Garawulhanadaky gürrüňçilikler - 1: SETDAR

GARAWULHANADAKY GÜRRÜŇÇILIKLER (Kökenli hekaýatlar) 

BIRINJI TOPLUM 

AWTORDAN 

Pensiýa ýaşyma çenli entek alty-ýedi ýylyň bardygyna garamazdan, saglyk ýagdaýyma görä, sungat ugurly ýokary okuw jaýlarynyň birinde tutuş üç ýyllap garawulçylyk etmeli boldum. 
Şonda men her üç günden bir gezek, on iki sagatlyk gelýän darajyk garawulhanamyň içinde köp-köp täsin adamlar bilen tanyşdym, öňden tanaýanlarym bilen bolsa has ysnyşdym. 
Meni olara golaýlaşdyrýan täsin gürrüňçilikler hususan-da baýramçylyk gijeleri bolup geçýärdi. Çünki, şolar ýalyda rektoryň ýörite buýrugy esasynda garawulyň gapdaly bilen mugallymlaram gezek-gezegine nobatçylyk çekýärdiler. Aýal-gyzlar gündizine, ir sagat sekizden agşam sagat sekize çenli, hersi dört sagatdan, erkek kişiler bolsa şondan soň tä ir sagat sekize çenli hiç kim bilen çalyşmazdan oturýardylar. Ýöne, gündizkiler ýaly bir bolup däl-de, iki bolup oturýardylar. 
Olaryň üýtgeşik etmeli zatlary ýok. Käte bir ondan-mundan ätiýaç üçin edilýän telefon jäňlaryna jogap berseler, ähli zadyň ýerbe-ýerdigini, asudalykdygyny aýdyp aňyrkyny köşeşdirseler, bardyklaryny bildirseler bolany. 
Gitjekler gidip, jaňlaryň sesem birneme kiparlaşyberenden soň, okuw jaýynyň diwarlary dürli suratlar, şygarlar bilen bezelen, «şarňyldap» duran giň foýesini ýürekgysgynç ümsümlik gaplap alýar. Ana, hut şondan soňam, gök çaýyň başyndaky şol, ýürekdeş gürrüňçilikler başlanýar. 
Elbetde, ol gürrüňleriň arasynda eglenmän duşuňdan geçip gidýän mesaýylaram, ownugraklaram, ykdysadyýete, syýasata, döwre, gün-güzerana degişlilerem, ahlak, söýgi, mertlik-namartlyk, maşgala, ogul-gyz terbiýesine, ar-namys meselelerine degişlilerem boldy. Geriminiň has giňäp, sowatly bilsek-bilmesek ýüz ýyldanam gowrak wagta çeken baknaçylyk döwründe gadagançylyga düşen, özbaşdaklykdan soňam näme üçindir pajarlap ösübermeýän türkmen taryhyna tarap ugur alyberýän gezeklerimizem bolýardy. Ýöne, barybir durmuşy temalar, döwrüň hut özüne degişli ynjyk hem wajyp meseleler agdyklyk edýärdi. 
Ine, menem şu ýerde şol gürrüňçilikleriň esasynda dörän käbir hekaýatlarymy siziň dykgatyňyza hödürlemekligi makul bildim. 

1. SETDAR 

Garawulçylyga başlanymdan soň meniň bilen ilki dostlaşanlaryň biri rektoryň sürüjisi bolup işleýän daýanykly, ullakan ala gözleri oýnaklap duran, eňegini taýzaryp, her sözüne bat berip, göwresini öňe-yza leňňerledip gepleýän Setdar atly ýigit boldy. 
