GYŞYŇ GÜNI...
Garly gyşyň aňzagyndan gabanyp,
Apalap gujagma salamda seni
Birsalym dem-düýtsüz doňup galypdym,
Eşitjek bolup seň ýüregiň sesini.
Bir göwrä öwrülip, bir göwne dönüp,
Bir ykbaly arzuw edip şo pursat,
Durmuşyň “Bagt” atly tämiz öýüne
Giripdik kürsäp...
* * *
A:ýalamda saklap durun çog bolup,
Gyşyň güni gardan akja ellerni.
(Gar agardan saçlaryna göýä bir,
Oňa meňzeş perişdeler perlerni
seçen ýaly)
A ol bolsa bozaryp,
Asmanyň nuruny döken ýerlerni
Göznüň nury bilen deşäýjek bolýar.
Eý-ho, bu göreçler kalba per be:rmi!
Ýazmasam gözlerniň nury barada,
Ýazmasam näziniň bary barada,
O gözler, o näzler tyga öwrülip,
Jigerimi dilim-dilim dilmezmi!
2014ý.
✏Sapa HOMMADOW
Apalap gujagma salamda seni
Birsalym dem-düýtsüz doňup galypdym,
Eşitjek bolup seň ýüregiň sesini.
Bir göwrä öwrülip, bir göwne dönüp,
Bir ykbaly arzuw edip şo pursat,
Durmuşyň “Bagt” atly tämiz öýüne
Giripdik kürsäp...
* * *
A:ýalamda saklap durun çog bolup,
Gyşyň güni gardan akja ellerni.
(Gar agardan saçlaryna göýä bir,
Oňa meňzeş perişdeler perlerni
seçen ýaly)
A ol bolsa bozaryp,
Asmanyň nuruny döken ýerlerni
Göznüň nury bilen deşäýjek bolýar.
Eý-ho, bu göreçler kalba per be:rmi!
Ýazmasam gözlerniň nury barada,
Ýazmasam näziniň bary barada,
O gözler, o näzler tyga öwrülip,
Jigerimi dilim-dilim dilmezmi!
2014ý.
✏Sapa HOMMADOW
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.