaýtdym gaýdamda,
Olar indi sümsüledir ömrüňe.
(?)

Sen gitdiñ - eşidişime göra saña gyñaç dañypdyrlar adaglanypsyñ. Söýen biri adaglan biri boldy duryberdi. Men seni söýen wagtym ol nirdedi? Oña adaglanyp durkañ men nirdedim?.. Düşinmän galdym ykbalyñ bu oýnuna. Seniñ barmaly oglanyñy goýdular garşyma garşydaş edip. Ol rakybym boldy emma goreşsiz ýeñildim men. Ene-atalarñyz kesgitläpdir ykballarmyzy. Ejize ganym boldular, baýa garyp etdiler. Daşa dişim ötmedi, daga boýum ýetmedi nädeýin seni ellerimden soguryp aldylar.

Bir günem üstüme ýykyldy dünýä,
Ýaglygyňy sogrup gyňaç daňdylar.
Biz birek-biregi ynjytjak däldik,
Ejeler durmuşy kynlaşdyrdylar.
(Ý.Ç)

Sen gitdiñ - käte gijeler alabassyly düýş görüp basyrganyp gözümi açýan we bar zadyñ huşumda bolup durandygyna, düýş däldigine göz ýetirýän. Nädip şeýle zatlar bolandygyna düşünjek bolýan. Ýäşap ýörün emma indi bagtsyz ýaly bir wagt bagtly bolandygymada şübhelenýän. Ýüregim indi bedenim üçin barda ruhum üçin ýok ýaly. Ne gülesim ne-de aglasym, ne ýaşasym ne-de ölesim, ne gidesim ne-de galasym, ne ýöräsim ne-de durasym gelýär. Edil isleglermi, ýaşaýş durşymy kadalaşdyrýan beýnim sogrulan ýaly.

Bilýäňmi özüň?!
Gitseň, asman reňkin döker, dag çöker,
Umman çöker, galar hoňkaryp hana,
Çöller çöker, güller çöker dyzyna,
Gözýaş çöker ýüregime, eý janym!

Gitmesene umytlarym ukladyp,
Saňa çaksyz ynanypdyr ýüregim…
(L.P)

Sen gitdiñ - Pariždaky eýfel ýaly gözel duýgularym Hirosimanyñ partladylşy ýaly ýykan ýumran boldy. Haýsydyr goşgudaky "Seniñ beren bet bagtlygyñy, Çalyşman özgäñ bagtyna" diýlişi ýaly seniñ beren ezýetiñem eziz meniñ üçin. Gije asmanda aýa seredip görsem aýam sensiz gamgyn ýaly. Günlerem sowap barýar bu ýyl gyş ir geler diýýäler. Ýok bu sowuga pasyllaryñ ýa tebigatyñ dahly ýok. Aýralygymyz antarktida-da gopan buz dagy ýaly sowatdy güneşli zemini.

Saña duşup gaş kakdymmy başga men,
Senden özgä bakan bolsam käşkä men,
Indi adyñ ýazyp bilmen goşga men,
Özgäñ namysy diýp ýatlaýan seni.
(H.M)

Sen gitdiñ - Megerem Şamyrat Orazow "Aýralyk" aýdymyny aýtmagyna-da biziñ ykbalymyz sebäp bolan ýaly. Seniñ bilen nähili bagtlydym men. Gündizler medenýetli paýhas bilen gürleşsek gijelerne başartmazdy duýgular. Mende öñem söýgi we aýralyklar bolanyny bilýäñ. Olaryñ yzasy entägem bitenokdy indi senem gidip barýañ kalbymda bir oýuk bolup. Gündizlerne ýeñ bermeýän gaýgylam gijelerne hanjar sokýar kalbyma. Haýsydyr goşguda, haýsydyr aýdymda ykballarmyza meñzeş ýerleri bolsa sen düşýärsiñ ýadyma. Damagym dolýar aglap bilemok. Ykballarmyz aýry eken ezizim. Men ýomut ogly sen bolsa teke gyzy atlarmyz agzalmady bir ýerde. Her näme bolsada beren söýgüñe, duýglarña we bagtyña minnetdar senden. Hiçkim meni seniñ ýaly söýmändi indem söýülmerin häzirki ýaly. Hoş gal meni mendende artygyrak söýen dilber. Bagtly bol ýörän ýoluñ bagtdan püre-pür bolsun. Nesibeli oglanyñ meniñ berip bilaýjek bagtymdanan iki esse bagtly etjegine ynanýan. Meni hem oýlap ýörme kalbyñ töründe süýji bir ýatlama bolsam bolýa göwün işiginde hoş gal ýürekdeşim, bagtly bol ýüregimdeş...

Dan atdy...
Bu dan onkilerden seyle uytgesik.
Meni senden,seni menden ayyrdy,
Her gunki bagt bn uran yuregim
Bu gun meni ahli zatdan doyurdy.
(Mahym)


Awtor: mrokas
0 лайков 215 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.