ÇYDAMLYLYK GOWY ZAT, ÝÖNE...
ÇYDAMLYLYK GOWY ZAT, ÝÖNE...
Bir maşgalanyň ýaşy ýeten, görmegeý ulugyzy bar eken. Görki
Güne, jemaly Aýa bäs edýän bu gyza şol töwerekden iki sany ýaş ýi-
git hyrydar gözi bilen bakypdyr. Olaryň her biri bu Aýyň öz töründen
dogaryny isläpdir. Olar görk-görmegi, edebi-ahlagy bilen özüne çeki-
ji gyz üçin ellerinde baryny bermäge, gollarynda baryny görkezmäge
taýyn ekenler. Ahyry gyzyň ejesi oglanlaryň öňünde bir şert goýupdyr.
Kim şoňa hötde gelse, synagdan geçip, ynamyny ödese, gyzyny şoňa
berjekdigini duýdurypdyr. Gyzyň ejesi: «Men gyzymy tüssä boglup
oturyp biljek oglana durmuşa çykarjak. Haýsyňyz beýlekiňizden uzak
otursaňyz, şol hem ýeňiji bolar we gyzymy alar» diýipdir. Oglanlaryňikisi hem bu şerte razy bolupdyr. Belleşilen gün arzyly gyzyň öýlerine
barypdyrlar. Gyzyň ejesi töweregiň oglan-uşagyna şol golaýda bar bo-
lan çöp-çör, hapa odun, tezek baryny üýşürden ekeni. Şerte laýyklykda
toplanan zibilleri otlapdyrlar. Goýy tüsse burugsap, ýokary galypdyr.
Oglanlaryň birinjisi tüsse çykar ýerde oturypdyr. Ajy tüssäni demine
sormazlyk üçin kellesini saga-çepe sowup, biraz salym saklanandan
soň, çydam etmändir we ol ýerden böküp düşüpdir. Gyzyň ejesine
garap: «Men-ä muňa çydamok, bermeseňiz, gyzyňyz hökmanam däl,
şeýdip gazanmaly bolsa geregem däl diýip, gaharyna öýkeläp, çykyp
gidipdir. Ikinji oglan onuň ýerine tüsseçykar ýere geçipdir we hernäçe
demikdiriji, neneňsi ajy bolsa-da, çydam edip oturypdyr. Goýy-ga-
ra tüsseden ýaňa gözünden boýur-boýur ýaş, burnundan suw akyp
başlapdyr. Gözleri köz ýaly gyzarypdyr, emma gyza bolan yhlasynyň
hatyrasyna bu şerte çydam edip oturypdyr. Gyzyň ejesi: «Boldy,
boldy... şu-da ýeterlik» diýip, bu söwdany bes edipdir. Şeýdip, ikinji
oglan synagdan üstünlikli geçipdir. Gözünden ýaňagyna syrygýan
ýaşlary süpürip, gözel gyzyň hyýalynda öýüne dolanypdyr. Ertesi
gün gyzyň ejesi öz tarapyndan bir wekil iberip, oglanlaryň ikisiniň
hem gelmegini sorapdyr. Ilki bilen synagdan geçen oglana bakyp:
«Gyzymdan tama edip oturmaň. Ol siziň nesibäňiz däl. Arkaýyn
öýüňize gaýdyň. Çydamlylyk gowy zat, ýöne hapysa, ýaramaz zatlara
çydam edip oturýan adam törüni arassa saklamagyň ähmiýetine-de,
manysyna-da düşünmez» diýipdir. Soňra birinji oglana bakyp: «Sen
hapysa, har-hapa zatlara çydam edip bilmediň. Arassalygy ähli zatdan
ýokary tutduň. Şeýdibem ynamymy ödediň. Şonuň üçin gyzymy saňa
durmuşa çykarmaklygy ýüregime düwdüm. Arassaçylygy eý görýän
maşgalada gyzym hem harlanmaz» diýipdir.
Biz özümiziň käbir hereketlerimizi sabyrlylyk, çydamlylyk
hasap edýäris. Nämä sabyr edýänligimize welin, akyl ýetirjek hem
bolmaýarys. Belki-de, biz özümizdäki ýaramaz endiklere çydam edip
oturan bolsak näme?! Eger şeýle bolsa, onda Gün görkli, Aý jemally
üstünlikden binesip galjakdygyňyzy ýadyňyzdan çykarmaň!

5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.