Mekdepde
MEKDEPDE
Körpesi: “Ka-a-k, şu ýyl mekdebimiz elli ýaşaýypdyr-ou! O sendenem uly ken-ä!” diýdi...
...welin...
Nämüçindir gidesi geldi.
Görüp gaýdasy geldi.
Şunça ýyllap ýadyna-da düşmedik mekdep, birdenkä onuň tutuş durky-düýrmegini dolduraýdy.
Çagalyk dostlary, deň-duşlary, mugallymlar, ejesi, kakasy, doganlary...
Hemmesi bilenem bagly wakalar, wakalar, wakalar...
*****
Dynç güni bolandygy sebäpli, kän ikirjiňlenip durmady. Nirä gitjekdigini, birneme geň galyp, gaşlaryny gerse-de dymyp oňan hatynyna hymy-symy etdi-de, çykyp gaýtdy. Ulagynam münmedi. Ortanjysynyň tigrine atlandy.
Nämüçindir, şeýtse göwnüne has hoş ýakaýjak ýaly boldy durdy.
Misli, öz-özüne: “Çagalygyňa aýlaň-çaýlaňa çyksaň, “bedewiňem” şoňa laýyk bolsa ýagşy däm-aý?!” diýýän ýaly.
*****
Bärden baranda-da, heniz mekdebiň howlusyna girmänkä, oň daş keşbi ýüreginde nähilidir birhili sodaja syzlaýan süýjümtik gussaly yzajygy döretdi.
Bir tarapdan-a, şo-o-l köneden tanyş, otuz ýyl mundan ozal çykylyp gaýdylan howly, binalar...
Ikinji tarapdanam, hemmesi özge...
Haýadam başga.
Binalaram üýtgeşik.
Olaň daşynyň suwagam.
Penjirelerem.
Üçegem.
Reňkem.
Howluda seleňläp duran baglaram öňki däl.
Garrap guranlary kesilip aýrylyp, ýerine-de täze agaçlar ekilipdir.
Özem öňräk bolmaly.
Çünki howalanyp dur, ählisem...
...Bu baglar, agyryly aýagyna agram salmazlyk üçin tigriň çarhyny haýaljakdan aýlap gelýän oňa, tebigatda-da, ynsan durmuşynda-da pelegiň gerdişiniň aýlanyp durşuny ýatlatdy.
Agaçlar ekilýär. Kök alýar. Ese-boýa galýar. Nijeme ýyllap pürlerinde guş-gumursa pena berýär. Astyndakylara saýasyny paýlaýar. Jahana tohumyny seçýär. Soňam...
Garraýa-da, guraýa...
Onsoň ony aýryp, odun edinýärler. Ornuna-da nahal sanjylýar.
Olam nebsewürlik bilen topraga köküni urup, hamana öz möwriti hiç haçan geçmejek ýaly, bahymrak ösüp-ösüp depesini göge diremäge howlugýar. Şahalaryny çar ýana ýaýratmaga gyssanýar. Şeýdibem, özüniň neneňsi howalasynyň belentdigini bütin dünýä sereşlemäge alňasaýar...
Alňasaý-alňasaýam, müddetiniň nädip paýaw bolanynam duýman galýar...
Ynsanam şeýle...
Haýsy ham-hyýallaň hyjuwynda ömrümizi öz ýanýan ataşymyza owkat edip ýörüs?!
Alla bilsin...
...Gyýyldy.
Guransoň çapylan çagalygynyň baglarynamy...
Öňki bolsa-da öňki däl mekdebinemi...
Ýa-da jahyllykda kalbynda tüweleýlän dünýäsygmaz etsem-petsemleň ýarysyny ýa çärýegin-ä beýlede dursun, hatda ondan birinem, iň bolmanda elliden birinem amal edip bilmändiginemi...
Belli däl.
Özem düşünmedi.
...Ol özüniň garrap, süllerip barýan ömür daragtyna gynançdanmy ýa-da gaýran-gaýyrmadyk işlerine ahmyrdanmy, sogduryp, uludan demini aldy. Pessaýja tigirlenýän tekerlerini “şyr-şyrladybam”, mekdebiň derwezesiniň açyk, giň ýangapysyndan girip gitdi.
*****
Togtap, tigrini baglaň astyndaky ýaýbaň, agaç oturgyçlaň birine söýänindenem, ýüregi jigledi.
“Guramandyr-a, janawer!”.
Iki ädim beýle ýanyndaky sütüni iki gujaklyk, gabygy jaýryk-jaýryk garry agaja gözi düşende ol, misli uzak-uzak ýyllara çeken aýraçylykdan soň gadyrdan dostuna sataşan dek begenip gitdi.
“Gör-ä muny!” diýip içini hümledip, agaja ýakynlady-da, oň daşyna çalnan heki soluşan, joýa-joýa gabygynyň daşyndan elini ýöretdi. Sütüni siňňitli synlanda bolsa, öz bili bilen deňeçerräk aşakda, çala bildirýän, çüý bilen çyzylyp ýazylan, büdür-südür, ýalňyş-ýulňuş ýazgyda nazary büdredi.
“Daňgyç”...
Dessine-de, on sekiz ýaşynda neresse bolan deňdeşi Daňňyş pahyryň, hemişe garagolluk gözläp, ýylgyrjaklap duran, tüňňüje maňlaýly, çaşyja gözli, gara galpaklyja keşbi hakydasynda direldi.
*****
Beýleki adamlar et-siňir-süýekdir gandan ýasalan bolsa, o neresse, edil ýöne bezzatlygyňam hut ýanardagynyň göwsünden çogup çykýan ergin läbikden ýaradylan ýalydy.
Garagolluk tapsa gözi açylýardy.
Özem çepiksije bolsa-da, garadangaýtmaz urşagandy.
Degmedige bir degse, degene iki degip ýören, basylanyny boýnuna alandan ýene-de birki öwran ýenjilenini eý görýän keçjaldy.
