"HUDAYSYZLAR"

1-nji bölimi...
Men bu pajygaly wakany bir ýigdiň durmyşda maşgala durmyşynyň ýowyz kemsitmeleri esasynda,  gurruň bermegi boýynça ýazdym.
Durmyşda bolan waka we daşdan ýakyndan eşdilýän, gaýtalanýan waka...
Şajan uzyn boýly görmegeý ýigitdi. Gara saçlary maňlaýyna duşup duran özine gelşik beren şadyýan alçak ýigitdi. Ol Mährini gullukdaşy toý edende görüp, ona ilki gören gununden aşyk bolyp, beýleki ýigitler ýaly gyzyň yzyndan kan ylgap hem ýorman göni gudacylyga iberdi. Uzak ara wagt salman hem toý etdiler. Mähri bu öýe gelip öýiň ody bilen girip küli bilen çykdy, onyň öziniň yz ýanyny basyp duran baldyzy Jemal bilen gaty gowy göruşýardi onuň bilen jora boldy. Jemalda gelnejesini agasynyň gelni ýaly sylap hormat goýsada jora ýaly bar syryn diňe gelnejesi bilen paýlaşýardy. Bu agzybir maşgalany hemmeler howes edýardi. Bularyň agzybir maşgalasynda ýyla ýetmän ekiz bäbejik hem goşyldy. Şatlygyň üstune şatlyk goşyldy. Olara Wepa Sapa diýip at goýdylar. Ekizjeleri bolanda kesilip alynansoň, Mährä iki üç ýyl çaga dogurmaga lukmanlar rugsat bermedi. Mähri çagalar bilen başagaý bolyp hojalygy bile bolyberdi. Günlerde bir gün Mährä gaýyn enesi:
—daşky garyndaşlaryň biri toý edensoň, çagalary alyp galaýyn sen Jemal bilen gornip gel diýip tabşyrdy
Şajan bolsa ýatymlaýyn işdedi. Soň Mähri Jemaly alyp toýa bezenip beslenip gitdiler. Olar toýy sagaman sogyp öýe gaýdanlarynda, yolda bir taksa münýäler. Bu natanyş taksa el galdyryp münenlerinde onyň içinde bir adam hem bar eken, bu ikisi maşynyň  yzynda otyrdylar.
Taksa munenlerinden öňinde otyran adam uzak saklanyp bilman Mährä lak atyp başlady
- Owadan gelin toýdan gelýäňiz öýtýan, owadan bolyp çykypsyňyz, aýdan bolsaňyz özimiz äkidip getirerdik ahyry, gözel gelini toýa ýeke goýberýän erkek kişi kimkä?...
Mähri çekinip zordan hawa diýdi. Öýlän giçlik ýola çykansoňlar garaňky gatlyşyp barýardy. Ýolda gelýarka sürji ýolyň ugryndaky ýylgynly oýyň garşysyndaky obalyga girip ýanyndaky ýigdiň bir işinin bardygyny bir minut bitirýänca garaşmaklarny haýyş etdi. Mähri münen maşyny taksi bolansoň gownüne hiç zat getirmedi. Ol arkaýyn Jemal bilen ondan mundan haýalrak mesasy gurruň edip otyrdy. Ol aýnajykdan özlerini synlap otyran bu iki pälýamanyň bet niýetin aňmady. Oba diýip giren maşyn ýylgynly oýyň gür ýerinde maşyny saklady. Garaňky gowy gatlyşypdy. Öňde otyran adam maşyndan duşup yzky işigi açyp Mähriň ýanynda otyrdy.
Mähri
- siziň bu bolşyňyz nähili, diýip nyrhyňyzy berýas ahyry, name üçin maşyny sakladyňyz öz işiňiz bilen bolyberiňda, maşynyň yzyna name üçin geçdiňiz: - diýip sorady
— siz, ýaly owadan gelin barka öz işiň bilen iş bolasy ýok, balam, biziň bar işimiz sen ahyry, diýip ol adam Mährini zor bilen ogşap başlady
Jemal saklanyp bilman
- gelnejem bilen işiň bolmasyn: - diýip ol adamyň eline ýapyşdy.
