GÖWNÜM

Çaga ýaly meniň päkize göwnüm,
Sähel zada monça bolup ýörerdiň.
Arzuw, umytlaryň paşmadyk wagtam,
Iki barmak maňlaýyňdan görerdiň.

Teselli bermegi çöken kalplara,
Üstün goýup ähli zatlardan möhüm,
Duýgydaşyk bildirmegi küýäsärdiň,
Mydam göwünlere bermegi mähir.

Häzir bolsa göwnüm hut seniň özüň,
Mährili sözlere mätäçlik çekyäň,
Birje çümmük mähir isläp kimseden,
Zol aýakdan, töwregiňe seredýäň.

Bar zadyň özeni saýyp dünýäde,
Bilmezdiň gözelleň ýanyndan gaýdyp,
Bu gün neçün kesä bakýar gözleriň.
Gorkýaňmy ýüzüňe urular öýdüp.

Kiçelmekden, ezilmekden, harlanyp.
Barjak derejäňe baryp ýetipsiň.
Gökde ganat ýaýyp uçup ýörşüňe,
Indi welin ozundenem geçipsin.

Seň dünýäňe ýat ahyryn ynjamak,
Kineleriň ganatlarny gyraly.
Seň özüň mähirden, ýasalan şoňçün,
Ýüreklere mähir bolup damaly.

Gurbanmämmet MEREDOW.
 
1 лайков 116 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.