Rektory eýläk-beýläk äkitmekden boş wagtlaryny ― beýle ýagdaý bolsa seýrek bolmaýar ― gije bolsun, gündiz bolsun, baýramçylyk ýa adaty gün bolsun, tapawudy ýok, ol garawulhana girip, meniň bilen «gümür-ýamyr» edip geçirýärdi. Ilki görenimde dogrusy meniň ony gaty bir jynym almandy, inim söýmändi. Daşyndan seredeniňde ol birhili ulumsy, hyýrsyz görünýärdi. Emma kem-kemden men onuň bilen öwrenişdim. Uluja oglum bilen gözlije ýaşyt bolan ol ýigit diýseň ýürekdeş, sypaýy, edep-ekramly, akylly, ýaş başyndan durmuşyň köp kynçylyklaryny gören, köp zatlardan baş çykaryp bilýän salar ýigit bolup çykdy. Beýleki garawullar bilen näme hakda gürrüň edýänimi bilemok, ýöne maňa-ha ol köplenç özüniň goşun gullugyna gidişi, Sibiriň çet bir ýerine baryp düşüşi, şol ýerde bir ors maýorynyň özüne iki ýyllap hossarlyk edişi iýr-iýmiş ammaryna hojaýyn edip belleýşi, üstesine öz gyzy bilen tanyşdyryp, onuň bilen gezmäne açykdan-açyk rugsat edişi, kähalatlarda öýüne äkidip iýgiden-içgiden mes edip goýberişi barada öz agzynam, meniň agzymam suwardyp gürrüň berýärdi. Meniň ýazyjydygymy bilip, ol gürrüňçilige hasam höwes bildirip başlady. Bir günem gürrüňçilik döwür, döwrüň kynçylyklary, ahlak meselesi, soňky wagtlarda metbugatda-da, radiodyr-telewideniýede hem köp agzalýan, hatda telewideniýe boýunça eden çykyşlarynyň birinde döwlet ýolbaşçysynyň hut öz agzyna hem düşen jelepçilik barada gitdi. Men ondan: «Şeýle zatlar dogrudanam barmy, köpeldimi», diýip soradym. Şonda ol uzak wagtlap aşak bakyp dymyp oturdy. Ynjady. Ýüzi gyzardy. Ajymtyk ýylgyryp başyny ýaýkady. Haýsydyr bir gürrüňe başlajak ýalam etdi-de, ýene-de dymdy. Şeýdibem turup gitdi. Geldi-de, gapynyň agzynda, aşak bakyp birgeňsi ýylgyryp durşuna: 
― Bar, ýaşuly, bar ― diýdi. ― Ýaňky diýeniň bar. Kän. Gowusy men saňa bu barada hem hut öz başymdan geçen bir wakany gürrüň bereýin ― diýdi. 
Siziň bu zatary bilmegiňiz gerek, sebäbi siz döwrüň aýnasy. Belki bir wagtlar bu zatlar barada ýazmaly bolmagyňyz mümkin. 
― Şeýtsene ― diýip, men oňa gapdalyndan ýer görkezdim. Jürnüginiň döwük ýeri şampan çakyrynyň dykasy bilen emelsiz päýneklenen çäýnegimdäki ajy çaýyň iň soňuny sarkyp oňa berdim. Täze çaý oturtdym. ― Ýeri bakaly... 
― Isleseňiz ahlaksyzlyk biliň, isleseňiz söýgi biliň, men bir gelin bilen bäş ýyla golaý gatnaşdym ― diýip, Setdar çaý owurtlap oturşyna gürrüňe başlady. ― Özümizem iňňan gowy görüşdik. Has takygy men ony söýdüm. Bir gün görmesem kararym ýetmeýärdi. Iň bärkisi telefonda gürleşmelidim ýa aýak üstünden görüp gaýtmalydym. Göwnüme bolmasa bu oňa-da kem akmaýan ýalydy. Ugruna ýykyldygymsaýy göwni galkýardy. Begenýärdi. Tebigaty boýunça sadady. Ynanjaňdy. Şol häsiýetleri üçinem men ony gowy görýärdim. Maňa duşanda ol daş etraplaryň birinden gelip özüne iş gözläp ýör ekeni. Okuwa giräýmek höwesem ýok däldi. «Äre bardym, aýrylşdym, öz günümi özüm göreýin, diýibem bäri gaýtdym» diýýärdi. Aýrylyşannyň sebäbini aýtmady. Menem sorap durmadym. Aslynda onuň hiç kime barmadyk, aýrylyşmadyk