Teke bazarda
Segsen ýedinji ýyl.
Gara görgülik.
Düýn öýlän ýyglan üç halta hyýar, terligine durar ýaly, öl-myžžyk edilip goýlansoň, henizem guramandyr. Çyg. Onam ilk-ä öýlerinden alty çatryk bäriligine, uly ýola jykyrly daşamalydyr. Soň ejesi agzy gözelen haltalary garawullap durýança, arabany, yzyna – öýe eltip gelmelidir.
Onsoň gözleri ýolda – Büzmeýin-Aşgabat aralykda gatnaýan, köne, warak awtobusa sadyllalyk.
Olam, edil, asman mawulygyndan käte bir uçup geçýän uçar ýaly bir zat – haçan geljegi, has dogrusy geljegi-gelmejegem gümana.
Gelse-de depilip dykylan ýalylygyndan ýaňa, münmek hyllalla.
Sürüjisi – “Matros” lakamly milleti nämälim garra-da – çilimiň tüssesine atam döwründe köýüp galan, zorruk sesini Yssambylda ýaňlandyrmak üçin hiç hili ses güýçlendirgiç gerekgä. Akdaşaýagyň depesinde arlasa, Garadaşaýagyň gögünde gagyldaýan gargalar ürküp, güsürre gaçýar.
Üstesine özleri münenem müneni welin, şo yzgarly haltalaram ýüklemel-ä!
Ýolagçylaram – edil ejesiniň öýde ýapýan çüýşesine hyýar örülen dek dykalanyp örülen – gylla ýarysam öz dillerinde wazyr-wuzur edişdirip, “mugtuna sögüş” diýseň, köhi gelip, dawany diýen bahaňdan satyn alýan dolmuşdan-dykyz bajylar.
Garaz, “Matrosyň” ara salym salman eňterýän hüňürdileridir, ýolagçylaň ýazgaryjy nazarlarynyň, neşderlije jümleleriniň astynda ýegşerilip, ejesi ikisi o synagdanam eýdip-beýdip geçdiler.
Awtobus ugrady.
Teke bazaryna ýetdiler.
Adam başyna otuz köpük. Haltalaňam her haýsyna şonça.
Dogrusy, her kellä bir manatlyk ýolkireýli, jyrk-sary öküzçepisint awtobuslaram şo ugurda gatnaýar. Olaň tutuş dikdurma ýol kösenjiniň aratapawudam bäş manatdan bir ýarymy aýyrsaň, üç ýarty bolýar.
Ýöne, näme, her döwür bir döwür.
Urşuň, aç-horlugyň, hemmeje zadyň gahatçylygynyň çagalary – ol-a teňňe ekeni, hatda ýekeje owuntyk nanam, esgä dönen geýim-gejimem isrip-yrýa etmezlige halys ýugrulyp giden.
Beýle-beýle “husytlyk” birneme düşnüksiz bolup görünýän zürýatlarynam, şeýdip terbiýelemäge dyrjaşýarlar.
Bazara baransoňlar, nämüçindir: “prilapka” diýilýän, hatar-hatar demir ýa beton sekiçeleň üstünde boşlawrak ýer tapdylar-da, haltalaryny şo taýyk daşadylar. Ejesi gidip ýerhaky töläp geldi. Ýoňsuz çuň, gön sebediniň jümmüşinden asma terezi bilen hyýar guýup çeker ýaly, tokgalanan işme torsebetçe çykardy. Sekiçäň üstüne hyýarlaryndan bir kile, bir kile çekişdirip, münderçelerde sereşläp goýdy.
Alyň ine, “töteňkalardyr-dädiňkalar”!
Inebir, gözüňe söweýin, mellekde elinjek ýetişdirilen, täzeje, terje hyýaryň birinji ýüzi!
Heniz gylam gyrylmadyk, ýylmanak böwürlerini lowurdadyp, pökgeripjik ýatyrlar!
Iýjek bolup agzyňa ýetiräýdigiňem dagy-y-y...
“Şyrt!” eder-de, terliginden ýaňa dişiň degmänkä, özi jaýrylyp agzyň içine böker!
Tagamam...
Ym-m-m...
Pah-pah-pah!!!
Iýip doýup bilseňiz, erkek boldugyňyz!
Özem, bilipjik goýaýyň!
Döküni diňe elin malyň dersi – hozly halwa deregine çemçeläp symyşlabermeli!
Jinnekçe-de “himýe” ýo:!
Ynanmasaňyzam, ýörüň bäri! Müňküriň gözi çyksyn! Äkider, görkezer! Mellekde hatarma-hatar çillere seçelenen towuk dersidir, mazaly ýakylan sygyr dersiniň hemmejesinem ine, şü, gözüni jüýjerdip, ejesiniň gapdalynda duran oglanjyk, bedre-bedre gerşinden geçirdi.
