Şunam bir okap görüñ :)
GANHOR ZENAN
Wagtyñ ganyna galmak üçin ýaşamak zenanlaryñ zandynda barmyka, belli däl, ýöne bu babatda ussatdyklaryna ikirjiñlenmeýärin.
Diñe söwda edenlerinde däl hemme ýerde şeýle şol. Zenanyñ " taýýarlanmak" diýip, lezzet alýan pursaty bar meselem, ýaltananogam walla. Şu güne çenli sen haýsy erkekden:
- Taýýarlanyp barýan -
diýen sözi eşitdiñ?
Erkek " Barýan" diýer hemem barar. Zenan beýtmez, taýýarlanar. Bu hereketi ynsany dälireder. Erkek muña düşünip bilmez, zenanam düşünip bilmez.
- Näme boldy beýle? Indi taýýarlanyp boldum! Zenan däldigiñ üçin düşünip bilmersiñ Kerem!... Lal bol, Kerem!... -
diýýänligem hakykatdyr. Eýsem-de bolsa erkek bu ýagdaýy birinji gezek görmeli däldir, ejesem şeýledi, gyz doganam. Ol şol wagtlaram düşünenokdy, häzirem düşünenok oña, muña ýa-da bulara.
Men bu setirleri ýazmagy ýüregime düwenimde mesele boýunça zenanlar bilen gepleşdim. Jogap çürt-kesikdi.
- Taýýarlanýas-da.
Men bu temany şol durşuna goýjak däldim. Giñişleýin soramsoñ düşündim: "Ony geýsemmikäm, muny geýsemmikäm, şuny dakynsammykam, ony sepinsemmikäm..." diýip, pikirlenýän möhletleri eken bu zenanlaryñ. Dogrusy, juda nädogram däl olañky. Sagatlarça pikirlenip alan etegini geýmek üçinem wagt ýitirmegi geñ görülmeli däl akmak zenanyñ.
INÇE DETAL: Zenanlar ömürleriniñ anyk bir ýylyny näme geýjekdiklerini pikirlenip geçirýärler. Üstesine-de bu bir ýylyñ her güni 24 sagat hökmünde hasaplanyldy.
HAS ÇUÑ: Bu möhlete söwda edýän wagtlary we dükanlardaky pikirlenme möhletleri degişli däldir.
ZENANA "SAÑA DURMUŞYÑ FORMULASYNY AÝTJAK DIÝ" , " WAÝ, ŞU WAGT TAÝÝARLANÝAN-DA, SOÑ AÝTSAÑ BOLMAZMY?" DIÝER.
Erdal DEMIRKYRAN
"Ähli zenanlar akmak, senden galany" kitabyndan.
Düşündiriş:
Etek - bedeniñ bilden aşagyna geýilen, aýaklary aýry bolmadyk, adatça zenanlaryñ geýýän geýimine berilen at.

7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.