Almany söýýäñ diýip

Söýgi-duýgy gatnaşyklarynda ikitaraplaýynlyk möhümmi? Eger möhüm bolsa näderejede möhüm?
Arada söýýäniñi aýtmak hakynda köpüñ üýşen ýerleriniñ birinde gürrüñ edildi.Şonda adamlaryñ köpüsi söýgini hut söýen pursadyñda aýtmaklygyñ tarapdary boldular.Aslynda söýen kişimize söýgimizi aýtmak bilen nämäni maksat edinýäris?
Içiñde saklap,misli agyr ýük kimin göterip ýören duýgyñy beýan edip ýeñlemekmi ýa-da...?
Men aýdaýyn.Munda maksat asla pynhan syryñy aýdyp rahatlamak däl.Bu diñe maksada gidýän ýoldaky ädim.Onda maksadymyz näme?
"Seni söýýän" sözüniñ astynda ýatan gizlin many "Senem meni söýmeli".
Kimdir biri size söýýändigini aýdanda onuñ garaşýan jogaby "Menem seni" .
Eger garaşylan jogaby bermeseñiz söhbetdeşiñiziñ umytlarynyñ ýykylyşyna tomaşa edersiñiz.Hatda, onuñ sizi ýigrenmegi-de mümkin.
Geliñ, pikrimizi has çuñlaşdyryp ynsan psihikasynyñ çuñluklaryna aralaşalyñ.Biz näme üçin söýýäris? Bizi muña iterýän zat näme? Ynsany söýmäge iterýän itekleýji güýç söýülmäge bolan islegdir.Ynsanyñ añastynda ýatan pikir : "Eger söýülmegim üçin söýmegim gerek bolsa,men muny amala aşyryp bilerin".
Gürrüñimiñ şu ýerinde türk şahyry Nazym Hikmetiñ döredijiligine degişli bolan söýgüli setirlerimi mysal getiresim gelýär:

Sen almany söýýäñ diýip,alma-da seni söýmäge mejburmy?!

Şahyr mamla.Biziñ kimdir birine inçe duýgularymyzyñ barlygy onuñam bize şeýle duýgularda bolmalydygyny añlatmaýar.Biziñ söýen kişimizem bizi söýmäge mejbur däl.
Goý,garşymyzdaky ynsan bizi biziñ ony söýşümizçe söýmesin.Şahyr aýtmyşlaýyn,söýginiñ hasraty-da eziz dälmidir?!

@Belki
6 лайков 180 просмотров
10комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Belki
Автор 28 авг 2022, 12:09
Şahsyma ýazyp doglan günümi gutlanlar sag boluñ.Begendirdiñiz.
@Senagül señ bilen-ä nomerleşip gatnaşarça bolduk öýdýän.Nomeriñi goýaý şahsyma.Imodan goşaryn.Imoñ ýogam bolsa jañlaşarys.(Bärden ýazmaly boldum.Şahsym işlänok)
Waleryanka
28 авг 2022, 12:47
"Biziň söýen kişimizem bizi söýmäge mejbur däl" Gaty dogry aýdylan söz.Her adam bir dünýä.Her kimiň öz dünýäsinde ýaşamaga haky bar.Seň dünýäňe islese girer , islemese girmez.Söýülmek ýaly aňsat zat ýok.Söýmek kyn.
Waleryanka
28 авг 2022, 12:53
Doglan günüň gutly bolsun ,Belki.Iň gowy arzuwlar!Kitapçyda @Aksaryň paýlaşan mowzugyna gözüm düşeninden ilki bilen suratyňy gözledim.Özüň goyulmagyny islemediňmi?
Belki
Автор 28 авг 2022, 13:15
Waleryanka,ýok suraty saýlap ugradypdym @Aksary agza.Ýöne goýulan badyna açylmandyr surat.Ertesi gün açylypdyr.Häzir barsañ açylgy durandyr.
Belki
Автор 28 авг 2022, 13:16
Wiý,gutlag üçin minnetdar.
Hiayress
28 авг 2022, 13:27
"Ynsany söýmäge iterýän itekleýji güýç söýülmäge bolan islegdir.Ynsanyñ añastynda ýatan pikir : "Eger söýülmegim üçin söýmegim gerek bolsa,men muny amala aşyryp bilerin"."

Gowy pikir.
Belki
Автор 28 авг 2022, 14:06
Hiayress,adamlañ edýän şol pikri gowy pikirmi ýa meñ öñe süren teoriýam gowy pikirmi?
Balary
28 авг 2022, 14:09
Uzak we manyly ýaşañ janyñyz sag bolsun!

Nazymyñ şo setirlerni menem halaýan. ýöne her näme de bolsa, señkä meñzeş duýgyñ bolmagy az begendirmez...
Bir bar bir ýok
28 авг 2022, 15:21
Bolsa- ha ikitaraplaýyn bolany ýagşy, ýogsamam, seni söýmeýän adamy ýeke özüň söýüp, örtenmegiň hiç geregi ýok, ne saňa peýdasy bolar oň ,ne -de başga. Söýmek we ýigrenmek öz elimizdäki zat.
Aksary
28 авг 2022, 23:20
Gepdiiwolonler diyyadiñmi ?:)