Üstesine sögünmäge, kemsitmäge ussatlygam, dilin-ä şerebe basyp, agzyna-da hapa köwüş bilen tapbatlap, syrtyndanam çygar çybyk bilen saýgylap, tamdyryň daşyndan aýlabermeli hilisindendi.
Ýöne, muň bilşine görä-hä, o neressäň ejesi-kakasy nijeme sapar beýdibem gören bolmaly. Emma, “gurda doga täsir etmez” diýlişi dek, oň ýaly ýerinden gelme bezzada yrym-ýomuň, doga-tumaryň, çüf-püfüň peýdasy degjekmi?!
Garry-gurtydan, molla-tebipden sorap-idäp näme tär etselerem, o neressäň şo bir bolşudy.
Gaýryp-goparýan hokgalary köpelmese azalmazdy.
Mojuklaşmasa sabamazdy.
Şo bolşuna-da, zehinleňňem öýjügidi.
Şu günki ýaly ýadynda, alty ýaşynda – segseninjileň başynda – nolunjy synpa, ine şu mekdebe getiren günleriniň birki gün yz ýany mugallym olara plastilinden islän zatlaryny ýasamagy tabşyrypdy.
Bular-a näme, ýaňybir ejeleriniň eteginden aslyşmany ýatdan çykaryp başlan izzikler, ebeteýsiz barmajyklary bilen bar ýasap bilýän “şedewrleri” – paçjarylyp duran hyýar ýa-da ondanam beter paçjyk tank.
O neresse bolsa, dümtüne-dümtüne üç kelleli, üç guýrukly şar-gara aždarha ýasady.
Özem edil diri ýaly her kellesini bir ýaňa talawladyp, guýrugynam göwnüňe bolmasa, dergazaba münüp, aram-aram, tarpyldadyp çar ýana urýana çalym edýär...
Ondan başga-da neresse, aýdym aýtmagy juda eý görerdi.
Aýdym sapagynda, aňkardýany (akkordeony) gujagyna alyp, mugallym saz çalyp berer.
Bulaň birem oň gapdalynda, synpdaş gyzjagazlardan utanjyna gyzarylyp-bozarylyp dikilgazyk durandyr.
Onsoň haýsydyr bir sazy hünibirýän perýat eýledýän mugallymam çalýan eseriniň içinde erär. Mukamyň diňe özüne mälim haýsydyr bir heňine ýetende-de, hamana, ylla bir dünýä meşhur solistleň biri Enriko Karuzo, Fýodor Şalýapine, Luçano Pawarottä ýa-da Plasido Domingo yşarat etmäge merhemet kylýan dirižýor Hydyr Allanurowa döner. Kellesini silker-de: “I-i-i! Dawaý, köşşäm! Naçali!” diýip ümlär.
Muňa mähetdel, ýüz-gözüni boz-ýaz edip söm-saýak duranam, kiçeňräge-de bir öküzçe molaýana meňzäp, gözlerini pugta ýumar-da, ulili bilen zörledip gygyrmaga başlar.
Haýsy saz çalynýa?
Bögürýänje gölejik bolsa haýsy aýdymy aýdýandyryn öýdüp bagyryp dur?
Hudaý bilsin.
Mugallymam, göz-gaşyny bürüşdirse-de, arasyny kesmän, bögürilýän sözlere gabat gelse-gelmese sazyny çalar oturar.
Bende, öte kanagatly, janypkeş, çagalaň demi bilen demli, çyndanam kärine berlen, mähriban ynsan ekeni.
Iň esasy zadam tüýs barypýatan dikdüşdi hyýalbent bolmaly. Sebäbi her gölejikden bilbilgöýä ýasajak bolup dert-azarlygynyň üstesine-de, gaty yhlas siňdirseň, iru-giç şony şeýdip boljakdygyna-da, jany-teni bilen ynanýan ekenmi nämemi, görgüli...
On bir ýyllap “B-çiler” bolup geçen bulaň synpynyň gyz-oglan tapawudy ýok, haýsysyna aýdym aýtdyrsa-da, megerem çydam käsesi gaty zabun synagdan geçýän sazanda mugallymyň, Daňňyş neressä gezek gelende welin, guşy uçardy.
Ol bezzadyň näzikden ýakymly, özboluşly enaýy çaga sesi, mukamyň her heňi, her owazy bilen hörpdeş, tolkundaş gopardy. Ol edil mugallymyň çalýan her bir sazyny gulagy bilenem eşitmän, ýüregi bilen, tutuş durky-düýrmegi bilen, ähli özi bilen duýýan ýalydy.
Ol, mugallymyň çalýan täze sazyna aýdymyň sözlerini nirden bilýär?
Düşünip bilmezdiler.
Emma, mugallym haýsy sazy çalaýsyn. Hatda eşretden ýaňa gözlerini süzgekledip, özüniň şeýdýändigini özem aňşyrman, bir mukamdan başga bir mukama böküp geçibersin. Daňňyş neresse üçin tapawudy ýokdy. Jinnek ýalam säginmän, çalnyp başlanan täze sazyň aýdymyna ýüzüniň ugruna geçer ötägiderdi.
Özem isle halk aýdymy bolsun. Isle çaga aýdymy ýa-da yşky aýdym. O neresse näme aýtsa-da diňläp doýup bilmersiň. Aýdylýan sözlere-de, çalynýan sazlara-da düşünmeseňem owaza maýyl, agzyňy öweldip, aňkarylyp oturansyň.
Aýdym dersiniň otagynda bolsa, diňe şo ikisi bar ýalydyr.
Hatda mugallym bilen okuwçam däl-de, iki sany deň-duş ynsan.
Sazanda hem bagşy.
Ikisem o wagt bu dünýäň adamsy däldir.
Biri şirin mukam äleminde gaýyp ýörendir.
Beýlekisi şeýda owaz dünýäsinde ýüzýändir...