...Kän wagt geçmänkä, täze hyýaryň hyrydary artyp ugrady.
Ilki bilen ýany şu oglanjykdan iküç ýaş kiçiräk görünýän çagaly, orta ýaşlaryndaky rus zenany geldi.
Bahalaşdylar.
Oglanjygyň ejesi, hemişeki edähetine eýerip: “Yrym-yrym, ýom-ýom, birinjije müşderim!” diýen pikir bilendir-dä, kilesini elli köpük diýip duran harydyny oňşup, ol hatynyň dileýşi ýaly üç kilesini bir manada berdi. Üstesine-de haltadan iki sany ep-eslije hyýary alyp, ol zenanyň ýanyndaky saryja meňizlä tutdurdy. Ol edeplilik bilen almajak bolsa-da, ejesine diýip, aldyrdy.
Eneli-ogul alyjy giderine mähetdelem, oglanjyk ejesine garzynmaga başlady:
-Je?!
-Hümm,-diýip eýýäm oň näme diýmekçidigini aňýan ejesi, üns bermediksiräp, sekiçäň astyna süýşürilen haltalaryna güýmenen bolýar.
Ýeri, beýdeni bilen, bü kellesine bir zat girse, eňegine tutup halys goýmaza dönýän keçjaldan gutulyp biljekmi diýsene?!
-“Je” diýýän-ou!
-“Hümm” diýýän-dä menem saňa!
-Pul bersene-hou!
-Puly nämetjek şumat? Senem bar-a, halys ýöne kireýsiz kilim kakmaza dönüp barýaň-da, kürre! Nä inni ýa göz hakyňy almasaň gymyldamaz bolaýdyňmy?
-Je-e?!
-“Näme” diýdim-ä! Näm-me?!
-“Pul” diýýän-hou!
-Wa-eý, bü kesiri! Menem saňa: “Puly nätjek?” diýdim-dä! Ýa, diýmedimmi, hä?!
-Marožža alnasym gelýä-hou...
-Nähili “marožža” gyz?! Oturaweri! Häzir hyýary satyp bolup, gaýdyşyn, öýdäki jigileň-doganlaň bilen hemmämize bile alnarys. Şonda iýersiň.
Oglanjyk tüňňerilýär.
-“Şumat” diýýän-ou, je! Gaýdamyzda alsaň, maňa alma-da.
-Wah-eý, jan guzym-a,-diýip ejesi oglanjyga dözenok. Elini öňlügine süpürýär-de, oň garaja galpagyny sypalaýar:-men seň marožna alanyňy gysganamok, guzym! Ýöne, özüň pikir et hany, sen-ä bärde ýekeje özüň maražno symyşlap ýörseň, jigileňem öýde...Nähili bolar?
Oglanjyk oýurganýar.
-Aýtmasak bilmezler-ä,-diýip burunjygyna siňdirip, eşidiler-eşidilmez hümürdeýär.
-Olar bilmände näme, guzym?-diýip ejesi uludan demini alýar:-özüň bilýäň-ä.
Oglanjyk ýene-de demsalym pikire çümýär. Biraz wagtdan ýüzi ýagtylýar:
-Je, ýaňy özüň aýtdyň-a: “gaýdyşyn ählimize aljak” diýip. Inni menem saňa diýýän, barybir maňa-da şonda alarsyň-a, şoň üçinem men şo paýymy şumat iýäýin?! Hä, je?!
Ejesi ýene-de uludan dem alýar. Ýylgyranda az-kem ýumşany bildirýär:
-Ýeri bolýa-la. Nähili marožna bir özi?!
Oglanjyk ýyrşarýar:
-Masgowski. “Bulam bir” diýilýäni.
-“Bulam bir” däl, “plommir” oglum. Bolýa bar, gitde alnyp gel,-diýýär-de ejesi, gapjygyny açyp, köpük dörjelemäge başlaýar:-Näçeden özi?
-Ýaňy geçip barýakak eşitdim, biri ýigrimi köpükden, je.
-Gulagyňy jam ýaly edip, eşidesiň gelen zady gaty bahymam, gowam eşidersiň-le sen,-diýip ejesi, gapjygyny dörüp durşuna, ýüzüniň ugruna mähirli hüňürdeýär:-Iri köpükligim-ä ýok keni. Kileň bir, üç, bäş köpüklikler. Me, gyz, ýaňky birligi alyp git-de, gaýtargysyny yzyna getiräýsene, bormy?!
Oglanjyga sary birligi uzadýar.
