Gynanç

Gamgyn gözleň bilen bakmagyn maňa,
Ýüregiňem gyýylmasyn hiç sapar
Sen bagtyňa basymrajyk gowuşsaň,
Meň bagtymam senden ir däl, giç tapar

Meňzeşiňi tapjagymam gümanly,
Arzysydyň ähli dörän gülleriň
Alanyňy duýmandyryn gideňde -
Şatlygyny, şowhunyny günleriň

Gözlemedim özgelerden sapany,
Wepany-da tapmadygma gynanman.
Begenipler toý tutjagmam belli däl,
Höwürdeşim, ýalňyzlykdan dynanma

Toprak üçin mydam gowsy bolýar-a,
Ýagýan ýagyş siňňitli hem giç diňse
Emma sen, asla gözýaşyň dökmegin,
Diňe sen däl, gyýylmasyn hiç kimse!


Ylham GURBANALYÝEW (2022.09)
3 лайков 68 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.