*****
Ol, ýatlamalaryna berlip durşuna, sütünden elini çekdi. Uludan demini aldy. Dem salymda hyýalyndan zymdyrylyp geçen çagalyk ýatlamalarynyň täsiri zerarlymy nämemi, misli mekdebiň baş binasy tarapdan: “E-e-ý dosjan, şunammyr görüp beräý-dä-ou!” diýip, gygyryp, özüne garşy Daňňyş ylgap gaýdyberjek ýaly, şo ýana siňe-siňe seretdi.
Daňňyş küje, ylgap gel küje?!
Hanha, ol küren obaň günbataryndaky öwlüýäde, eýýäm otuz ýyla ýakyn wagt bäri çöken mazar bolup ýatyr...
...Ol gaýgyly dem alanda, namyrat giden deňdeşi bilen bagly ýene-de bir wakany biygtyýar ýadyna saldy.
*****
Ýalňyşmasa, on alty ýaşyndady öýdýän.
Oň ýazuw-pozuwa güýmenen bolýandygynam iki-ýeke dosty bilýärdi.
Nireden, has dogrusy kimden eşidenem bolsa, mundan Daňňyşam habarly ekeni.
Bir günem o neresse bulara geldi. Muny çagyryp, köçä çykardy. Özüne mahsus bolmadyk ýygralyk bilen goltugyndan ýukajyk depder çykardy.
Şonda onuň çekinjeňlik bilen, kimdir biriniň göräýmeginden gaty erbet eýmenýän dek, bukup, şo depderini hasyr-husur muň eline gysdyrmaga howlugyşyna, ol juda haýran galypdy.
Ýeri, otdan-suwdan çekinmeýän, gögeleler içre, bilnäýseň, iň: “başyň ölümli, malyň talaňly” hasaplanýan, iliň melleginden miwe çilmek, mekdebiň ýa-da kolhozyň kanturynyň üçegastyna sümlüp gögerçin awlamak ýa-da goňşy obaň oglanlary bilen uruşmak üçin gijesine ýörite toýa gitmek ýaly “alamanlardan” gaýtmaýan Daňňyş nire?
Kimdir birinden ýa-da nämedir bir zatdan wehim edip, hatyrjem bolmak nire?
-Bi näme?-diýip sorady.
-Goşgy,-diýende Daňňyş gyzardy.
-Kimiňki?-diýip, bu-da oň berjek jogabyny öňünden bilip dursa-da, nämüçindir hetjikledi.
-Meňki,-diýende Daňňyşyň ýüzüne çörek ýapybermeli boldy.
-Göçürdiňmi?-diýip, gemrişmekde hemişe Daňňyşdan asgyn gelýän bü, pursatdan peýdalanyp, kasasyny kyýamata goýmazlyga çalyşdy.
Bu söze o neressäň edil ýöne gowuz ýerine köz basylana dönäýdi. Ziňkildäp, oturan ýerinden galkyjaklady:
-Ýo-ho-o-u! Göçürsemem bir getirerinmiň-aý?!
Oň bolsa Daňňyşyň tolgunmasy piňine-de däl.
Ýa-da däl bolansyran bolýar.
-Men nämedeýin munyňy?-diýip, içýakgyçlygyny göwnübir dowam edýär.
-Neme...diýjek boldum-laý...neme-dä-hou...-diýip o neresse, diýmekçi bolýan zadyny çekine-sakyna dişiniň aňyrsyndan itip çykarjak bolýar welin, teý bolanok.
Düýbünden diýilmejek bolup dur.
-Näme?-diýip, bu-da oňa ýardam bermekden geçen, gaýta, ejizeganymlygyna boýyn çümüp, ony hasam aljyratjak bolýamy nämemi...
-“Okap gör-äý” diýjek bolýan-la-how...-diýip o neresse, ahyry dyzyna-dyzyna, çygyna-çygyna ýüregindäkijäni aýtmaň hötdesinden gelýär.
-Men nä...o zat...nememi...-diýip bu-da – şuň ýaly özüni özgelerden rüstem saýýan haýsam bolsa bir zada gezek gelende, eglişiksiz doňýürek – “edebiýat tankytçysymy” diýjek bolýar. Ýöne şo pille hut şo zada anyk näme diýilýändigi ýadyna düşmeýär.
Emma ol takyk diýmese-de, Daňňyş neresse oň aýtmakçy bolýan zadyna düşünýär. Üstesine-de diýjegini diýenden soň biraz köşeşipmi nämemi, ymykly ajalyny boýnuna alyp, dar agajynyň astyna çykanyňky ýaly, birneme öz-özünden güýç alyp, ekezlenýär:
-Aý şo bolmasaňam, “okaý” diýýän-dä-ou! Nä kynm-aý, şo? Özüňem...neme...edýänsiň-ä-hou...
-“Näme edýänsiň-ä”?-diýip bulam, yllabir älem eşitmesiz aýylganç syry açylyp barýana dönüp, Daňňyşyň al-petinden alýar.
Tas muň “ýazýandygy hakdaky dünýä aýan, iňňän gizlin syrynyň” özüne-de mälimdigini dilinden sypdyran Daňňyş, dilini dişleýär-de, derrew ugruny düzedýär:
-“Haçan görseň kitap okap ýö:ň” diýjek bolýan-la-hou! Onsoň şonça kitap okaňsoň, bi zatlardanam bize seredeňde nemeräk başyň çykýandyr-la-hou!
-Bolýa,-diýip bu, oňa aşagyndan çykmaz derejede çökder ýagşylyk edýän dek, mähnet hondanbärisilik bilen Daňňyşyň şo depderini alyp galypdy...
Şu günki ýalam ýadynda.
Kapyýasyz ýa-da degdi-gaçdy, itenek-çomanak kapyýalaşdyrylan setirler.
Büdür-südür setirleri, tagaşyksyz ýelmeşdirilen topbaklar.