Ol barmana ol adam Mähriň elinden tutyp, onyň garşy görkezmesine hem seretmän, maşyndan sutenekledip  daşyna çykardy.
Mähri
- goýber elimi nejis
Ol barmana şofer Jemalyň elinden tutyp
-maşyndan çykardy
Jemal gorkysyna
- gelneje, gelnejejan kömek edäý, goýber elimi diýip ol adama gygyrdy.
Mähri baldyzynyň elinden tutyp barýan erkek kişä:
- sizde gyz jigi, ýa gelin ýokmy, goýberiň ony haýwan degme gyza diýip gygyrdy, hudaýsyz nejis. Jemalyň gelnejejan diýip gygyrýan sesi, hemde degme maňa degmäýdä maňa diýip ýalwarýan sesi Mähriň ýuregin dilim dilim etýardi, ýöne elinden berk saklanyp durlansoň ol adamyň elinden sypyp bilmedi. Soňa baka Mähriň özi ýalbaryp başlady. Boýnundaky 30 gr altyn zynjyryny, iki ýuzugin sypyryp aýryp
- gyza degme, me şuny alyň ýone degmäň, beýle hudaýsyz bolmaň, beýtmaýiňda, jan dogan, gyza degmäň, gyza el degirme,  meni name edesiňiz gelse edäýiň diýip ýalbaryp başlady.
Ol barmana Jemalyň
- waaaaý gelnejee: - diýen sesinden soň ondan ses çykmady.
Mähriň elinden berk tutyp saklap duran adam dostunyň özine garşy gelýanini gorup, Mährini gabat garşyda gögerip duran ýylgynyň duýbine ýykdy, erkeklik guýje daýanyp onyň ejiz  göwresine öz göwresin atdy.
Mähri
- hudaýsyz, beýtme, degme diýen sözi ýada duşýar, ýuzine urlan batly şarpygyň zarbyna ol özinden gitdi...
Naçe sagat ýatanyny bilmedik Mähri özine gelende, ýylgynyň ýüzine gaçan pürlerin aýryp ýuzune düşýan guniň şöhlesine seredip, bu kemsitmä çydap bilman, bagryny çägä berip ýer bagyrtlap aglady. Birden sesin goýyp
— Jemaaal: - diýip ýylgynyň duýbinden baldyzna garşy emedekläp ugrady
Jemal bolsa özini bilman ýatyrdy. Mähri Jemaly öldurendirler öýtdi Baryp ony gujaklap aglady. Jemal özine geldi. Nämäň name bolanyna aňy almadyk Jemal özine gelip epessli gozin tegeläp otyrdy, gorkudan ýaňa ýüzi eňşäp durdy, ýerinden turjak boldy, yzgynsyzdy, täzeden ýere ýykyldy, birden gelen agy sesi bu iki najaryň ýylgynlygyň içine şemala gatylyp uzak aralygyna ýaýrap gitdi, ýöne bularyň sesin ýylgynlardan başga hiç kim, hiç bir Allaň bendesi eştmedi. Adam gara bu töwerekde barlygyna meňzänokdy. Olar bir birin gujaklap esli wagt aglaşdylar, ýöne öz özleri aglap özleri hem  goýdy. Bir az wagtdan Mähri çyslanyp  baldyzna
- Jemaljan, bu diňe ikimiziň aramyzda galsyn, naletsiňen hudaýsyzlaryň bu etmişini Alla tabşyrýan, hany tur ýorali, diýip Jemalyň elinden tutyp ýerinden galdyrdy. Jemal sesin çykarman, gelnejesiniň yzyna duşup gelýardi. Uly yola çykyp ýorap ugrady. Ýoldan gelýan bir ýaşuly adamyň,
- gyzym yol uzak ahyr, pyyada aşmaga, menem şo tarapa sadaka  barýadym, meniň maşynyma münäýiň diýende, Jemal Mähriň elinden berk tutdy. Mähri sesin çykarman ol ýaşulyň maşyna münüp öýlerine gaýtdylar. Öýleriniň deňiraginde maşyndan duşup, baş atyp çalaja sagbol diýip pul uzatdy. Ol ýaşuly pula seretman düşüberiň diýdide, olary duşurup öz ýoly bilen gidiberdi. Mähri öýe gelende gaýyn enesiniň öýde ýoklugyna gaty begendi, sebabi ony hazir görse Mähri özini saklap biljek däldi, Jemal bolsa öz otagyna girip gitdi ýöne soň ol otagyndan çykmady. Mähri bolsa öz otagyna girip, ýanyny ýassyga berip sessiz aglady...