Puly garbap alan oglanjyk, sekiçäň daşyndan aýlanyp, eňiberjek bolýar-da, birdenem kürtdürýär. Ejesine naýynjar bakýar:
-Je?!
-Inni näme gyz?! Ýa nä, “ikisini alaýyn” diýjek bolýaňmy? Doýmanam geçersiň. Ýok, alma, birem bolýa. Kän iýseň basygyň göteriler. Bar, bar, emejen göle ýaly mölterilip durma-da, gidip, ýekejesini alnyp gel. Eşitdiňmi?!
-Ýo-hou, je!-diýip oglanjyk başyny ýaýkaýar:-Ýeke özüm iýsem birhili neme bolýa-laý. Saňa-da birjigini alaýyn?! Bile iýäýeli. Onsoň öýdäkilerem agşam baramyzzan soň özbaşyna iýer-dä. Ikimizem iýmän ýüzlerine seredip, ýaman erbet ymsynar oturarys-da...
Oglanjygyň garaşylmadyk teklibine ejesi pagyş-para bolýar. Ýene-de bir gezek oň başyny sypaýar-da, zordan:
-Bolýa...guzym...bar...maňa-da alaý birini...-diýýär.
Öz-özünden monça bolan oglanjyk, buzgaýmak satylýan ýere tarap ýelk ýasady.
*****
Bärden baranda, ak ýektaýly, buzgaýmakçy daýzaň öňünde diňe ýaňky olardan hyýar satyn alyp giden aýal bilen oguljygy dur. Ol barşyna şolaryň yzyndan nobata durmakçy boldy.
Birdenem...
Alty-ýedi ädim beýle ýanynda, şahalaryny giň gerip, esli ýere saýa salýan, uly bagyň astynda stollar düzülipdir. Üstem akly-gyzylly kitaplardan düzüm-düzüm. Iki sany satyjy gyzam müşderileri bilen başagaý.
Öňlerem adamlardan hümer.
Harby geýimli serkerde dik duran ýerinden haýsydyr bir kitaby eline alypdyr-da, oňa başbitin çümüpdir.
Misli, nirede durandygynam huşundan uçuran ýaly.
Egni ezýaka köýnekli, kellesi akgaýma tahýaly, sakgally ýaşuly, kitaplaň üstüne eglip, egnaşyr seçekli gyňaç atynan, ortamyýana hatyndan öz eline alan kitaby barada nämedir bir zatlary soraşdyrýar.
Okuwçy gyz ejesinemi, uýasynamy duran kitaplaň birini görkezip, bir zatlar gürrüň berýär.
Belki, şo görkezýän kitabyny okandygyny, onuň juda gyzyklydygyny aýdyp, eger-de okamadyk bolsa okap görmegi maslahat berýändir...
Oň demi tutuldy.
Ýeliň demine düşüp tozgalaýan akbaş deýin, ýeke pursatda hemme zat serinden sypyryldy.
Bu örüm-örüm kitaply hatar bu mahal oň gözüne Alybabaly ertekidäki kyrk garakçyň Simsim gowagynyň ähli genji-hazynasyndanam ýeg görünýärdi.
Bäh!
Şumat okap çykaýsaň-aý, şulaň barysyny-y-y!!!
...Onuň aýaklary aňyndan garaşsyz, öz-özlerinden buzgaýmakçy daýzaň deňesinden ötdüler-de, onuň göwrejigini kitaply hataryň deňesine eltdiler.
Ol bir aýasynda sary birligi gysymlap durşuna, beýleki eljagazy bilen duran kitaplaryň sahabyny mähirli sypalap, olaryň atlaryny birme-bir okamaga başlady.
“Fenimor Kuper. “Haýwanlary awlaýjy”.
Walter Skott “Aýwengo”.
Weniamin Kawerin “Iki kapitan”.
Žýul Wern “Suwastynda 20 müň lýe”.
Moris Drýuon “Gargyş siňen korollar”...
Wah, şumat bir, tükeniksiz puluň bolsa. Şulaň hemmesinem satyn alyp, öýe äkidäýseňdiň! O taýda-da galman, hiç ýere çykman, tä hemmejiginiň soňuna çykýançaň okap, okap, okap ýataýsaňdyň...”.
Ahmyrly hyrçyny dişleýän oglanjyk, özüniň nirede, näme işleýändiginem undup, kitaplary sypalap esli durdy. Birdenem daşy ýumşak sahaply, ýüzünde bir ata jüpleşip münüp barýan, kelleleri sypal başgaplyja iki sany gögeläň suraty çekilen kitapda nazary büdredi. Okady.
“Lui Bussenar “Kapitan Kellekeser”.”.
