Ýatlama

Ähli zadyň ilkinjisi köplenç ýatdan çykmajak ýakymly ýa-da ýakymsyz ýatlama bolup ýüregmiziň bir ýerine müdümilik möhürlenýär. Ilkinji goşgymy 5-nji synp okuwçysykam ýazypdym:
Gar
Ertir turdum,
Garap gördüm,
Hemme ýer gar,
Üstesine
Garam ýagýar.
2 küpletdi, dowamy gynansamda ýadyma düşenok. Türkmen dili sapagynda mugallyma görkezipdim. Kapiýa ýok, manysyz, goşgy ýazyp bilmeýäň diýipdi...
Çaga wagtym ejem-kakamyň aýtmagyna görä, gaty öýkelek bolupdyryn. Mugallymymdanam klasdaşlarmyň içinde maňa şeý diýmesini kemsitmek hasaplap öýkeläpdirin öýdýän. Şondan soň şu günlere çenli gaýdyp goşgy ýazmadym. Belkem men ýalňyşandyryn. Tankydy dogry kabul edip bilmedigim ýalňyşmy ýa-da mugallymyň maňa diýen zatlary ýalňyşmy anyk bilemok. Emma kim näme diýse-de ýazmaly ekenim, ýazmazlygym ýalňyş eken.
#şahsygündeligimden
14 лайков 315 просмотров
20комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pegas
14 фев 2023, 14:58
Atamyrat Ýazweliýew bilen garyndaşlygyňyz barmy?
Aýgül Ýazweliýewa
Автор 14 фев 2023, 15:25
Pegas,
2 doganyň çagalary.
Pegas
14 фев 2023, 16:37
Aýgül Ýazweliýewa
Pegas,
2 doganyň çagalary.

Düşnükli. Ol-a ýazyp-pozýardy. Sizem başlaberiň, mugallymyň sözüni bahana etmän?
Hiayress26
14 фев 2023, 19:44
"Üstesine
Garam ýagýar"


Häzirki döwrüň köp goşgysyndana garanda ajaýyp. Garyň aklygy çaga ruhynyň tämizligi bilen utgaşyp gidýär. Azajyk gussa-da duýulýar.
Gerceknazar
14 фев 2023, 19:56
Hoş geldiňiz galamdaş ! Atamyrada-da menden salam aýdaýda soňky döwür gürrüňleşip bilemizok.
Gerceknazar
14 фев 2023, 20:00
Ilkinji ýazan goşgym


Men saňa bakýan

Sen maňa bakýaň

Bakmak bilenem

Ýüregmi ýakýaň


Şirin aýtsana

Meni söýýäňmi

Meniň söýgümi

Sen hem duýýaňmy


Ýa sen söýýäňmi

Ýa söýeňokmy ?

Meniň söýgümi

Sen duýaňakmy?


Gerçeknazar Amannazarow
Gerceknazar
14 фев 2023, 20:04
Bilýäňmi meni şahyr edenem sen .Eýsem sen bilýänem dälsiň men ilkinji goşgymy seniň söýgüňden ylhamlanyp ýazdym .

Men saňa bakýan

Sen maňa bakýaň

Bakmak bilenem

Ýüregmi ýakýaň

Göräýmäne ýönekeýji sanawaç ýaly sözlemler.Ýöne men bu sözlemleri hakydamda ýüregimde göterip ýörün.Bu sözlemler çaga kalbymyň joşgunly owazy,bu sözlemler ilkinji ylham perişdämiň pyşyrdylary

Şirin aýtsana

Meni söýýäňmi

Meniň söýgümi

Senem duýýaňmy

Heý adamy beýle söýmek bolarmy?.Beýlede söýgi bolarmy? Elbetde bu söýgümi Şirinaýymam göterip bilmedi.Ýöne men oňa söýgi sözlerimiň hemmesinem aýtmandym.Käbir goşgylarymy sms edip tel nomerna ygradypdym.Sen ol goşgylary okap aglapdyň .Näme üçin agladyň? Men aglar ýaly söz ýazmadym ahyry
Aýgül Ýazweliýewa
Автор 14 фев 2023, 21:35
Pegas
Aýgül Ýazweliýewa
Pegas,
2 doganyň çagalary.

Düşnükli. Ol-a ýazyp-pozýardy. Sizem başlaberiň, mugallymyň sözüni bahana etmän?

Bu ýöneje ýatlama :), blogyň başyny şundan başlaýyn diýdim
Aýgül Ýazweliýewa
Автор 14 фев 2023, 21:36
Hiayress26
"Üstesine
Garam ýagýar"


Häzirki döwrüň köp goşgysyndana garanda ajaýyp. Garyň aklygy çaga ruhynyň tämizligi bilen utgaşyp gidýär. Azajyk gussa-da duýulýar.

