Aýallar türmesi

AÝALLAR TÜRMESI

Ýok, bu ýere gelmedim öz meýlime,
gelmedim men keýpine,
Ýazmagam islämok bular barada.
Aýallar türmesi,
wagşylyk bile
Parala sen,
Jiger-bagrym parala.
Bagtym parala.
Parala sen, tikenekli simleriň
Paralaýşy ýaly
näzik şemaly.
Synyşyn synlaýyn näzeninleriň
Hem synlaýyn erkekpisint jenany.

Aýagy jalbarly,
Egni güpbüli
Ene, sen eýlediň niçik jenaýat?
Aýallar türmesi - ykjam goralýar,
Siz arkaýyn ýatyberiň jemagat!
Daýza, günäň näme?
"Alyp - satarmyň?"
Bu käriňi "kitler" alga alanok.
Kooperator satýar howpsuz-hatarsyz,
Harby gämi,
wertolýot,
hem samolýot.
Maýda bolýaň, oturmasaň bolanok!
Aýallar türmesi - görer ýalymy,
Gursakda ahmyrdyr gazap dyňzaýar.
Olar -
Otuzynjy ýyllar aýal roluny
Oýnap gezen erkeklere meňzeýär.
Ýaş gelinler gijelerne düýş görýär,
(Düýşler üçin serhet ýok borly düýpden).
Olar söýüşýärler gijeler,
ýöne
Ýok, göwreli bolup bolmaýar düýşden.
Suw içip göwreli bolup bolmaýar,
Durmuş erteki däl,
Durmuş hyýal däl.
Aýallar türmesi bolsa-da ady,
Munda oturanlar asla aýal däl!
Aýagynda ädik,
erninde çilim,
Ýüzüni penjeläp gezýär howluda.
Ony duşuşyga çagyrýar - ölüm,
Aýdyň ahyr, nädip görnüp bilsin ol
Agşam duşuşyga geljek ogluna?!

Olar hesret çekýär,
Olar aglaýar,
Olar bilýär bu dünýäniň dardygyn.
Ynsanperwer diýar nämä aňmaýar
Ýüreginde şeýle türmäň bardygyn?!
Tussag edilmeýär günäsiz kişi,
Oturandyr, diýmek bardyr etmişi.
Bardyr oturanlaň günäsi,
ýöne
Enesinden aýry düşen çagalaň
Günäsi näme?!
Ýüz ýyl mundan ozal ynanarmydy
Şu şygrymy okap bersem türkmene!
Biz size erkinlik berdik ahyry,
Size azat söýgi berdik ahyry,
A siz bolsa otyrsyňyz türmede!

Ýok, bu ýere gelmedim men meýlime,
Gelmedim men keýpine.
Ýazmagam islämok bular barada
Aýallar türmesi,
wagşylyk bile
Parala sen,
Jiger-bagrym parala!

Nobatguly REJEBOW
6 лайков 508 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hiayress26
Автор 14 фев 2023, 21:26
Olar hesret çekýär,
Olar aglaýar,
Olar bilýär bu dünýäniň dardygyn.
Ynsanperwer diýar nämä aňmaýar
Ýüreginde şeýle türmäň bardygyn?!
Kerbaba
14 фев 2023, 22:21
Туркменистаны ак патыша оз мулкине зор бн гошандыгны тарыхдан билйансиниз.Сонам,большевиклер дедушка Ленинин башда дурмагында хакимети эле алдылар. Большевиклерин баш шыгарам аял- гызлара эркеклер бн денхукуклык бермекди. Элбетде олар созунде дурдулар,йоне ден жогапкарлик диен зады хем ятдан чыкармадылар. Шейдибем озалкы ак патышанын мулкинде,шол санда Туркменистандада аяллар турмеси пейда болды.
Hiayress26
Автор 14 фев 2023, 22:24
kwadrat kelle,
Deň hukuklylyk diýilen zat hiç ýerde-de ýok, iň bolman goşgyda-da aýdýar:

Kooperator satýar howpsuz-hatarsyz,
Harby gämi,
wertolýot,
hem samolýot.
Maýda bolýaň, oturmasaň bolanok!

Oň üçinem olar sözünde tapyldy diýip bilmeris 4 burç kelle aga.))
Kerbaba
14 фев 2023, 22:40
Hiayress26,
О дийилйан затлар СССР ин ахыркы йылларында болды..Вертолет.. боевой гами сатылшык. Эмма союзын мен диен вагты кабир хелейлерин элен иши бар..шейтанам придумить эдип билмезди..Бир кавказлы аял.. бир областда(бизде) госстрахын башлыгы болды. Коп вагт гечманка обастын дурли ерлеринде шо миллетин ойи урлуп башланды. интересно ерибуларын барынын ойи страховайть эдилен экен. Ойи урланлар госстахдан уммасыз пул алярлар..Сон ахыр усти ачылды. Ол хелей ози мафия доредип пул ишлап йорен болса натжек.. Гитди аягны саллап 12 йыл.Шулар ялы денхукуклы болан башгада кан горлендир.