bolmagam mümkindi. Alla bilsin! Ýöne, ýaňky aýdyşym ýaly gowy gördüm-de, hossarlyk etmegi ýüregime düwdüm. Bir aljyrap ýören naçar maşgalany bela-beterlerden, erbet niýetli adamlaryň hapa penjelerinden goraýyn diýdim. Şeýtsem sogap gazanaryn öýtdüm. Kireýine jaý alyp berdim, tölegini özüm töledim. Ýöne, okuwa welin salyp, ylym, bilim berip bilmedim. Oňa ýagdaýymam ýokdy. Soňabaka okuw meselesini onuň özem agzamady. «Şu edişiň ýaly eýelik etseň bolýa, maňa başga hiç zat gerek däl diýdi. Aýalyňdan aýrylyş, meni nikalap al diýen ýaly sözleriňem üstünden barmady. Ikinjiň edip alaý hem diýmedi. Soňabaka garny doýup jikgerilip başlady, ýüzi-gözi, häsiýeti üýtgedi diýsemem ýalançy. Meniň çakyma görä aýak basyşam dürsdi. Ol wagtlar men bir firmada işleýärdim we gowy gazanýardym. Her iki-üç günden bir gezek sowutgyjyny azyk önümlerinden doldurup gidýärdim. Özümem islän wagtym ýanyna barýardym, iýip-içýärdim, keýp çekýärdim, islän wagtymam gaýdýardym. Ýatyp gaýdýan gezeklerimem bolýardy. Ýöne, öýe syr bildirtmeýärdim, çagalarymy gözden salmaýardym, olara bolan ünsümi, terbiýämi, gowşatmaýardym. Olaram hiç zat aňmaýardylar. Işimiň ylgawlydygy peýda eden bolsa gerek, aýalymam maňa ir gitdiň ýa giç geldiň, diýip iňirdemeýärdi. Şeýle-de bolsa men ol gelniňkide kän ýatmajak bolýardym. Öz öýümden öräýenimi kem görmeýärdim. Şonuň üçinem, iýip-içip, işimi bitirip boldygym turmak bilen bolýardym. Dogry, ol ýerde men gowy dynç alýardym, köňlüme aram tapýardym, ýadawlykdan açylýardym, ýöne, öz öýümden, çagalarymdan ileri tutmaýardym. Käbirleri ýaly şondan başga zatlaryň ählisiniň üstünden atanak çekmeýärdim. Dünýäni unutmaýardym, Hudaýy ýadymdan çykarmaýardym. Öz edýän işimiň günäli taraplaryny görmeýärdim. 
Tanyşlygymyzyň ilkinji günlerinden başlap biziň ikimizde-de maşyn almaklyga bolan höwes döredi. Şonuň üçinem, men onam öz işleýän firmamyň golaýyndaky döwlet edaralarynyň birine, ýeňilräk bir işe ýerleşdirdim. Ol muňa begendi. Bäş ýylyň içinde bir maşyna ýeterlik pul toplandy. Indiki ýylyň tomsy biz eýýäm öz maşynymyz bilen deňize dynç almana gitmelidik. Şunça ýyllap öwrenişenimizden soň men oňa hasam ýüregimi beripdim we aýrylyşmak barada pikirem etmeýärdim, gaýtam bile ýaşaljak gelejekki günleri hasam lezzetli geçirmek barada göwün ýüwürdýärdim. Onuňam şol pikirdedigine ynanýardym. Dogry, ol käte oýa batyp, uzak wagtlap içini gepledip oturýardy. Men muny onuň çagasyzlygyndan görýärdim, bäbek barada arzuw edýändir, wagtynyň geçip barýandygyndan höwnurgaýandyr oýtýärdim, ýöne, bu hakda onuň özem agzamaýardy, menem dil ýarmaýardym. Ol mesele biziň üçin entek öňde duran, indi çözülmeli meseleleriň biridi. Belki-de, iň esasydy. Umuman, ikimizem lezzetli, uzak ömür sürmek barada oýlanýardyk, birek-birege wepaly bolmak, ikilik etmezlik barada äht edişýärdik, birek-biregi hasam yhlasly söýjekdigimiz barada wadalar berişýärdik. 
Emma... Adam köp zatlar barada göwün ýüwürdýär, ýöne maňlaýyndan nämeleriň çykjakdygyny welin, Biribardan başga bilýän ýok. 