Bogun ölçeginiň, setiriň içki sazlaşygynyň, şygryň mazmunynyň mantyk taýdan yzygiderliliginiň, bütewi ýeke-täk baş pikiriň güberçekledilip şekillendirilmeginiň nämedigini bilmeýän, sarnamapisint goşgular...
Ählisem şo neressäň, alty ýaşdan bäri özüne tanyş, keşde gaýalan dek, tämiz, owadan, nepis haty bilen adaty depderiň öýjükli sahypalarynyň ýüzüne nagyş edilen.
Hemmesem...
...Daňňyşyň iki orun öňünde oturýan synpdaş gyz hakda...
*****
Ýüregi sançdy.
Belki, hassahana ýerleşip, nobatdaky – her alty aýdan bir sapar, on günlük – bejergisini almagyň möhletiniň ýakyn gelendigini habar berýändir...
Ýa-da...
Ol sütünden çekildi-de, tigriniň gapdalyna geçip, çökdi.
Soňky ýyllar endikli hereket bilen kükreginiň üstüni emaýly owkalap ugrady...
...O gyz...
Ýakynda ilk-ä ogluny öýerdi.
Soňam birki aý yz ýany, gyzyny durmuşa çykardy.
Çagyrylanda, beýleki synpdaşlar bilen bilelikde toýlara bardylaram, gutladylaram...
Şonda-da...
Belki, öz derdi özüne ýetik, aladasy başyndan agdyk bolandandyr...
Belki-de, bu jahanyň soňky döwürdäki endişeligi – biparhlyk munam eýlekiler ýaly ymykly özüniň beýhuş ediji bimar gujagyna dolap alandyr.
Daňňyş neresse ýadyna-da düşmändi.
Ine bu mahal bolsa...
Ol ýene-de uludan demini aldy.
Gursagyndaky sanjy birneme kiparlaýança-da, birsellem hiç hili oýsuz-pikirsiz, hiç zat görmeýän gözlerini çat maňlaýyna dikip, gymyldaman oturdy...
Birhaýukdan soňam döşünden agyry-ynjyň ýitendigini syzyp, dikeldi...
Nämüçindir, göýä, bu ýerden çaltrak gidip, yzaly ýatlamalaryndan gaçýan dek, mekdebiň başbinasyna göwünli-göwünsiz mytdyldap ugrady.
Özem, birhili, göwnüne bolmasa, bärik gelenine ökünýänem ýaly.
Çünki, ýeke pursatlyk göwün galkmasyna tabyn bolup, bärik gelmedik bolsady, belki...
Beýdip, ýüregem sançmasa-da sançmazdy...
...Dähedem-dessemläp barşyna-da ol, Daňňyşly ýatlamalaryna öz ýanyndan nokat goýmaga gyssandy. Hamana, şeýtse, tizräk göwnem, ýüregem ynjalaýjak ýaly...
*****
Harby gullukdan dolanyp gelende, togsanynjy ýyllaň ahyrlarydy. Daňňyşyň wepat edenine eýýäm bir ýyl bolup geçipdir ekeni. Neresse, ilk-ä bolar-bolgusyz ülpetlere ulaşyp, neşä agyz urupdyr. Soňam halys sandan çykyp barşyna döz gelip bilmänem, özüni heläkläpdir...
...Çagalygyndanam bijaý mertdi, neresse. Ejizläninden, kimdir biriniň öňünde nämedir bir zat babatda kiçelenden ölenini ýeg görerdi. Goparan hokgasynda ele düşaýse dagy, birehimräk ulular ýenjip-ýenjibem agladyp bilmezdi...
...Öýlerine gelen güni agşamara ejesi gazan atardy. Agalary bazara eňip, dürli-dümen getirdiler. Jigisi dost-ýarlaryna gelendigini buşlap çykypdyr. Hemmesi bulara üýşdüler. Deňňeneçilik. Meýlis. Birdenem olaryň arasynda oglanlaň näçesiniň ýokdugyny saýgardy. Ýegre dostundan assyrynlyk bilen sorady. Olam eýýäm mundan on-on bäş gün öň gullukdan gelendigi zerarly, bütin obadan habardar.
Sanap berdi.
...Olam neşekeş.
Bu-da süpük.
O-da şeýle...
Garaz, birgiden deňdeşine gyran degen ýaly.
Daňňyşa gezek gelende, oňam habaryny aýtdy.
Şonda-da ol gaty erbet boldy.
Endamy jümşüldäp gidipdi.
Gözüniň öňünde-de, şo özlerini daşyna hümer edip, plastilinden diri ýaly aždarhaň heýkeljigini ýasaýan oglanjyk.
Soňam, şo gür gara galpaklyja, tüňňimaňlaý oglanjyk, näzijekden iniňi tikeneklediji owazjyk bilen aýdym aýdýar. Bularam oňa öwelip, gulaklaryny üşerdip otyrlar.
Soňam şo oglanjygyň eýýäm jahyl çykan şekili, öňünde oturyp, oňa goşguly depderini uzadýar-da, dym-gyzyl bolup gyzarýar...
...Şol gün gijede ol myhmanlary sowlansoň, çetki jaýda ýassyk bagyrtlap, geçen iki ýylyň içinde ilkinji gezek hekaýa ýazypdy.
“Tüweleýiň içinde”.
Daňňyş neresse hakynda.
Daň horazlary gygyryp ugranda-da hekaýasyny dyndym edipdi.
Şo hekaýaň mazmuny şumadam ýadynda.
...Oglanjyk döwürleri: “tüweleýiň içine girseň, gözüňe jyn görünýärmiş” diýip, bular tüweleý tursa eýmenerdiler.
Daňňyş neresse bolsa, ýerden ýel göterilip, çaň-kirşeni holtumyna dolap, oslagsyz bulanjyrap-towlanjyrap başladygy, nähili gyzykly güýmenjä gümra bolsalar-da, oýnuny taşlap, şoňa tarap eňerdi.
