"Öz söýenmiz üçin hemmämiz jomart..."

"Öz söýenmiz üçin hemmämiz jomart..."

Öz söýenmiz üçin hemmämiz jomart!
Biz bu dünýä eýe kimin garýarys.
Iň gymmat,
Iň zerur,
Gözel zatlary
Alýarys-da, ýara sowgat berýäris.

Bütin Ýeri sowgat berýäs gyzlara,
Onuň minaradyr şäherlerini,
Onuň al şerap deý iňriklerini,
Dumanly-dumanly säherlerini.

Soňra ýyldyzlary,
Deňiz-derýany,
Soň kellämiz gyzyp gidiberse has,
Aýy iki ýaryp zergär mysaly
Ondan ýara gulakhalka ýasaýas.

Emma bize ýeň berenok eneler:
«Biz-ä asyl boş sözlere düşemzok.
Asmanyň ýyldyzyn kakanyň bilen
Olar ýere teňňe bolup düşenok.

Aý diýýärler,
Deňiz-derýa diýýärler,
Tapanlarny jomartlarça seçýärler,
Emma ujypsyzja galyň tölemän
Gyzymyz şagal deý alyp gaçýarlar...»

Gurbannazar Ezizow
5 лайков 94 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Onur
02 фев 2023, 08:51
gowy goshgy eken haladym
Edepli Gödek
Автор 02 фев 2023, 09:04
Onur Seyit Yaran,
Halamadym diýeñde mowzugy pozjakdym erkekçe
Pegas
02 фев 2023, 10:03
Gurbannazaryň döredijiliginde:
Biz bu dünýä eýe kimin garýarys.

ýaly elementar bogun iýmeler kän duşýar. Bu-da, belki, pikiriň dogry-dürs berilmeginiň hatyrasynadyr.