Ýadyma düşýär, täze ýyl baýramçylygynyň yz ýanlarydy. Şol gün men işden soň söýgülimiň ýanyna dolup-daşyp bardym. Elten zatlarymy aşhanada goýdym. Ol o zatlary sowutgyja salýança, biş-düş taýýarlaýança diwana geçip gyşardym. Taýyn bolan naharlar orta gelendenem men oňa indiki dynç güni maşyn üçin bazara çykjakdygymy aýtdym. «Menem bile gitjek» diýdi. «Bor» diýdim. «Nädip maşyn alanyňy öýňüze nädip düşündirjek» diýdi. «Aý bir bahana taparyn ― diýdim. ― Oglanlaryň biriniňki ynanç haty bilen waglaýynça aldym, diýerin, galanynam görübiris»... 
Bakyşyp iýdik, dyz çakyşdyryp «Чёрные глаза» çakyryndan içdik, soň düşege geçdik, birek-biregiň mährinden gandyk. Eger-de şol pursat tötänden jaň gelmedik bolsady, onda biziň ol süýji pursatlarymyzyň ýene bir sagadamy, bir aýamy, bir ýylamy, ýa on ýylamy, ömürboýunamy, näwagta çenli çekjekdigi belli däldi. Gelin trubkany göterdi-de, gözlerini tegeläp maňa seretdi. ― Seni soraýalar... 
Şol telefonyň belgisini diňe doganoglan agam bilýärdi. Öz içki syrymy men diňe şoňa aýdýardym. Şonuň üçinem! «Adamçylykdyr, birden gyssagly gözlemeli bolsaňyz, öýde we işde-de ýok bolsam, şu ýere jaň edäýiň» diýipdim. 
Şonuň üçinem juda zerurlyk ýüze çykmasa ol o ýere jaň etmeli däldi. Asyl onuň şeýle bolan gezegem ýokdy. Bu gezek welin, hakykatdan-da zerurlyk ýüze çykan ekeni. Ýagny, ýüz kilometrden gowrak uzaklykda ýerleşýän obadaky ýakyn garyndaşlarymyzyň biri ýogalan ekeni-de, biziňkilerem gyssagly ugramakçy bolup dur ekenler. Agamyň sesi howsalaly çykdy. «Ýet, elinjek ulag bar, ertir irden çykarjakmyşlar, şu gije barsak ylaýyk bolýar» diýdi. 
Trubkany goýdum-da, gelne ýagdaýy aýtdym. Howul-hara geýindim-de, ugramak bilen boldum. Ol meni gapa çenli ugratdy. Hoşlaşmak üçin aýaklarynyň daraklygyna galdy-da, dodagyny çommaldyp maňa tarap öwsün atdy. Ogşadym. Onuň bilenem kanagat etmän bagryma basdym-da, ümdüzime çykyp gitdim.
Barsam dogan-garyndaşlarymyz üýşüpdirler. Hemmesi maňa garaşyp durlar. Iki maşyn bolup derhal ýola düşdük. Birdenem gar uçganaklap başlady. Şäherden çykaýançak torgaýlady. Hä diýmänem on ädim aňryny saýgarar ýaly bolmady. Ýolda maşynlardan dykyn emele geldi. Hereket kynlaşdy. Onda-munda ýoldan çykyp çäşerilişip ýatan, ýeňil-ýelpaýrak çakyşan maşynlar görnüp başlady. Bu ýagdaýda beýle uzak ýoly geçmek mümkin däldi. Öňümiz bolsa gije. Yza dolanmaklygy makul bildik. Gaýtdyk. Her kim öýli-öýüne dargady. Menem öýe bardym-da, daşky eşiklerimi çykarmana durdym. Şol wagt meni erbet uky basdy. Ýatasym geldi. Diwana geçip gyşardymam. Emma, hernäçe gözüm bürlüp barýanam bolsa uklap bilmedim. Agdaryldym, dönderildim, arasynda birki ýola daş çykyp geldim, şeýdibem ukydan açyldym. Birdenem göz öňümde şol gelniň keşbi peýda boldy-da, kalbymda onuň ýanyna gitmek höwesi döredi. Sagada seretdim. Onuň ýary. Aýalymdan, çagalarymdan çekinip jäň etmekden saklandym. Olara: Siz ýatyberiň men zerur birini görmelidim, basym gelerin, gelmesem habarymy ýetirerin, diýdim. Geýindim. Daş çykdym. Taksi tutdum. Bardym. Ikinji gata çykyp, bäş ýyla golaý gelip-gidip ýören beletje gapymy açmak üçin açar gözlap elimi jübüme