Gaýyn enesi ekizjeleri bilen öýe gelende çagalaryň:
- ejem geldi ejem geldi, diýen sesine Mähri bokup ýatan ýerinden  turdy we ylgap daş çykdy, iki oglyny bagryna basyp aglady.
Hiç zatdan habarsyz gaýyn enesi
- goýaweri gelinjan, agtyklarymy ejesin kusetman saklandyryn, beýdip durma, çagalar ýaman bolara
- ýokla enesi, goresim geldi: ozal hem çagalarny gaýyna taşlap toý märekä kän  gidip gelýardi, ýone hiç gezegem gelensoň beýdip çagalaryn gujaklap aglamazdy
Gaýyn enesi
- gelinjan, taze gelniň baş salyjysyn hem gorup gaýtdyňyzmy, gija galdyňyzla: - diýip sorady
- hawa: - diýip gozinin ýaşyn supurup jogap berdi...
Mähri ekizleri gujagyna gysyp öz otagyna garşy gitdi. Ol çagalar bilen guýmenip öz otagyndan öýläne çenli çykmady, ol olara guýmenip  otyrka gaýyn enesi içeri girdi
- gelin diýýänä, Jemaljana ot ýaly gyzyp ýatyr, men jaň edýan welin oba doktormyz jaňyn alanok, bir işi çykyp daşaryk ukola pukola dagy telefonyn taşlap gidaýipdir öýtýän, men şoňa  gidip geljek, we ondan aňyry daýy ugrymyz agşama sadaka aýtdy şoňa görnüp gijiräk gelerin, çagalaryň oýynjaklaryn öňine dökde agşama bir zatlar bişir, Jemalyň ýanyna welin olary salaýma dumew, bu ýyl gaty agyr, olara bir geçaýmesin: - diýdi
Jemal ot ýaly gyzyp ýatyr diýende Mähri ýerinden bökup turdy we
- bolýa enesi, siz arkaýyn lukmany tapyp geleweriň, özim nahar hem ederin çagalarymada serederin, Jemalada siz gelýancäňiz ajyja noýbalap aş bişirip bererin diýip gaýyn enesiniň,  öýden çaltrak giderin isledi.
Hiç zat aňmadyk gaýyn enesi lukman gözlemage gitdi.
 Ol howlydan çykan badyna, howlynyň kildini ildirip, ylgap baryp Jemalyň otagyna girdi we
- Jemaljan, gowymy ýagdaýyň, hany öziňe gel
- gelneje, men tekiz ýaramok, kellami ýerden galdyrasym gelenok,
- gowy bolar, gaýgy etme men ýanyňda
- gelneje, meniň el telefonym gören dalsiň
- ýok goremok
- şol telefonym şol ýerde galdy, sen...
1 лайков 283 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
S❤
23 окт 2022, 13:23
Nowca
Sizdenbiri.
23 окт 2022, 18:13
Ogulsenem Taññyýewanyñ "Şaýat bolmak añsat däl" eserinede meñzeýär.
S❤
23 окт 2022, 23:12
Ay yokla o basga bu basga