Barşyna-da, birjik-de säginmänem, ýüzüniň ugruna, tüweleýiň hut holtumyna urdurylyp girerdi. Sähel salymdan bolsa, göýä, göwsi jynly, telbe tüweleýem onuň gaýduwsyzlygyndan elheder alan dek, onuň daşyny gabsap durmagyny bes ederdi-de, buruljyrap, başga ugra gidibererdi.
Daňňyşam ýüz-gözüni tot-tozana çalardyp, keýpihon jykyrdap, tüweleýiň girdabyndan sogrulyp galardy...
...Soňky giren tüweleýinden welin, o neresse sogrulyp galmagy başarman eken...
Indem, ine ýeriň ýüzünde, dirileň arasynda ondan galan näme bar?
Şo aždarhaň heýkeljigem ýok.
Şo ajaýyp sesli aýdymlaram.
Şo ýeke-täk gyz hakda goşguly pynhan depderem...
Hatda, şo tüweleýiň içinde galan oglanjyk hakdaky hekaýa-da ýok.
Nädip ýitdi?
Nirede ýitdi?
Şumadam bilmeýär.
Belki özi, şomahallar her alty aýdan bir gezek, ýazan zatlary doly depderleri, olardan göwni geçen badyna küdeläp otlaýarka, bilmän, köpüň arasy bilen otlandyr.
Belki, “Iki göç bir talaň” diýilmeýämi, ondan-oňa göçülip-gonulanda nirededir bir ýerde galyp-gaçyp, ýitirim bolandyr...
O neresseden galan zat, diňe ine şü – hakyda ammarynda – çaň basyp galan ýatlamalar...
*****
-O-how, kylasgom! Sen nire, bu ýerler nire?!
Duýdansyz çykan şadyýan ses, onuň “pikir gämisini akyl derýasyndan” duralga-dünýä tarap dartdy.
Ol başyny göterende, öňünde ýylgyrjaklap duran synpdaşyna gözi düşdi.
Juw-ak saç, gasyn-gasyn, hortap ýüz, şo birmahalkam özüniň ýekinde ýigrenen gyýykmak gözleriniň ýaňsyly garaýşy.
Ol sag eliniň nädip, özünden biygtyýar gulakçekgesindäki kindiwanja ýara yzyna ýeteninem duýman galdy.
“Bäh...
Näçe ýyl geçse-de, adamyň ten hakydasy, ruh hakydasyndan ençeme esse güýçli bolýan bolara çemel-ow! Gör-ä muny, ine şu durany, saýgarany şumat welin, bi ejiz bedeniň ilki bilen kösenen ýerine el ýetirişine bir sered-ä!”.
Ol aňynda ýyldyrym deý lowurdap giden bu oýlanmasyna içinden ajy gülümsiredi-de, ýara yzyny barmagynyň ujy bilen sypady.
Baý, munuň bilen çagalykda gyzyl-gyran bolup, garpyşyp urşardylar-ow!
Ikisem ýarak güjüge dönüp, baý, gemrişmek keýpinden çykardylar-a.
Megerem, hut şo nolunjy synpa gadam basan ilkinji günlerinden başlabam bolsa şeýledir, bü-ýä ony, olam muny düýbünden jyny almanjyklar geçäýdi.
Sebäbem nämeden?
Alla bilsin.
Biri-birini görenlerinden ýa-da eşidenlerinden, ygyp ýören ykmanda gotur it bilen ysgaşanlaryny gowy görerdi, ikisem.
Bu näme geplese, o tersinden tutardy.
O näme diýse-de, kejine gaýdasy gelip, muň dili gijär durardy.
Tä biraz akyllary goýalyşyp, sag-aman biri-biriniň kellesini kädi bulamaga döndermän on bäş, on alty ýaşa ýetýänçälerem, günleri täk bolsa, uruşlary jüpdi.
Käte ol muny düýrläp astyna dykar-da, ýüzüni-gözüni ejesi tanamaza dönderer.
Käte-de bu ony nobatdaky gabyr-guburda ahmalyna salyp, awundyrar-da, oň bulanjyrap ýatandan peýdalanybam, içine depe-depe keýpden çykar.
Şu sag gulak ýelkeniniň ýeňsesindäki çapyk yzam, ine şü öňündäki, oňa henizem yşnaksyz bolup görünýän ýyrşarmada syrtarylyp duran ýaşytdaşyndan, oňa ömürlik ýadygär galypdy.
Bir gezek ol mundan göz-görtele asgynlady. Şonda-da, şondan öň eger-walla ýüz urýan pyrryldagy däldir welin, şo gezeg-ä halys kellesi göçdi. Ýa-da mese-mälim basylyp barýanyna heýýaty uçdy. Aç-açan baýtallady. Ýerde ýatan gijenkelle daşy garbap alaga-da, muň gulakçekgesini çakmakdaşynyň beýleki taýyna dönderdi...
...Ýöne, soň olaryň azak-tenek demi düşüşdi.
Ýa akyllandylar.
Ýa il gözüne şeýlesirän bolmagy edähet edindiler.
Garaz, birek-biregi düýpgöter sulhy almazlyklary dynnymça kemelmese-de, edil biri-biriniň her sözünden aslyşjak bolup ýatmag-a üzük-ýoluk azaltdylar.
*****
Ine şumadam, onuň bilen soňky on ýylyň içinde toýda-tomguda ýa-da ýolda-yzda aýagüstünden çalak-çulak görşen bolaýmasalar, ine-gana oturyşyp-turşulmandygyna garamazdan, oň hiç zady janyna batmaýar.
Dodajygynyň bir çetini, şo birinji gezek, mekdebiň öňünde özi ýalyjaklaň arasynda hatara durzanlarynda görendäkisi ýaly, göwnüýetmezçilik bilen gyşardan bolup durmasam.
