ÇAPAR
ÇAPAR
Liriki kyssa
Ahyrsoňy gelmeli ýerime geldim.
Belent dagyň gutaryp, baýyrlaryň başlanýan ýerinde, bir harsaň daşyň düýbünde oturan saryja gül. Güllere laýyk terlikden galpyldap durşuny görüp, munuň gözeldigini beýle nygtaplar goýberendigine indi magat göz ýetirdim. Hawa, ol: ‘’Gapdaldan öwsen şemala çalaja yrgyldap durşy hem göreni aňk edýändir’’ diýenini-de ýöne ýere aýtmandyr.
Ýöne bu gül hem ýeke oturanlygy üçinmi, üstesine-de bilbiliniň ýoklugy üçinmi, hakykatdan hem perişan eken. Synlap durşuňa: “Asly gyzyl bolup, gamgynlygy sebäpli saralan bolmagy hem ahmal” diýeniňem duýman galýaň.
Şular ýaly pikirleri kellämde aýlap durşuma, oňa aýdylmaly zatlary aýdyp başladym:
“Men seniň beýleki güllerden üýtgeşikdigiňe, has dogrusy, sarylygyňa gatyrganamok. Aslynda seniň şu görnüşiňe aşyk”.
Ol menden — nätanyş kimseden beýle sözlere garaşmadyk bolarly. Şo bada ýaňaklary gyzardy. Allaworradan öwsüp gelen adaja şemal bolsa: “Gördüňmi?” diýýän ýaly, onuň ýapraklaryny emaý bilen sypap geçdi.
“Sen indi her deňiňden geçeniň otlukly garaýşyna ynanyp, umyt edip oturma. Özüň hakdaky ozalky ýakymsyz pikirleriňi goý-da, görküň ýaly dünýäňi hem meň üçin aýap sakla!
Sen indi her bir ganat kakyp gelen bilbiliň aýdymyna diň salma. Her bir bilbiliň öz güli bolýandyr. Olar şoňa duşýança deňinden geçen her bir gülüne bakyp, saýraman durup bilmez. Düşünýäňmi?!
Gül gögerende gül bolup gögerýär. Beýle bolsa, bilýäňmi, oňa näme gerek bolmaýar?”
Ol bolsa heniz hem utanjyndan açylyp bilmän, begenip durşuna: “Ýok” — diýip jogap berdi.
“Oňa öz gözelligine ynam etmän aşa bezenmek hökman däl. Bezenseň, tebigy gözelligiňe zeper ýeter. Tebigat saňa, gör, nähili gözellik eçilipdir?” — Men biraz dymdym-da, tas ýadymdan çykan sözlerimi hem öňki aýdanlarymyň ütüne goşdum — “Tebigat seni gül edip ýaradypdyr ahyryn!”
Ol bu gezek has utandy öýdýän, birden: “Hiýh” — diýip, eşidiler-eşidilmez ses bilen pyşyrdady. Utanjyndan aşak bakyp durşuna, ýapraklary bilen ýüzüni hem örtdi. Onuň bu sesini bolsa arkadan öwsen garagol şemal dessine alyp gaçdy. Daga tarap äkitdi, soňam yzyna — baýyrlara tarap gaýtdy-da, bütin äleme buşdulyklajak ýaly, deňimizden geçip gitdi. Ho-ol alysda garalyp görünýän tokaýlyga siňip gitdi.
“Indi güller parç bolup açylan badyna tikenlerni dökýärmişler. Eýtseler, olara ýelem degsinip geçmezmi?! Hä?!”
Özüne ynamy bolan gülüň hereketem aýdyň bolýar. Owadanlygyna gözi gidip gysymlajak ele gezelip duran tikenlerine seretmedem.
“Sen: “Men çemenzarlykdan alysda bitdim. Men ýeke, meni görýänem ýok, söýýänem” diýip gama batma! Ine, men seniň ýanyňa ýeterin, bütin ömrümi saňa bagş ederin...”
Ine, şunda güljagaz çog gyzyl bolan ýüzüni ýokary galdyrdy.
— Bu zatlary maňa aýdar ýaly onda sen kim? — diýdi. Men günbatara gözümi dikip durşuma —Çapar — diýip jogap berdim-de, — Men gitdim — diýdim. Bu sözüme ol has-da alasarmyk boldy. Eýýäm gözýaşdan çygjaran gözlerini göni maňa dikmekden ätiýaç edýän ýaly gamgyn sesi bilen sorady:
— Çapar?
— Hawa, çapar.
— Düşnükliräk aýtsana! O nähili çapar?
— Çapar-da, birininiň ugradan çapary.
— Waý, o nähili “... biriniň ugradan çapary?”
— Hawa, ýüzi saňa sary bolan bilbiliň çapary.
Ol bu sözleri eşdip, birden aglap goýberdi. Özi aýtmasa-da, men onuň begenç gözýaşlarydygyny bada-bat bildim. Şol aglap durşuna-da ýene sorag berdi:
— O nähili “Ýüzi maňa sary bolan bilbil?..”
Onuň bu sowalyna welin jogap bermedim. Men eýýäm ýola düşüpdim. Çünki men howlukmaçdym. Hawa, gaty howlukmaçdym. Eýýäm Gün günbatara tarap eňňit edip barýa, meň bolsa heniz barmaly ýerlerim az däldi.
Wepa PIRNEPESOW

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.