Bolup dur.

Dost, dost diýip seni kän gujaklanlar,
Işiñ düşüp barsa ýalan bolup dur.
Düýnki maña derdin aýdyp aglanlar
Bu gün meñ derdime gülen bolup dur.

Kimler ata-enäñ, kim puluñ zary.
Kimler ýetip bilmez kim kowar ýary.
Bir haramlyk tapsa gaýtmaýan biri,
Il gözüne bäş egilen bolup dur.

Adam sen çydaman içdäki derde,
Dost diýip syr aýtsañ bir gün namarda.
Ýeñsäñden gybatyñ edip her ýerde,
Özi arassaja bolan bolup dur.

Dost diýip, ýar diýip ýüz berme çenden,
Barybir unudar gidäýseñ mundan.
Sen diýip saraljak ýene gün günden,
Dünýäde ýeketäk eneñ bolup dur.

Öwez Kertikow.
7 лайков 206 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
noname
26 авг 2022, 21:20
Öwez ziyom gowy yazypdyr
Maksat
Автор 27 авг 2022, 06:18
danger
Öwez ziyom gowy yazypdyr

Howwa gowy ýazypdyr, goşguda jaýdar aýdylan sözler bar.