(Belki, ol bu mahal oňa göwnaçyklygyny görkezjek bolup, özüni alçak ýylgyrýandyrynam öýdýändir. Ýöne muň üçin-ä oň şu ýyrşarmasy, kyrk ýyl mundan ozalam barypýatan kemsidiji syrtarmady. Häzirem şo. Edil ýöne, bar-a, şu ýaşyňdan, çalaran saçyňdan, öýüňdäki ýigit çykan, öýli-işikli çagalaňdan, bu bolan zatlary hökman eşitjek, gulagy jam kibi il-günden utanmasaň dagy bar-a, şo birmahalky gögele eýýamlaryňdaky ýaly, bir wuraňda şu it ýylgyryşyny ýüzünden pozaýasyň gelip dur-da! Eger-walla, lap urup oýlandygy dä welin, şony şeýdesi gelip, heniz doly düwülmedik ýumrugam gijäp, edil ýöne ýüregine dökülip gelýä-dä!).
Deriň deşigi deý çyzyk gözleriniň jümmüşinden özüne garşy siňe-siňe bakýan ýaňsyly nazarynda gizlenen: “Sen kim-aý, çemçe? Bolluň meň başyma kylasgom! Seň ýaly kylasgomlar meň nemäme-de dä, bilseň!” diýýänje hekgerilmeli manyjygam.
Şu pikirler ýeke sellemde aňyndan at salyp geçen ol daşyndan syr bermedi. Çagalygynda-da, jahyl-juwanlygynda-da edişi ýaly, öňünde duranyň ernigyşyk ýylgyryşyny, edil aýnada görünýän dek jikme-jik gaýtalap, oňa gaýtardy-da, başardygyndan alaýazsyrap dil ýardy:
-Hä, Inermyrat, men-ä bir dogduk mekdebime göz aýlaýaýyn diýip geldim welin...-diýip ol, indiki diýjek kinaýalyja jümlesiniň aşagyny çyzmakdan ötri, sähelçe wagtlap köpmanyly dymdy. Soňam yzyny dowam etdi:-sen bärde nämişläp ýörsüň?!
Hamana: “Kim seň ýaly tükeneni, mekdebe golaýladyp ýör-aý?” diýýän ýaly.
Söhbetdeşem jümle içre duwlananja teýenä bada-bat düşünen bolara çemeli. Sähelçe-de ýüzüniň terzi üýtgän ýaly etdi. Emma olam kän syr bermedi. Diňe kinaýaly gülümsiremesini hasam birazajyk çuňaldyp, jogap gaýtardy:
-Äý Güýe kylasgom...Wiý bagyşla!-diýip ol, muň çagalyk lakamyny duýdansyz dilinden sypdyrandygyna ökünýän kişisiräp, elini agzyna ýetiren kişi boldy:-Neme jan, seňem şo çagalygyňdaky ýaly, henizem, öz gurçuk gemren ýaly gemirýän kitaplaňdan başga şo-o-l dünýeden bihabar bolup ýörşüň-ow! Men eýýäm ýedi-sekiz ýyl bäri mekdepde garawulçylyk edýän-ä!
Şu sözleri diýenden soň Inermyrat nämüçindir birdenkä, ýumşady. Äheňinden teýenäni aýryp, mümkin boldugyndan çynlakaý dillendi:
-Ýa, bileňokmydyň? Şo-o-l kakam görgüli pahyr bolanda, ejeme, agama söz berdim...
Inermyrat ýene-de dymdy. Birhili diýmekçi bolýan sözleri bogazyndan bäriligine ötmeýän dek, yzly-yzyna birki sapar ýuwdundy.
Soňam edil: “Äý nammolsa, şo bolsun-la! Şuňa şumat aýtdym nä, aýtmadym nä? Öň-ä muny on ýyllap düzüwli görmediň. Ýene-de şonçalap ýa sataşarsyň, ýa sataşmarsyň...” diýip, öz-özüni yrmaga çalyşýan mysaly, birsellem oýurganyp durdy. Birdenem ondan gözüni sapajak-supajak edip, hümürdemäge başlady:
-Ýadyňa düşýändir-le...Senem-ä, şonda daşky gädikde eýleki oglanlaň arasynda bir gözüme kaklyşan ýaly bolupdyň...Ol görgülin-ä äkitjek bolup, öýde ýuwup-dolap, tikip otyrlar. Menem niredenem bolsa tapyp, çagyryp getirenlerinde, gündekim ýaly lül-gammar...Aýak üstünde zordan durun...Uly agam, gaty gazaba münüp: “Owarra bol! Açylyp gel!” diýip, yrzalaşmaga öýe-de salmady...Onsoň, gölegçi ugramanka, goňşulaň hammamynda serhoşlukdan açyljak bolup, kündük baryny boşadyp bokurdagyma elimi sokýan-da ögeýän, ýetişibildigimden hem-ä gusýan, hem depämden sowuk suw eňterýän, hemem aglaýan...Bilseň, kylasgom, ile peçan-a boldum, şo müddet...Şol-şolduram arak-şerapdan aram üzülip, namazlyga münülişidir. Uly agam gürleşip, bärik işe ýerledi. Şondan bärem, gatnap ýörün-dä. Hudaýa şükür, aýlygym çagalara teperrik...
Gürrüňdeşini ünsli diňläp duran ol birhili boldy.
Dözmedi.
*****
Onuň aýdýan zatlaryna gözli şaýat bolanam bolsa, çagalyk deňdeş-duşmanyny hasam kejikdirmezlik üçin iň gowusy bilmediksiremegi müwessa bildi:
-Bäh...men üns bermändirin-aý! Şo ýolda tabydy alyp barýarkagam, soň öwlüýäde-de, diňe men-ä däl, hiç haýsymyzam bilmändiris, bu aýdýanyňy. Asla men-ä, muň ýaly ýagdaýyň şonda bolandygyny soňam oba-garaň arasynda-da eşitmändirin. Ýogsa il-gün çala bir zat güman edenem bolsa, onda-munda gybat etmän-ä goýmazdy.
