"MEN SENI ÝIGRENÝÄN" 2-nji bölüm
Aýna özüne gelende, adam ýokdy. Şol bada kellesine mamasy geldi. Zordan geýnip, ylgap hassahana gitdi. Ol hassahana gelende, mamasyny operasiýa otagyna alypdyrlar. Ejesi aglap otyrdy. Aýna ejesini köşeşdirmäge durdy. Ahmet daýy hem şol wagt geldi. Ahmet daýy Aýnañ ejesine elinden gelenini etjegini, hemme zadyñ gowy boljagyny aýdyp köşeşdirdi. Soñam hassahananyñ çykdaýjysyny tölemäge gitdi. Operasiýanyñ şowly geçenini lukman aýdanda, hemmeleriñ üstünden uly ýük aýrylan ýaly boldy.
Aýnañ şol wagt biraz wagt mundan öñ bolup geçen ýagdaý göz öñüne geldi. Ol aglady. Ejesi: -Gyzym, goý! Mamañ gowlaşdy ahyry. Gyzym saña näme boldy, ýüzüñ ap-ak-diýdi. Ene ýüregi bir zatlar syzdy. Aýna zordan diýen ýaly:
-Eje, mamamy gaty alada etdim-diýip aglady. Ejesi zordan köşeşdirdi. Ol diňe aglaýardy, aglasa derdi ýeňläýjek ýalydy. Emma, beýle däldi.Ejesi näme etjegini, näme diýjegini bilmedi. Soňam gyzyna:
-Gyzym, hany sesiňi goý. Beýdip hassahana içiňde masgara bolma! Görýäň-e, ana, mamaň ýagdaýlary gowy. Tur, ýör el-ýüzüňi ýuwaly-diýdi. Şol wagt olaryň ýanyna gelen Ahmet daýy:
-Gyzym, ejeň dogry aýdýar. Sowuk suw biraz bolsa, rahatlandyrar- diýip, Aýnaň ejesiniň sözüni tassyklady. Soňam telefonyny eline alyp, şol bir aýlan belgisine täzeden aýlamaga durdy. Emma, Mekanyň el telefony öçük berýärdi. Ahmet daýynyň biraz gaharynyň gelip durany bildirýärdi. Aglamakdan ýaňa gözleri çişip giden gyz, turmak üçin ýerinden galanda özünden gitdi. Özüne gelende hassahana otaglarynyň birinde-di. Turmak üçin ýerinden galanda, ýene başy aýlandy. Şol wagt gelen şepagat uýasy:
-Saňa heniz turmak bolmaýar. Ýat, biraz. Ejeňi gaty gorkuzdyň sen.-diýip, şepagat uýasy Aýna buýruk beriji äheňde gürleşdi. Biraz wagtdan Ahmet daýy ony umumy ýaşaýyş jaýyna alyp gitdi. Aýna Ahmet daýynyň: “Biziň öýde galan bolsaň gowy bolardy. Ejeň bilen bileje bolardyňyz. Öz ýagdaýlaryňam öwerlik däl” – diýip, näçe ýalbarsa hem, Aýna garşy çykdy. Ejesem gyzyna gaty-gaýrym zat diýmedi, diňe ylalaşýan hökmünde baş egdi. Öz otagyna gelip, ýene aglady. Bu waka hakda diñe ýakyn syrdaşyna aýtdy. Ogultäç näme diýip köşeşdirjegini bilmeýärdi. Aýnа:
-Gül ömrümi kül etdi. Masgara boldum, ejeme näme diýip aýdaýyn- diýip, şol bir sözlerini aýdyp aglaýardy. Daşa çykmaga utanýardy, töwerekdäki adamlar oña: "Ana, serediñ haýasyz gyz gelýär" diýäýjek ýalydy. Ol okuwyny taşlamagy ýüregine düwdi. Mamasy hassahanadan çykandan soñ, Aýna ejesine okamak islemeýanini aýtdy, ejesiniñ ýanyndan bolmak isleýandigini aýdyp aglady. Ýalbardy. Çagasynyñ islegi eje üçin kanun ýaly. Okuwyny taşlaýanyny halamasa hem, gyzynyñ diýenini etdi. Ogultäç bilen Ahmet Aýna köp ýalbardylar. Aýna asla diñlemek hem islemedi. Ol gitdi... Ne gözel gyzyñ durmuşy bir bihaýa sebäpli bozuldy, gül ömri kül boldy. Oba dolanyp gelip, mekdepde