sokdum. Emma elime degen zat bolmady. Galypdyr. Eşigimi çalşyranymda o jübümde galan bolmaly. Kakdym. Gapy wagty bilen açylmady. Men gelin öýde ýokdur, bir ýana çykandyr ýa-da men ýok bolamsoň içi gysyp tanyş-bilişleriniňkä gidendir öýtdüm. Jaňlaşman gaýdanyma ökündim. Yzyma dolanjak ýalam etdim-de, göwnüme bir zat gelen ýaly ýene-de ýekeje gezek kakyp görmekligi makul bildim. Kakdym. Şondan soň içerden aýak sesiniň «çygşyldasy» eşdilen ýaly boldy. Birdenem gapynyň gulpy «şykyrdady». Işik bir sere ýaly açyldy. Şojagaz yşdanam haýsydyr bir erkek kişiniň kerpiç ýaly ýasy humardan ýaňa gerçiräp duran dym-gyzyl ýüzi göründi. Onuň özüm bilen deň-duşrakdygyny çakladym. Gapymy ýa jaýyň gatyny ýalňyşaýdymmykam diýip, bir ädim gaýra çekildim-de, daş-töweregime garanjakladym. Ýalňyşlyk ýok. Oňa çenlem ol ýigit ýokarky dodagynyň sag tarapyny ýokarrak çekäge-de ýogyn sesi bilen: «Kim gerek?» diýdi. Şol wagtam onuň aňyrsyndan meniň bäş ýyl bäri apalap ýören söýgülimiň aksowult ýüzi görnüp gitdi. Doly synlap ýetişmesemem onuň içki eşikdedigini aňdym. Ýigidem diňe türsüli durdy. Ganym depäme urdy. Çalarak çekildim-de, gapyny r-ras depdim. Gapy serpildi. Onuň badyna ol ýigit duran ýerinde birnäçe gezek pyrlandy. Men böküp içeri girenimde onuň ýüzi aňrydy. Şonuň üçinem, botinkaly aýagym bilen syrtyna jaýdar depdim. Ol, ýesir düşen nemes ýaly iki elinem galdyryp töre tarap tüwdirildi-de, göni aňyrky diwara ýabşyryldy. Menem «şark-şurk» gapyny içinden gulpladym-da, ylgap baryp, ýaňy bir diwary sermeläp aşak syrylyp ugran ýigidiň türresine ikinji gezek depdim. Ol bärsine öwrüldi-de, türresiniň awusyndan ýaňa gözlerinden ýaş paýradyp durşuna: «Ja-an dost, urma», diýip ýalbardy. Omadaklap baryp bir burçda düýrlengi ýatan balagyna ýapyşdy. Emma meniň gulagyma ol wagt nalyşam eşidilenokdy, haýyşam. Gahar hetden aşypdy. Özüme erk edip bilmeýärdim. Sag elimiň ýumrugy bolsa eýýäm onuň tumşugyna ýetip barýardy. Ýumruk bilen tumşuk tapyşandanam onuň agzyndan, burnundan gan gidip başlady. Ýykyldy. Men ony ýatan ýerinde depgiläp başladym. Ol bolsa henizem: «Waý, indi urma, men gitjek» diýip gygyrýardy. Soňabaka ol «iňňildä», «hykgylda» geçdi. Ses üýnden galandan soň men ony ýençmekligi wagtlaýynça goýbolsun etdim-de, häliden bäri: «Waý işim gaýtdy» diýip, iki-baka gaýmalaklap ýören gelniň hekirtmeginden aldym. Iki ýaňagyna taýly gezek şapbatladym. Soňam güýjimde baryny edip, sag elimiň aýasy bilen ýüzi kessir ýelmedim. Urgynyň zarbyna ýere ýykylandan soň men onam birmeýdan depgiledim. Gaharym welin köşeşmeýärdi, gaýtam barha güýjerleýärdi. Şol pursat men näme edip näme goýýanymy bilmeýärdim. Bäş ýyllap öz maşgalamdan eý görmesemem kem görmän sag elimiň aýasynda saklap, tüweleme, gara ýer ýaly diýip, apalap ýören maşgalamyň şeýlekin dönüklik edip biläýşi meniň akylyma sygmaýardy. Beýle zatlar bolar diýip ýatsam-tursam, ýadyma-oýuma düşmeýärdi. Muny maňa başga biri aýdan bolsa ynanmazdym. Duşmançylykdan aýdýandyr, gep gezdirýändir, öýderdim. Emma hemme zat meniň hut, öz gözlerimiň öňünde bolup geçdi. Sorog-ideg edere, düşünişere zerurlyk ýok. Hemme zat düşnükli. 
