Iň soňky minutda / Laçyn Pürjeden Täze ýyl gutlagy
Toýlaryň mynasyp gutlagy bolsa,
Myhmanlarnyň gözel-gözel arzuwy.
Bagşylarnyň ýeke matlaby bolsa,
Gaçyrmasa, şol toýlaryň arzyny.
Gyzlarňyzyň güller bitse ellerne,
Ogullaryň dabanyndan ot çyksa,
Isleg bitse, çagajyklaň dillerne,
Her sözuňe her tarapdan «ho-o-op» çyksa...
Adam sähel-mähel urga kaýyldyr.
Goý, belent başyňyz egilmesin hiç.
Sekuntsaýyn egsilse-de aý-ýyllar,
Etsem-petsemlerňiz egsilmesin hiç.
Biz birleşip, döredeliň, guralyň,
Köpügören bu topragmyz güllesin!
Görsek, diňe kinolarda göreliň,
Dönükligi, pälazanyň güllesin.
Dil — kesgir, ýöne ol gylyç däl gynsyz,
Siz dosta, dost size gyljyn syrmasyn.
Synsa, suw ýolunda suwküýze synsyn,
Suw getirenleriň göwni synmasyn!
Gündizlerňiz şowhunly saz mysaly,
Hüwdi ýaly rahat bolsun gijeler!
Jiglese-de, süýjäp-süýjäp, gijigen,
«Söýýän» diyen söze jiglesin jiger.
Adam aşygydyr owadan dünýäň,
Çyndan gülüp, dünýä ýene gelmek bor.
Hergiz gülkiňizde galplyk bolmasyn,
Gülki ýalan bolsa, şonda erbet bor.
Bägülden bägülüň ysy gelmese,
Gülkiň güldürmese, töwerek-daşyň,
Şol bägülden düýrügeniň geňleme,
Şol gülküden eýmenewer, gardaşym!
Behiştden nygmat bil, Alladan ilçi,
Goňşulaň tabagyn — ynsap talabyn.
Sagatsaýyn süýjäp barýan durmuşyň,
Adamlar bir gaçyrmasyn tagamyn.
Ynsaplysy bolsun gelen gelniňiz.
Ynsaplysy bolsun täze başlygňyz.
Öýlerňize ýoda salan ýat bilen,
Jebisleşsin hasam garyndaşlygňyz.
Il diýeniň aýna ýaly asmandyr.
Asmana tüýkürseň, ýüzüňe düşer.
Adamlar adama juda gerekdir,
Adamlara adam gerekdir juda.
Goý, durmuşyň duzy bolsun köne ýyl.
Täze ýylňyz bitin bolsun çörek deý!
Köne ýylym, sen durmuşyň tagamy,
Seň bilen lezzetli durmuş, Köne ýyl!
Bir minutdan Täze ýylmyz başlanar,
Bir minutdan ýene bir ýyl a:hy:rla:r.
Şol minutda arzuw etse, arzuwy,
Dileg etse, hasyl bormuş dilegi,
Owal-ahyr garramayan şahyrlaň.
Şahyr bolmasagam, arzuw edeliň,
Bagşy bolmasagam, aýdalyň aýdym.
Ýürekden ýylgyryş sowgat edeliň,
Siz birek-birege gutlaglar aýdyň.
«Watan» sözi ýaly dik bolsun başlar!
«Türkmen» sözi ýaly haýbatly boluň!
«Eje» sözi ýaly mähribanlaşyň!
«Çaga» sözi ýaly siz datly boluň!
Bu ýyllarmyz ömrümizden gädilmez,
Döwrüm — ajap, goý, döwrümiz bat alsyn!
Täze ýylda salamlaşyň ädimden,
Dünýä siziňkidir, eziz adamlar!
Lacyn Pürjäýewa
18.12.2007ý.
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.