Inermyrat oň bu oýnuny ýorsa-da, minnetdarlygyny gizlemedi. “Sag bol! Düşünýäniňe düşündim. Duzlap-dogramaýanyň Alladan gaýtsyn!” diýýän terzde baş atdy. Dessine-de muňa hemişe syrtarma bolup görünýän endikli ýylgyryşyny ýüzüne çaýdy:
-Äý bolýa, kylasgom! Geçeni geçdi bileli. Howwa, hany aýt, bärik gelip, näme etjekdiň? Kylaslara aýlanyp görermiň, ýa?
-Äý,-diýip ýeňsesini gaşan olam gürrüňiň başga tarapa sowlanyny kem görmedi:-Aýlansak aýlanaýaly. Çagalar ýaňy mekdebimize elli ýyl dolandygyny aýtdylar welin, birhili öz-özünden bärik gaýdasym gelip bagrym gijäberdi.
-Howwa-ý, şü birki günlükde şony bärde aýdym-saz edip belledilerem-aýt!-diýip Inermyrat, oň aýdanyny tassyklady:-Äý bolýa, kylasgom, gelen bolsaň gowy edipsiň. Buwun ine, meň bilen ýaňka-ýaňka etmek nesibäňde bardyr-da. Indi ikimiz dilimizi wuruşdyraýmasak, öňkümiz ýaly tä gan tenden çykyp, jan serden uçýança gemrişmägä-hä halymyz galmadyk bolsa geräm! Ýör hany onda, men seni, birmeýdan şo öňküje ýenjilenje ýerleňňe görme-görşe äkideýin!
Şeý diýen Inermyrat it ýylgyryşyny hasam ulaltdy welin, şo oglanjyk döwründäki ganym garşydaşy alnynda janlanan ýaly bolaýdy.
Nämüçindir bu sapar oň gahary gelmedi. Ýogsa, öňler-ä muň ýalyjak neşderlije sözleri üçin bü paňkyldawugyň paýy gara ýumrukdy welin...
Heý oglanlyk, oglanlyk...
Ol nähilidir birhili süýjümtik ahmyr bilen kükregini dolduryp dem aldy-da, ýaňsyly ýylgyrdy. Çagaka-da endigi däldi, emma şu wagt nämüçindir şeýle bigam edepsizlik edesi geldi – nädip Inermyradyň çagalyk lakamyny tutanyny özem duýman galdy:
-Düş, düş öňe, Paňk! Şol paňkyldawuk boş öwünjeňligiň galman geçjeg-aý, seňem! Şumat gowuja ýadyňa salsaň, kimiň kimden artykmaçrak taýak iýeni oňatja ýadyňa-da düşer welin, bilmedikden bolan bolýansyň-la!
Onuň ýany bilen aýagyny süýräp, başbinaň girelgesinden girip barýan Inermyrada bu sözler “jana” diýen ýaly täsir etdi.
Ol gül-gül açyldy.
-Äý-ý! Goýsana-aýt, kylasgom! Heýemmir inni, gel-gel, men sennen artykmaç taýak iýerinmiň-aýt? Sen-ä-how, şo: “Güýe” adyny güne ýatyp almadyň-a-how! Ýadyňa düşýän bolsa, Daňňyş neresse dili duzlylygyny edip, saňa, haçan görseň, kitap okap ýöreňsoň: “Eý-ý kylasgom, kitaby bar-a, güýe iýen ýaly iýýäň-aý!” diýip, ýelmäpdi. Bilýäňmi?! Onnoň menem kitapdan başga zada baş galdyrman ýören seň ýaly birinden egsik gelerinmi diýsene? Özem iň bolmanda birje gezek, hä?!
Bu-da ýylgyrdy.
Özem öz bolşuna haýran galdy.
Şunça ýyllap tutulmadyk lakamy agzalanda, jinnek ýalam içi ýanmady. Öňler bolsa bu lakamyny biri dagy ol-a ýüzüne diýmek ekeni, ýaňzydaýdygam gyzyl-gyran gyrlyşardy.
Bu mahal bolsa, gaýta, birhili oglanlyk döwrüne gaýdyp gelen dek, göwrümi giňäp gitdi.
Aýagynyň agyrysy, ýüreginiň agyrysy, aşgazananyň agyrysy, oňurgaň agyrysy, bokurdagyň agyrysy, öwran-öwran gaty azara goýýan ukusyzlygy, gan basyşynyň küştdepdi oýnap durmagy...
Diňe şu pilleligem bolsa, ählijesi huşundan uçdy.
Ýene-de şo bigam çagalyk.
Ýeňilaýak oglanlyk.
Agyram ýok, ynjam.
Ýitgem ýok, heýhatlygam.
Gözlegem ýok, bimanylyk duýgusam.
Aladada ýok, gemrip barýan gündelik hysyrdylaram.
-Howwa-ý, neresse, hemmämize-de lakam çatyp çykan şody,-diýip ol ýene-de Daňňyş pahyry ýatlady.
Inermyrat kürtdürdi.
-Pahyr! Ömri gysga eken. Aýdymlary şumadam gulagymdan gidenok. Kämahal düýşüme-de girýä, pahyr. Hamana ol-a şo öňküsi ýaly yşgoly ýaňlandyryp aýdym aýdýamyş, bizem öli-diri hemmämiz, başymyz jem bolup, ony diňläp otyrmyşyk...-diýdi-de hümürdedi. Soňam derrew hörpüni üýtgetdi:-Bi otag ýadyňa düşýämi?
Ol deňdeşiniň görkezen işigine gaňryldy. Dessine-de ýadyna düşdi.
*****
Geografiýa kabineti.
Myratgeldi mollum, pahyr okadardy. Uruş weterany bolansoňam, bir tarapdan-a çagalaň ölemenidi, beýleki tarapdanam bulary gaty pugta tutardy.