tam süpüriji bolup işe girdi. Iş, öý alada biraz gyzy ruhlandyrypdy. Ejesi, mamasy bilen edil bol-tekinlikde bolmasa hem, güzeranlaryny aýlap bilýärdiler. Gyz özüni ejesi we mamasynyň ýanynda bagtly duýýardy. Emma, bu bagt uzaga çekmedi. Gyzyň okuwyny gutarman çykyp gelmegi, her dürli gürrüňlere sebäp bolup başlady. “Il agzyny ýygyp bolmaz” diýilşi ýaly, her kim bir zat diýip gürrüň çykarýardy. “Aýna gyz gaty ýarawsyzmyş, doktorlar okama, asyl durmuşa çykma diýipdirler” diýip, biri aýtsa, ýene biri:“ Ýokla gyz, şäherde bir ýigit bilen halaşypdyr, gyzy taşlansoň, Aýnada bärik gaýdypdyr” diýip, öz sözüni tassyklaýar, Goňşy aýallar welin: “Mamasynyň ýaramany bahana, okuw okasy gelen däldir, aňsatmy şähere gidip okamak” –diýlen ýaly gürrüňler, gep-gybatlar oba ýaýrapdy. Soňam bu gürrüňler ýatyşypdy. Okuwdan gelip işe başlanyna, üç aý geçdi diýlende, Aýna özünde bir üýtgeşikligiň bardygyny duýdy. Göwnüne we kellesine gelen zat ony gaty gorkuzypdy. Şähere hassahana özüni barlatmak üçin, gidip barýarka: “Allajan, meň pikir edýän zadym bolmasyn, goý, menden agyr kesel tapsyn, ölümçül bir kesel, ýöne Hudaýym pikir edýän zadym bolmasyn. Ozalam obaň gep-gybatyndan ýaňy dyndym” –diýip, aglap ýalbarýardy. Ginekolog lukman oňa 11 hepdelik göwrelidigini aýtdy...
Aýnanyň oba gaýdanyny eşidip, Mekanyň geçisi daga ýaýrady. Sebäbi, gyza eden zatlaryndan soňra, onuň kakasyna aýdaryna gaty gorkýardy. Beýle ýagdaý ýüze çykanda, kakasynyň onuň haýal etmän Aýna öýerjegini bilip durdy. Ol haýsydyr bir obadan gelen gyza ( ol dostlarynyň ýanynda Aýna gelmişek diýip aýtýardy) öýlenmek, onuň bilen goş birikdirmek islemeýärdi. Aýna bilen bileje bir obada önüp-ösen bolsalar hem, ony halap baranokdy. Şol bolup geçen wakadan soňa hasam ýigrendi. Ilki ol Aýnany hiç kime aýtmazlygy gorkuzmak isledi. Ýöne, olam başa barmandy, sebäbi Aýna umumy ýaşaýyş jaýyndan daşa çykanokdy. Soňam Mekan onuň resminamalaryny alyp okuwdan çykanyny eşidip, ýüki ýeňlän ýaly boldy. Dostlarynyň ýanynda welin:
-Eşitdiňizmi, ol gelmişek okuwdan çykypdyr. Hiç hili gyzlyk buýsanjy zady ýok ekeni- diýip, gyzyň üstünden güldi. Dostlary bu gülküni derrew alyp göterdiler.
-Hawalaý, özi hem isledi öýdýän. Ýogsam-a, aýdarsyň-ow.
-Aýdan bolsa, özi soň masgara bolardy. Hiç zat subut edip bilmezdi. Biz-ä boýnumyza almazdyk.
- A how, belki oba gurjagy obada özüni şeýdip tanadasy gelýändir. Bärik tejribe toplamaga gelendir – diýşip, gülşüp içgi içmeklerini dowam etdirdiler. Mekan dostlarynyň bu sözlerinden soňra, hasam arakaýyn boldy. Ýöne, olaryň hiç birem gyzyň utanjyndan, Ahmet daýysyny sylaýany üçin hiç zat aýtmandygyny, ejesi, mamasy we Ahmet daýysynyñ arasynda dawa bolmasyn diyip aýtmandygyny olaryñ hiç biriniñ kellesine gelmändi. Asyl Aýna adama aýdybam bilmezdi, ol gaty utanýardy. Ogultäje zordan –zordan aglap, aglap aýdypdy.
