Sana

Ýaşap bir dem ýyldyrymly didede
Ne- hä yşkdan,
ne hesretden gandyk biz.
«Söýýänem» diýipdik birek -birege,
Ýöne köne dostlar bolup galdyk biz.

Dözmezim sen,
gözleriňden syrykdym.
Dözmezim sen—saňa gurban bolaýyn.
Goýnuma dä l,
sen düýşüme giripsiň,
Söýgüden ezizim, dostdan golaýym!

Seniň penje -penje çasly gülküleň
Gül kimin galypdyr garyň astynda.
Neýlär söýmän aýralyga duş gelen?!
Söýgi diýmek aýrylykmy aslynda?!

Sen günleriň hesret bilen ötürdiň,
Göwnümi göterdiň duş gelen wagtyň.
Sen gaýdyp gelmejek yşkym ýitirdiň,
Men ýitirdim tapyp bilmedik bagtyň.

Duýýan indi seň dünýäňde ýatdygym
Hem bagrymy gyýýar bagty keç dide.
Jahyllyga aýlanypdyr ýaşlygym,
Haremhanam aýlanypdyr meçjide...

Nobatguly Rejepow
0 лайков 85 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.