Geň bolup barýar...

Görülmedi öňler beýle ahwalat,
Geçdigiçe günler geň bolup barýar
Barlyňky bolup dur, şol öňki halat,
Misgin haly barha teň bolup barýar

Bir agza birikmez hemme başlaram
Ýat bolup bilenok hemme daşlaram
Düýnki önüp-ösen emmedeşlerem
Bugün bir-birine jeň bolup barýar

Ählisi şowuna, işleri oňan
Keýpleri asmanda, kelleler doňan
Etjek işin edip, bolansoňlaram,
Bir bendäň bagtyna meň bolup barýar

Geljegim diýe guwanyp ýöräni
Belli bolman galdy, nirden döräni
Sylaman ösdüren ata-enäni
Indi "jüýje-horaz" deň bolup barýar

Ynsanýetiň beýik serhetin bozup
Baýamak islegi, möwç urýa, ozup
"Sagbolsun" gezip ýör gabryny gazyp
Imansyz wyždanlar leň bolup barýar

Şükür, aýdym-saza bolçulyk geldi
Daş alyp zyňaýsaň aýdymça degdi
Herkim bir notany üýtgedip indi,
"Awtorlyk" aýdymlar heň bolup barýar

Gowluga gidenok hemmeleň başy
Erbetlik gurşaýar töwerek-daşy
Özün görkezip bir kelleliň boşy,
Bolgusyz zat etse, ýoň bolup barýar

Her näme bolsa-da gowluga ýanaň
Şer işi ýok edip, haýyry sanaň!
Entek wagty däldi Ahyrzamanaň
Bolmaly wagtyndan öň bolup barýar


Ylham GURBANALYÝEW (2021)
6 лайков 89 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Jeksparro
19 янв 2023, 22:25
Galamyň ujy ýiti bolsun, goşgyňda hakyky zatlary duýmak bolýar...
ffgggggffddd
20 янв 2023, 19:38
gowy gosgylar yenede paylasyp durun
Venus
Автор 20 янв 2023, 19:44
Gonurly,
Nesip bolsa, okamak sizden bolsun. Ýazmagam bizden)
ffgggggffddd
20 янв 2023, 19:51
Awtor sizin ozinizmi
Venus
Автор 21 янв 2023, 01:11
Gonurly,
Salam. Hawa)