Sen nirede (oýlanma).
Ne-hä öziň gelýäň , ne habarlaşýaň,
Ýitip gidiberýäň käteler şeýdip,,
Ýakynlaşma derek barha daşlaşýaň
Ýitip gidiberýäň käteler şeýdip.
Bag-bakjamyň güllerini s:araldyp,
Gaşyň çytyp, älem ýüzin ç:alardyp.
Ýüregiň gysdyryp, dünýäm d:araldyp,
Ýitip gidiberýäň käteler şeýdip..
Gündiz kuýaş, mahy-tabanym gije,
Gözleseň köňle nur, güýç goşýaň güýje,
Birdenem b:ar zady çykaryp puja,
Ýitip gidiberýäň käteler şeýdip.
Men öňler nirä barsam kitap, özüme gelişjek eşik, dil öwrener ýaly sözlük gözleýädim. Soňky wagtlar maňa bir zada bolýar. Men indi diňe seni gözleýän. Baýramçylyklarda, köpçüligiň üýşen ýerlerinde gözim töweregimde. Göýä, sen bir ýerden çykaýjak ýaly bolup dursuň. Geçen ýekşembe güni dostumyň
toýunda senden 'bir yşarat boldy ' diýsem ýalňyşmaryn. Sebäbi aňyrdan assa basyp gelşiňe eda bilen ýöreýişiň, töweregiňe salykatlylyk bilen bakyşyň, bulaň hemmesi edil meniň arzuwymdaky ýalydy. Dogumlyja ýöräp gelýäniň görüp, ine-gana synlap ugradym. Orta b:oý, ak ýüz, goňras saçlar seni juda ýaraşykly görkezýädi. Kamatyňda eger- eger artykmaç zat, kem zat görmedim.
Garşyňdan çykan joraňy görip ýylgyraňda dagy göýä, aý bulutdan çykan ýaly boldy.
Beýle mähir, beýle mylaýymlylyk bir adamda jemlenip bilermikä - diýip , o ýl a n y p d y r n.
Şeýle owadan gözeliň sesi hem ýakymly bolmalydyr. Indi sesiň eşidesim gelip ýüregim üzülip barýara. Ýa-da özim keseden salam beräýsemmikäm. Ýok-ýok bu gelşiksiz bolar. Maşgalany tanaman lak atmak abraýdan düşürer.
Näme-de bolsa birden dörän ýagdaý meni pikirlerimden halas etdi. Sen aňyrdan gelýän gartaşanrak zenana :
- Salam mugallym - diýmegiň meseläni dessine çözdi. Sesiň diýseň ýakymly ekeni. Onuň ýakymy meni şolbada özüne çekdi. Ýöne seniň bir gelşiksiz heteketiň welin, ýaňy ganatlandyryp ugran umytlarymy öçürdi oturberdi. Aňyrdan ýöräp gaýdan çagajyk seni ýakynlarynyň birine meňzetdi öýdýän.
Şadyýanja gülip, begenip, ylgap ýanyňa geldi welin, jigileriň biridigne şek-şübhäm galmady.
Gyzjagaz diýseň eýjejikdi. Gök parçadan tikilen toý köýnejigi bardy. Boýunjygyndan asylan merjen gaşly tumarça goşaryndaky monjuga kybapdaşdy. Aýagyndaky gökje köwüş , şol pisindiräk hem jorapjyk eşigine sazlaşyp durdy. Köýnejiginiň eginleri hem ussatlyk bilen üýtgeşijek çişirilipdir welin, edil jigimiň gurjagynyň eşigini ýadyňa salyp dur. Garaz oňa üns bermezlik mümkin däl.
Sen welin, özüňi gyzjagazy asla görmeýän ýaly alyp bardyň. Howwa, belkem görenem dälsiň. Ýöne başga bir gödek hereketiň welin, görenligiňi görmezlige salandygyňy subut etdi. Üstesine-de seniň bolşuň, aýdan sözleriň dessine meniň kararymy ýatyrdy.