Okuw otagynyň ýapyk gapysyna seredip durşuna onuň göwnüne bolmasa, içerden: “Ind, Gang, Brahmaputra we Baraha derýalary!!!” diýip, şo mahallar öz gözlerine äpet bolup görünýän, daýawdan, dolmuş sypatyna kybapdaş, güňleçden zarply ses bilen Myratgeldi mollumyň gygyrýan sesi gelýän ýaly boldy.
Ol gapyň tutawajyna elini uzatdy. Öz bolşuna özem düşünmän, içinden ynama mynasyp bahanajyk tapynyp goýdy. Eger-de işigi açanda, aňyrsyndan Myratgeldi mollumyň: “Hä-ä, gijä galakçy-y! Ele düşdüň ge-e-r-e-k! Gel hany bäri-i-k! Men bir seniň gulagyňy towlapjyk bereýin! Inniki sapar sapaga wagtynda gelmegiň üçin burmaň ýeter ýaly-y!!!” diýen sesi eşidiläýse, sakynman sarnap goýberer ýaly.
Girdi.
Myratgeldi mollum kaýda, şol ýyllardan bäri kalbyna tagma bolup galan okuw otagy kaýda...
Hemme zat üýtgäpdir.
Diňe şu giren gapysy, penjireler, onsoňam ders tagtasy, partalar öňki ýerinde.
Globusam, kartalaram, beýleki görkezme esbaplaram başga...
Onuň yzy bilen bosagadan ätlän Inermyrat, az-owlak sesini çykarman durdy-da, birdenem gülüp, onuň egnine kakdy:
-Kylasgom, ýadyňa düşýämi, Myratgeldi agany “diri merhum” eden günüm?
Ol yzyna garaman, ýylgyrdy-da, baş atdy:
-Howwa. Ir bilen Myratgeldi mollum sapaga hemişekisinden irräk gelip, yzky tekjeleň birinde nämedir bir zatlary agtaryp, dörünjiräp otyrdy. Senem güpürdäp gapydan girdiň. Partalaň aňyrsyndaky mollymy göreňok. Päpgäňi ýere taşladyň-da: “Ýokmy?” diýip soradyň. Hiç kim jogap bermäge ýetişmänkä-de, geýim asgyçdan Myratgeldi agaň sypal başgabyna alyp kellä geýdiň. Mähnet saýawanynam eliňe alyp, pyrladyň-da, oň agzyna öýkünip, saýramaga başladyň: “Oguwjylar! Eşder bolsaňyz, Myratgeldi mollum pahyr-a öňli-soňly kaput bolupdyr! Düýn jaýlandy. Ýatan ýeri ýagty bolsun, bennämiziň! Inni gegrafýadanam men sizi okadýan! Düşdüňizmi? Inni men siziň Myratgelliňiz! Hany ýazyň onna: “ING, GAND, BRAHMARAHA, BRAPUTRA DERÝALARY-Y-Y!!!””. Şo pursadam seň tomaşaňy aňk-taňk bolup synlap oturan Myratgeldi aga pahyr, edil ýöne hinindäki gyşky ukusy bimaza edilen aýy kimin arlap, yzdan örboýuna galypdy. Gykylygy ýadyňa düşýämi?-diýip ol, loh-loh gülmäge başlady.
Inermyradam oň gülküsini alyp göterdi. Arkan-ýüzin gaýşyp gülüp durşuna-da, ol gülkiň arasynda gaýtalady:
-Ha-ha-ha, ýadymdan çykarm-aý, kylasgom?! Sözme-söz ýadymda-la: “Häý senemmir ikilikçiň biri! Bi meni dirikäm öllürip, jaýlap, dileg edeniň-ä hiç diýeli welin, sen bar-a, o derýalaňňam atlaryndan käşir helemek ýasadyň-a! Bilip GOÝ-Ý-Ý! SÜMÜKLI-I-I!!! Myratgeldi entek ol-a özüň ekeni, seň ýuwlugyň toýunda-da tans eder!!! Meni bar-a faşistler Berlinde öldürip bildimi, gel-gel inni, seň ýaly gömük ikilikçi wepat eder ýaly!!!”...Ha-ha-ha...Bäh, görgüli arlamak arlapdy. Öýde kakam pahyr bilen atam görgüli ikisem gaty gowy edip eýmijimi ýetiripdiler. Heniz-henizlerem, öýde beýlekide bulam-delem bolup ýatan gaýyş kemer gözüme ilse, ziňkildäp gidenimi duýman galýan. Derrewem otyrýerim awap başlaýa...Ha-ha-ha...
*****
Iki deňdeş gülüp keýpden çykdylar. Soň misli bu otagam, onuň içinde kebelekleýän çagalyk ýatlamalarynam, öten-geçenleň ruhlarynam ynjytmajak bolýan dek, dälize çykyp, işigi emaý bilen ýapdylar.
Soňam olar ol otagdan bu otaga geçip, arasynda gülşüp, degşip, arasynda gamlanyp, şol aýlandylar ýördüler.
Her otag hakda-da, şol otagda özlerine başardyklaryndan bilim beren, edep beren, öwüt-nesihat eden, görelde görkezen, ýaşamagy öwreden, adam bolmagy ündän, durmuşdaky bilýänje ugur-ýollaryny salgy beren...mugallymlaryňam, özleri bilen okan, bilelikde önüp-ösen deň-duşlarynyňam her biri barada-da olaryň köňlünde ýatlamalar tapyldy durdy.
Gussaly.
Gülkünç.
Aldym-berdimli.
Her hili...
*****
Hoşlaşanda-da bu ikisi, nämüçindir bijaý gadyrly sagbollaşdy.
Edil garry gadyrdanlar deýin...
Hamana, bularyň kyrk ýyl mundan ozal paşmadyk ýürekdeşligi indi başlanan ýaly...

2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.