Gelin usurgaberende ýigit gymyldap başlady. Men gelni taşlap ýene-de onuň daşyna geçdim. Ýene bir meýdan ýençgiledim. Depgiledim. Soň baryp ýene-de gelne ýapyşdym. Ol wagt mende onuň elini, aýagyny, gapyrgasyny döwerin, melamata galaryn, jogap bermeli bolaryn, diýen pikir ýokdy. Men diňe bir zady bilbärdim, içimi sowatmalydym, urmalydym, ýençmelidim, ýöne, öldürmeli däldim. Ine, şoňa welin akylym ýetýärdi. Ahyram özüm ýadap özüm goýdum. Demimi dürsemek üçin diwanyň üstüne çökdüm. Daşky eşiklerimi ýeňletdim. Akan-dökän bolan saçagyň üstüne göz gezdirdim. Şol bir men gidenimdäki bişirilen tagamlar. Ýarty çüýşe aragymam şol durşyna dur. Bir üýtgeşik zat ― o-da düýbünde sähelçejik galan konýak çüýşesi, gowrulan kolbasa, ýumurtga, üç-dört sany alma, nar, bir salkym üzüm. Diýmek, ol ýigit şolary getiripdir. Ondan daşary näme getiripdir? Gyzyl zynjyrmy? Tylla gulak halkamy? Ýüzükmi? Pulmy? Dollarmy? Eşikmi? Ony men bilemok! Şu olaryň ilkinji duşuşyklarymy? Ýa o gelin gatnaşan döwrüniň ähli dowamynda meniň gözüme çöp atyp, meni birsyhly aldap, onuň bilen duşuşyp gelipmi? Ýa täze tapypmy? Ýa her gün birini getirip kireý edipmi? Bu ýigidem şol her gündäkileriň birimi? Onam bilemok! Bilmegem islämok! Şolaryň haýsy bolaýanlygynda-da meniň üçin tapawudy ýok. Olaryň hiç birem o wagt maňa teselli berip, ýa ýüregimi köşeşdirip biljek däldi. 
Men özümden galan aragy uly käseleriň birine guýdym-da, bir demde başyma çekdim. Öz getiren önümlerimden bişirilen nahardan çalarak garbandym. Ýene-de içdim. Şeýdip birneme özümi dürsänimden soň turup ýene-de ol ikisini gezek gezegine ýençgiledim. Gelniň ýakasyndan silterläp: «E-eý, ganjyk! Nämäň ýetmedi! Nämä zar bolduň? Ýa aç bolduňmy? Ýalaňaç bolduňmy? Ýa gijän ýeriňi gaşap, gijigiňi gandyryp bilmedimmi?» diýip gygyrdym. Soň sandygy açyp maşyn üçin ýygnan pullarymyzyň hemmesini çykardym. Dogry, onuň içinde ol gelniňem goşandy ýok däldi, aýlygyndan az-kem goýýardy, şeýle-de bolsa men ol pullary deň ikä böldüm-de, ýarysyny yzyna saldym. Ýarysynam alyp gitmek üçin getirip diwanyň üstünde goýdum. Goýýan ýerine belet bolanymdan soň öz halal pulumdan äberenje gyzyldyr-kümüş şaý-seplerimiňem ählijesini çykaryp pullaryň gapdalynda goýdum. Şol zatlary salar ýaly päket gözläp aşhana çykdym. Dolanyp gelsem gelin süýşenekläp barypdyr-da, diwanyň üstündäki pullary, şaý-sepleri gysym penjeden çekip alyp bagryna basýar, kükregine öýkäp aglaýar. Gök-dalak bolan ýüzüni maňa tarap öwrüp, tümmül bolan böwrege dönen dodaklaryny müňküldedip bir zatlar diýjek bolýar, emma agzam gowşanok, dilem ysanok. 