Gyzjagaz ýüzüňe seredip durşuna özüni görmeýänsiň öýdendirdä. Entek çagada, ol seniň bolşuňdan many çykarara. Birden iki eljagazy bilen köýnegiňden çekdi-de, özüniň bardygyny bildirmek isledi. Şol pursat häzirlerem ýadyma düşse gaharymdan ýaňa süňňimi saklap bilmän sandyr-sandyr edýän.
Sen gymmat bahaly köýnegiň synyny gödeklik bilen özüňe çekip durşuňa şeýle bir hyyrsyz keşbe geldiň welin, ýaňky mähirden, gelşikden nam-nyşan galmady. Üstesine-de siltenjiräp :
- Waý, aýyraweriň muny. Kimiň. çagasyka bi?! Seretmejek bolsaňyz getirmeli däl ekeniňiz-dä - diýen sözleriň maňa ýumruk degen ýaly täsir etdi.
Eý-ho. Beýle owadan kaddy-kamat ne, beýle gödek sözler ne. Heý-de gabat gelýän zatmy bular
biri-birine. Herhal çagaň ejesi ýetişäýdi dadyna. Garaýagyzja gelniň :
- Bagyşlaň jigim. Gözümi duwlap gaýdyberipdir. Gaty görmäň. Ellerä arassadyr munuň - diýen sözleri gelniň edep gören maşgaladygyny görkezdi.
Oňa jogap gaýtarmadyň sen. Belki beýle sypaýcylygyň saňa ý:at bolmagam mümkin. Sebäbi şeýle sypaýçylykdan kiçijik bir ülş ýüregiňde ýerleşen bolsa, çaga bilen beýle gödek daraşmazdyň. Ýa-da medenýetlilik bilen:
-Aý, zyýany ýok. Çagadyrda - diýen ýaly sözleri aýdardyň. Sen bolsa ýanyňdaky joraňa birzat diýmek bilen çäklendiňde, köpçülige siňip gitdiň. Şeýdibem sen meniň arzuwlarymdanam ömürlik daşlaşdyň.
Belki ýekeje kemçilik üçin adam hakynda belli bir netijä gelmegem nädogrudyr.
Gündogar danalarynyň biri:
Ynsany tanajak bolsaňyz ejizler bilen gatnaşygyny synlaň - diýipdir.
Dünýäde mana düşmeýän çaga bilen t:apdan gaçan garry bilen ejiz kim bar?
Biziň maşgalamyz bolsa, olaryň iň köp jemlenen ýeri. Agamyňam, aýal doganymyň çagalary bize günde gör näçe şatlyk paýlaýarlar. Ejem bilen kakamyň eýýäm belli bir ýaşa ýetendigini nazara almanyňda-da, 90 ýaşap barýan garry enem bar. Olar bu dünýäniň eşretleriniň arasynda bir gymmatly zadyň maddy baýlykdan , puldan, altyndyr göwherden has gymmatlygyna göz ýetiren adamdyr.
Ol gymmatlygam mähir, söýgi, üns-aladadyr hem-em adamçylyk mertebesidir. Ine, meniň gözläp ýören magşugym bolsa, durmuşyň şular ýaly gymmatlyklaryna inçeden düşünýän bolmaly.
He-eý. Sen meniň hyýalymdaky, arzuwlarymdaky melegim. Sen nirede gizlenýäň?! Güniň dogýan ýerindemi ýa-da ýaşýan ýerinde?! Gülleriň gunçasyndamy ýa-da ter ýapraklarynyň säher çygynda?! Agşamyň al şapagyndamy ýa-da ertirleriň daňlarynda?! Nirede gizlenýänem bolsaň men seni hökman taparyn. Synaglardaky sowally testleň deňinden ynam bilen bellik goýşym ýaly tä ähli şertlerme laýyk gelýänçäň gözlegimi dowam etdirerin.
✍ Perman Berdiýew.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.