Şol wagtky mugallymym käşgä siz bolsadyňyz ?
Aýgül Ýazweliýewa
Автор 14 фев 2023, 21:37
Gerceknazar
Hoş geldiňiz galamdaş ! Atamyrada-da menden salam aýdaýda soňky döwür gürrüňleşip bilemizok.

Dogry ýaşlykda görenim soň özümem gabatlaşamok?
Aýgül Ýazweliýewa
Автор 14 фев 2023, 21:38
Aýgül Ýazweliýewa
Gerceknazar
Hoş geldiňiz galamdaş ! Atamyrada-da menden salam aýdaýda soňky döwür gürrüňleşip bilemizok.

Dogrysy* ýaşlykda görenim soň özümem gabatlaşamok?
Aýgül Ýazweliýewa
Автор 14 фев 2023, 21:38
Gerceknazar
Hoş geldiňiz galamdaş ! Atamyrada-da menden salam aýdaýda soňky döwür gürrüňleşip bilemizok.

Minnetdar hoş gördüm!
Aýgül Ýazweliýewa
Автор 14 фев 2023, 21:49
Gerceknazar
Ilkinji ýazan goşgym


Men saňa bakýan

Sen maňa bakýaň

Bakmak bilenem

Ýüregmi ýakýaň


Şirin aýtsana

Meni söýýäňmi

Meniň söýgümi

Sen hem duýýaňmy


Ýa sen söýýäňmi

Ýa söýeňokmy ?

Meniň söýgümi

Sen duýaňakmy?


Gerçeknazar Amannazarow

Gowja bolupdyr, okamak ýeňil. Näçe ýaşyňyzda ýazypdyňyz?!
Aýgül Ýazweliýewa
Автор 14 фев 2023, 21:51
Gerceknazar,
Göz öňümde janlandy??
Gerceknazar
15 фев 2023, 06:45
Aýgül Ýazweliýewa
Gerceknazar
Ilkinji ýazan goşgym


Men saňa bakýan

Sen maňa bakýaň

Bakmak bilenem

Ýüregmi ýakýaň


Şirin aýtsana

Meni söýýäňmi

Meniň söýgümi

Sen hem duýýaňmy


Ýa sen söýýäňmi

Ýa söýeňokmy ?

Meniň söýgümi

Sen duýaňakmy?


Gerçeknazar Amannazarow

Gowja bolupdyr, okamak ýeňil. Näçe ýaşyňyzda ýazypdyňyz?!

Anyk ýadyma düşenok 2-nji ýa 3-nji klasda okaýarkam ýazypdym.
Edepli Gödek
15 фев 2023, 06:54
Ýaz!
Edepli Gödek
15 фев 2023, 06:56
Gerceknazar,agam muny aýratynja mowzuk edip açaýmaly ekeniňä.
Maksat
15 фев 2023, 09:59
Salam, siz bäşinji synpdaky tankydyñ täsirinden häzirem çykyp bileñizok! Häzir ulalansyñyza!? Men şahyr ÿa ÿazyjy boljak diÿip bolup bolanok, giñ dünÿägaraÿyş, tebigy zehin gerek.
Aýgül Ýazweliýewa
Автор 15 фев 2023, 11:44
Bayker,
Älik salam, ýok çykdym öýdýän. Ýatlama bolup galan zady paýlaşypdym :)
Yusupahmet93
15 фев 2023, 11:46
Ayguluñ,, Gar" goshgusynyñ beyleki bentlerem eger shunuñ yaly bola bolsa onda ol gowy cykypdyr. Ligiki gahryman erte turup, cagalyk howesi bilen meydana cykyp toweregine syn eyleyar. Ak gar, akja tozgalar asmandan inip dur. Howa durlanyar, toprak tamizlenyar, gozyetim aklyk simwoyny beryar. Iñ esasy caga kalby josha gelip dur. Pikir dury. Kapyÿa yaman dal. Goshgysyna at dakyp, eyjejik caga kalbyny lerzana salany ucin Ayguluñ mugallymyna-godek mugallymyna soguneniñi bilman galyañ. Aygulden shygyryet jemendesinden cete cykmazlygy, taze goshgylar yazmagyny hayysh edyarin
Aýgül Ýazweliýewa
Автор 15 фев 2023, 11:48
Yusupahmet93,
Minnetdar :)
Aýgül Ýazweliýewa
Автор 17 фев 2023, 21:05
Gerceknazar,
Salamyňyzy aýtdym size-de aýtdy)
Gerceknazar
17 фев 2023, 22:01
Aýgül Ýazweliýewa
Gerceknazar,
Salamyňyzy aýtdym size-de aýtdy)

Waleýkimessalam iberen getiren sag bolsun