Men onuň saçyndan tutdum-da, arkanlygyna agdaryp goýberdim, syrtyna-da üç ýola depdim, ýüzugra bolansoň boş geçmäýin diýip ýaňy bir balagyny goltuklap gapynyň agzyndaky köwşüne tarap süýşenekläp ugran ýigidiňem her gomuna bir gezekden goýdum. Agzymy gulagyna golaýladyp: «Nirä barýaň? Ýat! Sen indi şu ýerden gabrystana gidersiň» diýdim. Ýigit birki gezek düýrülip ýazyldy-da, çaga güjük ýaly naýynjar çyňsady. Gelin ýatan ýerinde ýene-de pullara tarap elini serdi. Men oňa satyn alyp beren gymmat bahaly eşiklerimem almak üçin şifoneriň ýanyna bardym. Ýöne, näme üçindir ol hyýalymdan el çekdim. Pul bilen şaý-sepleri pakede dykdym-da, telefonyň ýanyna bardym. 03-i aýladym. «Tiz kömegi» çagyrdym. Öýüň salgysyny berdim. «Iki sany agyr syrkaw bar, geliň-de ýygnaň» diýdim. Şeýdibem çykyp gaýtdym, öýe baryp pakedi aýalymyň öňüne okladym. «Birinde lomaýja algym bardy welin, ýetirnibilmän esli bölegini şaý-sep bilen hasaplaşdy» diýdim. 
― Ine, agam, meňň-ä saňa berjek gürrüňlerim şundan ybarat ― diýip, Serdar «kih-kih» güldi. ― Nähili garaýaň sen şu zatlara? Dogry, meňkäm ters. Aýalym, çagam barka, başga biri bilen baş goşup, özümiňkileriň agzyndan kesip oňa berip ýörüşim dürs däl. Urup ýenjişimem dogry däl bolmagy mümkin. Ýöne, näme-de bolsa şol şeýle boldy. Bolan zady ýaşyranyňdan peýda ýok. 
― Gow-a bolmandyr ― diýip, men ýerimden turdum-da, «lasyrdap» duran çäýnegiň içindäki gaýnajgyjyny tokdan sogurdym. Täzeden çaý demledim. 
Serdar ýene-de güldi. 
― Meňki bolmanmy ýa oňky bolmanmy? 
― Başda seňki bolmandyr, soň oňky bolmandyr. Bir ýola düşeniňizden soň onuň saňa dönüklik etmegi ters. Umumanam dönüklik diýlen zady aklap bolmaýar. Sen erkek adam, ýagdaýyň ýetipdir, onam öz maşgalaň hasap edipsiň. Birnäçe gözi gyzyllar parçalamasyn, zaýalamasyn, erbet ýola itermesinler, ulanyp-ulanyp köçä zyňaýmasynlar, diýipsiň. Ol bolsa alaga-da ikilik edipdir. Bu bolanok. Bu, oýnuň düzgünine ters gelýä. Bu hakykatdanam jelepçilik bolýa. Ýöne, jelebiňem-ä merdi bardyr welin, seňki has namardy, arkaňdan atýanlaryndan ekeni. 
Oňa çenlem rektoryň kömekçisi jäň edip Setdary sorady. «Maşyny gapa getirsin, rektor häzir çykýar» diýdi. Setdar gitdi. 
Men oňa dogry jogap beripdirinmi ýa ýok ony bilemok. Belki, siz özüňiz bir zat diýersiňiz?.. 

Juma Hudaýguly

GARAWULHANADAKY GÜRRÜŇÇILIKLER - kökenli hekaýatlar - böleginden.
2 лайков 154 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ependi
Автор 26 авг 2022, 06:31
Arada, saýtyň säwligi sebäpli, köp mowzuklaryň ýitendigi sebäpli, şol, ýiten mowzuklaryň içinde şu mowzugyňam bardygy sebäpli, ýene täzeden goýmaly boldy. Ötünç soramak bizden! Haýyşlar esasynda dikeldildi.
Hiayress
26 авг 2022, 08:30
Şuň bäşinji söhbetine ýetip galypdyk.
Ependi
Автор 26 авг 2022, 10:08
@Hiayress, nesip bolsa.