Mekan okuwyny gutardy. Ýöne, keýpden doýup bilmändi. Oňa okuwyň soňky kursy wagtynda, bir şäher gyzy duşupdy. Ata-babalarymyzyň aýdyşy ýaly “Deň etmän, duş etmez” diýilişi ýaly, ol gyz Mekandan has beter bolup çykdy. Güljemala Mekanyň diňe puly gerekdi. Ýigidi barmagynda pyrlawaç pyrlap, oýnaýardy. Mekan okuwyny gutaryp, kakasynyň firmasyna işe girdi. Güljemal bilen aýşy-eşretde ýaşamagyny dowam etdirdi. Bu bagtly günler hiç wagt gutarmaz diýip pikir edýärdi. Emma, bagtly günler uzak bolmaýar. Ahmet daýy ýol heläkçiligine uçrady. Onuñ iki aýagy ysmaz boldy. Lukmanlar elinden gelenini etdiler, emma oñly netije bolmady. Ahmet daýy bu ýagdaýy bilen şäherde ýaşap biljek däldi. Ol oba öñki öýüne göçüp bardy. Firmasy ýapyldy. Mekanyň pulsyz galanyny eşiden Güljemal apy-tupan tuzurdy. Mekan Güljemaly belki söýen bolsa söýendirem, emma onuň bu gohundan soňra:
-Bar, göterilsene şu ýerden – diýip, agzyndan gelenini sögüp kowup goýberipdi. Ol şäherde galyp, işlärin öýtýärdi. Emma, kakasynyň ýarawsyzlygy zerarly, olam oba dolanmaga mejbur boldy. Etrap merkezine kakasynyň tanyş-bilişi bilenem işe girdi. Girip-girmänem derrew ol ýerdäki gyzlaryň başyny-gözüni aýlamaga durdy.
Aýna Ahmet daýynyň yzyna oba dolanyp gelenini eşidip, birhili boldy. Onuň bilen bile Mekanyň gelenini eşidende welin, ýüregi duran ýaly boldy. Ejesiniň welin, zatdan habary ýokdy. Ol ejesine hiç zat aýtmandy. Onuň Ahmet daýysy bilen arasynyň bozulmagyndan gaty gorkýardy. Mamasy geçen ýyl dünýäsini täzeläpdi. Ejesiniň çaganyň kimdendigini soranda welin, “bilemok, eje” diýip aldapdy. Ejesi gyzyna sorag baryny berip, gyssamaýardy. Gyzyna sorag berip, öňküdende beter gynandyrmak islemeýärdi. Göwredäki çagany “näme etmeli?” diýen soraga, mamasy pahyr:
-Çagaň näme günäsi bar? Kakasynyň şeýle haramzadadygyna, ejesiniň welin, şeýle lellim, özüni gorap bilmeýän naçar bolsa, çaga oňa günäkarmi? Allaň beren janyny seniň almaga hakyň ýok?! Soňam iliň agzyny bogup bolmaýar, gürrüň ýok bolsa-da, gürrüň tapyp ederler. Gyzym, senem başyňy dik tut! Seniň günäň ýok! – diýip, ejesiniň hemem Aýnanyň göwnüni göteripdi. Olar polisiýa gidip, özlerini masgara etmek islemediler. Soňam aradan indi köp wagt geçipdi. Hiç zat subut edip bolmazdy. Ejesi bu zatlary Ahmet daýy aýtmaly boldy. Ahmet daýy gynanmak gynandy. Ýöne, onuňam indi elinden geljek zat ýokdy. Aýnanyň oguljygyny görende, ol oňa Mekanyň çagalygyny gaty ýatladýardy. Ahmet daýy her gezek ol balajyga seredende, ýüregi bir zatlar syzýardy. Emma, Aýnadan ebeteýini tapyp, sorap bilmeýärdi. Mekan Aýnanyň oglunyň bardygyny eşidende ýüregi ýarylyp, agzyndan çykara geldi. Onuň ýaşynyň näçedegini bilmek üçin, Aýnanyň ejesinden sorady. Ejesi hiç zady gümän etmän:
- Üç! Ine, basym dört ýaşamaly men balajygym, janymyň jananasy- diýip, agtyjagyny söýgüläp jogap berdi. Jogaby eşiden, Mekanyň gözi garaňkylap, tas yzlaýyn ýykylypdy....
Dowamy bar

5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.