Bir demde ol, hut şu kitaby hut şu pillede alyp, bagryna basmasa, duran ýerinde takga jany çykaýjaga döndi. Ol nämüçindir gus-gury bolan dodaklaryny dilini çykaryp ýalady-da, dogabitdi ýygralygy zerarly özüne zor salyp sorady:
-Şü näçedenkä?
-Segsen bäş köpük,-diýip, başy owadan ýaglykly, satyjy gyz parahat jogap gaýtardy.
“Ýetýän ken!”.
Oglanjyk heziller etdi.
Dynnym ýalyjagam sagynman, gysymyndaky birligi satyja uzatdy.
Kitaby alandanam ony kindiwanja gursagyna gysdy.
Ylla bir, ülkeler söküp, dag-derýa, deňizler aşyp, aždarlar bilen garpyşyp, döwleri syndyryp, ahyrsoňunda-da, ýetmiş ýedi sany demirden ädigi deşilenden soň, elýetmez bagta mynasyp bolan deýinem, arzyly kitabyny bagyr üste huwwalabam yzyna döndi.
Emma...
Buzgaýmakçy daýzaň deňesinden ötmekçi bolanda, güpbe ýadyna düşdi.
Ejesi.
Buzgaýmak.
Gaýtargy.
Ýüzjagazy boz-ýaz boldy.
Nämetmeli?!
Ol, göýä, şolardan haraý isleýän dek, ilk-ä buzgaýmakçy daýzaň, soňam ogluna usullyk bilen buzgaýmak iýdirýän, hälki özlerinden hyýar satyn alan zenanyň ýüzüne delmuryp garady.
Hyýar alan hatyn oňa ters düşündi. Öz dilinde:
-Oglum, näme buzgaýmaga puluň ýokmudy? Garaş, häzir men saňa hödür-kerem edeýin,-diýişdirdi-de, satyjy aýala öwrüldi:-haýyş edýän, şujagaz oglanjyga-da birini beriňsene.
Özüne ters düşünilenine oglanjyk allaniçigsi boldy.
Bada-badam iki ýarym aý mundan ozal kakasy bilen öz arasynda bolan sahna hyýalynda janlandy.
...Şo gün olar doganlary bilen üýşüp, melleklerindäki çaklaňja ýyladyşhanada şo ýaňky satylýan hyýaryň şitilini taýynlap otyrdylar.
Birdenem howlularyna nämedir bir zatlary sarnaşdyryp gedaýçylyk edýän sygan aýal girdi.
Üsti-başy üpül-sapyl. Geýimlerem edil tapan-tupan mata gyýkyndylaryndan tikilen dek älemgoşar reňkli. Şaý-paýmydyr, açar-paçarmydyr, dürli-dümen akyr-ukur çatylan saçlaram hüžžük. Ýanynda-da iküç sany garajürjenje çagalary.
Ejesi olary boş goýbermändi.
Şonda-da ol lülileň yzyndan garap oturyşyna:
-Şular ýaly bolaýsaň-aý, hä kaka?! Işlemelem dä. Hemme kişem saňa süýji-köke, pul berýä. Hämi, kaka?!-diýdi-de, süýjüdip süýkdürdi.
Palçykdan kürüşgelere emaý bilen gämigini döwäýmänjik, şinelän hyýar çigidini atýan kakasy, oň gürrüňini halamandygyny bildirip, gaşyny çytdy. Soňam buýruk beriji äheňde diýdi:
-Oglum! Olar diläp iýýä, biz işläp iýýäs. Şunam pugta belle. Unutma.
Şu pille-de kakasynyň birdenkä ynjyly çytylan keşbi göz öňüne geldi. Aňyndamy ýa-da gursagyndamy-da, şo sözleri gaýtalandy:
“Olar diläp iýýä. Biz işläp iýýäs. Unutma!”.
Ol kelam agyz geplemän, hyrra yzyna aýlandy-da, yzyndan ýagy kowalaýan dek, haýdaşlap, bazaryň içine gaýtdy. Ýaňky özüne buzgaýmak alyp berýän zenanyň arkasynda nämedir bir zatlar diýýändigine-de üns bermedi...
Şo badyny gowşatman bärden barşyna-da, göýä, sähel haýal-ýagallyga ýol berse, utanyp, eden işini aýdabilmeze dönäýjek ýaly, ejesiniň öňünde ýazygyny boýnuna aldy.
Ejesi uludan demini aldy-da, oň özüne somlaýan, on bäş köpük gaýtargyly aýajygynyň üstünden eli bilen usully gysymlady. Aşak eglip, oň şo eljagazynyň ýeňsesinden öpdi.
Onýança-da, aňyrdan, äwmän bäriligine gelýän, ýaňky hyýar satyn alan aýal göründi. Elinde-de buzgaýmak...
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.